13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onda şu ýylyň geçen üç aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeler kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi.

Ilki bilen, goranmak ministri B.Gündogdyýew 2020-nji ýylyň ilkinji üç aýynda durmuşa geçirilen işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, şol sanda goranyş häsiýetli Harby doktrinada kesgitlenilen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ministr çagyryş boýunça harby gullugy geçen harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyş möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigi barada-da hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň ähli kysymlarynyň işini has-da kämilleşdirmek, harby ulgamda iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmek, ýokary derejeli hünär ussatlaryny, jogapkär, päk ýürekli hünärmenleri taýýarlamak boýunça esasy wezipelere ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylaryň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine, maksatlaryna hem-de wezipelerine berk eýermelidiklerini belledi.

Hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralarda gulluk borjuny ýerine ýetirýän ýaşlary Watana bolan çäksiz söýgi ruhunda terbiýelemegiň ähmiýetini belläp, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri M.Çakyýew garamagyndaky düzümleriň işi hem-de ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, düzgün bozmalaryň öňüni almak, şol sanda ýurdumyzyň awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Ministr ýangyn howpsuzlyk gullugynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berip, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, IIM-niň işiniň esasy ugurlary barada aýdyp, içeri işler edaralarynyň düzgün-tertibi üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz IIM-niň edaralarynyň tehnikanyň täze görnüşleri bilen üpjün edilmegini geljek üçin işleriň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Milli Liderimiz hödürlenen teklipleri makullap, ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek ýangyna garşy gullugyň esasy borçlarynyň biridigini belledi. Şonuň bilen birlikde, Belent Serkerdebaşymyz ähli edaralaryň, kärhanalaryň, şeýle hem ilatyň arasynda ýangyn-tehniki düzgünleriň esasynda ýangyna garşy tälim okuwlaryny yzygiderli guramagyň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ýokary okuw mekdeplerinde işgärleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmegiň aýratyn möhümdigini belläp, bilim bermek usulyny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýola goýmagy tabşyrdy hem-de degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goralmagyny üpjün etmek hem-de harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça geçen üç aýyň dowamynda görlen çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda edaranyň bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, dolandyryş düzümini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şonuň bilen bir hatarda serhet goşunlaryny öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, harby hünärmenleri we serkerdeleri taýýarlamak işleri amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hoşniýetli goňşuçylygy, asuda we özara ynamly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty ýöretmek, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň çäklerini dostluk hem-de doganlyk serhetlerine öwürmek işinde harby gullukçylaryň ägirt uly hyzmatyny belläp, bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşy, şeýle hem şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda degişli düzümleriň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazylaryň öz işinde hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydygyna ünsi çekip, adyl kazyýetliligi amala aşyrmagyň hilini ýokarlandyrmagyň, raýatlaryň hem-de edara-kärhanalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini kazyýetde goramak işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň möhümdigini belledi.

Milli Liderimiz çykarylýan çözgütleriň kanunylygynyň berjaý edilmegine berk gözegçilik etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de şu ýylyň birinji çärýeginde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Degişli döwürde aýry-aýry düzümlerde geçirilen seljerme işleriniň jemleri hasabatyň esasyny düzdi.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, döwlet häkimiýet edaralary, ýerli ýerine ýetiriji we öz-özüni dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, wezipeli adamlar hem-de raýatlar tarapyndan hukuknamalaryň ýerine ýetirilmegine prokuror gözegçiligini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli barlaglar geçirilende, kanun bozulmalarynyň öňüni almak hem-de aradan aýyrmak, adamyň hukuklaryny hem-de ýurdumyzyň bähbitlerini goramak boýunça anyk çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik etmek babatda anyk tabşyryklar berildi.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz prokurorlary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de milli howpsuzlygy üpjün etmek, Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň sütünlerini ygtybarly goramak maksady bilen, 2020-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň konstitusion gurluşyny hem-de çäk bitewüligini, parahatçylygy we jemgyýetiň asudalygyny goramak, häzirki zamanyň dürli howplaryna hem-de wehimlerine garşy göreşmek işinde beýleki harby we hukuk goraýjy edaralary bilen ylalaşykly hereket etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleriniň döwrebap ylymlary we tehnologik işleri düýpli özleşdirmeginiň, hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagynyň, syýasy taýýarlygyny kämilleşdirmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra adalat ministri B.Muhamedow milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen işler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ministrligiň işgärleriniň kanunçylygyň dünýä tejribesini işjeň öwrenip, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, halkara hukugynyň kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamalydygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklary ýerine ýetirmek babatda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda geçirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň degişli kanunlarynyň düzgünlerini berjaý etmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu gullugyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, gümrük gözegçiligi amala aşyrylanda döwrebap usullary we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda oňyn tejribäni, umumylykda kabul edilen kadalary has-da işjeň ornaşdyrmagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow hasabat döwründe alnyp barylýan işleriň netijeleri, şol sanda edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, işgärler düzümini berkitmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklarynyň üstünlikli ösýän wagtynda gullugyň her bir işgäriniň döwlet özygtyýarlylygynyň esaslaryny pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etmekde mynasyp goşandynyň bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz işiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin döwrebap maglumat-tehniki serişdeleri peýdalanmagyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna anyk görkezmeler berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň esasy maksatlary bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmelerini durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, berkarar Watanymyzyň halkara bileleşigi tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesine ygrarlydygyny belledi. Şol hukuk ýagdaýyna laýyklykda, ylalaşdyryjylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty amala aşyrylýar. Milli howpsuzlygy üpjün etmek hem-de halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolup çykyş edýän goşunymyzyň goranyş ukyplylygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli meýilnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi serkerdeleriň ussatlygyna hem-de hukuk taýdan taýýarlyk derejesine, olaryň eserdeňligine, döwrebap tehniki serişdelere we tehnologiýalara erk etmek endiklerine bagly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi jemläp, ata Watanymyz Türkmenistanyň yzygiderli amala aşyrýan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň esasynda duran parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitjekdigini aýtdy.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, ýygnananlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de parahatçylygyň, ataWatanymyzyň durnuklylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. TDH

Degişli makalalar

Ahal Futzal Boýunça Türkmenistanyň Çempiony

Türkmenistanyň we Polşanyň Arasynda Konsullyk Meseleleri Boýunça Ikitaraplaýyn Geňeşmeleri Geçirildi

turkmenhabargullugy

XI Sport Ýaryşlarynyň Ýapylyş Dabarasy