19.9 C
Aşkabat
25.11.2024
DURMUŞ

Hakyky milli äheňde ýaňlanan saz.

Ajaýyp türkmen kompozitory, Türlmenistanyň halk artisi, manylygy we ajaýyplygy bilen saz eserlerini dünýä bagyş eden Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasibetli Türkmen milli konserweatoriýasynda maslahar geçirildi. Maslahata TMK mugallymlary we talyplary, meşhur medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Msalahata kompozitoryň ýakynlary we dostlary, döwürdeşleri gatnaşyp çykyş etdiler we kalby ylhamdan doly kompozitoryň durmuş ýoly, döredijilik ylhamyndan doly yzy üzülmeýän, ruhy belentlikleriň çür başyna çykan zehini barada ýatlap geçdiler.

Çykyş edenleriň temalary kompozitoryň döredijiliginiň dürli döwürlerini – wokal eserlerini döretmekden başlap onuň 19 ýaşdan başlap döreden türkmen halkynyň arasynda uly meşhurlyga we uly söýgä mynasyp bolan fortepýano we simfoniki eserlerine çenli öz içine aldy.

Nury Halmämmedowyň döreden türkmen halk sazlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän simfoniki eserleriniň özboluşlylygyny Türkmenistanyň Halk artist, Türkmen döwlet simfoniki orkestriniň baş diržýory O.Berdiýew we Türkmenistanyň Halk artisti A.Agajykow öz ylmy çykyşlarynda açyp görkezdiler. Türkmenistanyň At gazanan žurnalisti A.Omarowa “Dutaryň dünýäsi” atly çykyşyny türkmen halkynyň beýik kompozitory Nury Halmämmedowa bagyşlanyp döredilen goşgylar bilen jemledi. Çykyş edenler Nury Halmämmedowyň türkmen kinematografiýasynyň nusgawy eserleri bolan “Magtymguly”, “Aýgytly ädim”, “Mukamyň syry”, “Şükür bagşy” kinifilmlerine ýazan sazlaryna aýratyn üns berdiler.

Maslahat tamamlanandan soňra meşhur türkmen artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde Nury Halmämämedowyň eserleri – türkmen şahyrlary Magtymgulynyň, Mollanepesiň we Keminäniň goşgularyna, G.Ezizowyň goşgularyna, fortepiano pýesalary, “Nar agajy” halk sazynyň temasyna wariasiýalar, skripka we fortepiano üçin sonatanyň birinji bölegi, “Türkmenistan” simfoniki kartinalary, Birinji simfoniýanyň birinji bölegi we beýleki eserler ýaňlandy. Nury Halmämmedowyň doglan gününe bagyşlanyp geçirilen konsert Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynda hem geçirildi.

Degişli makalalar

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti we Kuweýt Döwletiniň Emiri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza Aýynyň Gelmegi Bilen Gutlady

Täze Neşirde Kärhanalary we Guramalaryň Arhiw Resminamalarynyň Saklanyş Möhleti Kesgitlenilýär

Milli Manadymyzyň 22 Ýyllygyna

syrach