Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Primož Şeligodan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde, ozaly bilen bolsa iri halkara guramalarynyň we abraýly düzümleriň çäklerinde işjeň döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen asylly işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
Hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Sloweniýanyň doly ygtyýarly wekili öz ýurdunyň ýolbaşçy düzüminiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe beýik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly gadam urýan tutuş türkmen halkyna aýdan mähirli sözlerini ýetirdi.
Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy myhmany Türkmenistanyň ýokary halkara abraýya we ählumumy hormata eýe bolmagyny şertlendiren içeri hem-de daşary syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda “Türkmenistan-ÝB” gatnaşyklarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän Merkezi Ýewropanyň ýurtlary bilen özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şeýle hem diplomata milli Liderimiziň başlangyjy bilen we paýhasly ýolbaşçylygy astynda türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän ägirt uly düýpli özgertmeler barada habar berildi.
Bellenilişi ýaly, Sloweniýanyň işewür toparlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýän “açyk gapylar” syýasatynyň bilelikde iş alyp barmak üçin zerur şertleri döredýändigine hem-de oňyn geljegi emele getirýändigine ýokary baha berýärler.
Duşuşygyň ahyrynda jenap Primož Şeligo ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we däp bolan hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy hem-de ösdürilmegi ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
* * *
Şeýle hem şu gün Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Şonda döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary, halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşyldy.