Bu duşuşugy Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça ýurduň Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy guradylar.
Üç gün dowam eden maslahat Türkmenistan bilen Hazarýaka döwletleriň arasyndaky özara uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak, hususan-da Hazar deňzinde hem-de kenarýaka zolaklarda tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagyny duýdurmak hem-de olaryň netijelerini ýok etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça işleri dowam etmek maksady bilen geçirildi.
Şeýle duşuşygyň ilkinjisi şu ýylyň 15-17-nji aprelinde türkmen paýtagtynda geçirildi. Şonda ady agzalan Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga täze itergi berildi. Ol Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde (Azerbaýjan Respublikasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň üçünji Duşuşugynyň barşynda beýan eden başlangyjyna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Ozal habar berlişi ýaly, bu möhüm ugurda Hazarýaka ýurtlarynyň özara gatnaşyklarynyň netijeli ussulyny döredýän resminamanyň taslamasy gatnaşýan taraplaryň garamagyna berildi.
Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň bu duşuşygyň barşynda türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň milli Hazar hereketler meýilnamasynyň hem ähmiýeti bellenildi. Onda senagat desgalary tarapyndan daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almaga, Hazaryň biologiki köpdürlüligini saklamaga, onuň biologik serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmaga, artdyrmaga gönükdirilen esasy wezipeler we anyk çäreler kesgitlenildi.
Pikir alyşmagyň çäklerinde bilermenler Türkmenistanyň we Hazarýaka döwletleriň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamagy dowam etmegiň geljegi uly bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar Hazar deňzinde hem-de kenarýaka zolaklarda tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak hem-de olaryň netijelerini ýok etmek babatda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny düzgünleşdirýän Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça işleriň yzygiderli geçirilýändigine kanagatlanma bildirdiler.