13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Paýtagtyň Gurluşyk Desgalaryndaky Işler Bilen Tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär.

Uzak möhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dürli maksatly desgalaryň gurluşygyny, şäheri hem-de onuň inženerçilik-tehniki we ýol-ulag düzümlerini abadanlaşdyrmak boýunça taslamalaryň amala aşyrylyşyny yzygiderli gözegçilikde saklaýar.

Şu gün döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň täze dolandyryş-işewür merkeziniň kemala gelýän günorta künjeginde bina edilýän täze gurluşyklary synlady. Olaryň hatarynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumy we Türkmenistanyň Maslahatlar merkezi, kaşaň myhmanhana, Hökümet münberiniň binasy bar.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi.

Häzirki wagtda desgalaryň gurluşygy bu ulgamda iň täze gazanylanlaryň esasynda döwrebap gurluşyk serişdelerini ulanmak arkaly ýokary depginler bilen amala aşyrylýar.

Bu ýerde toplumyň içiniň gurluşy, bezelişi we mebeller bilen enjamlaşdyrylyşy barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar görkezildi. «Buig» fransuz kompaniýasynyň wekili döwlet Baştutanymyzy, esasan, binanyň bezelişine degişli çyzgylar we taslamalar bilen tanyşdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumy häzirki zaman tehnologiýalary hem-de sanly ulgamlar bilen enjamlaşdyrmagyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde netijeli işlemek hem-de köpçülikleýin çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin şertleri döretmek baradaky meseleleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary hem-de gözellik häsiýetleri bilen gyzyklanyp, görkezilen taslamalar bilen giňişleýin tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz olar babatda birnäçe belliklerini aýdyp we degişli düzedişlerini girizip, gurluşyk işleri ýerine ýetirilende hil görkezijilerine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şäheriň bu böleginde täze desgalar gurlanda, ýerli tebigy aýratynlyklar göz öňünde tutulmalydyr hem-de häzirki zamanyň täze gurluşyklary biri-biri bilen sazlaşmalydyr. Binalaryň bezelişi şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly kybap gelmelidir hem-de milli bezeg aýratynlyklaryny beýan etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň bezelişine hem-de bu ýerde ulanylýan dürli serişdelere ünsi çekip, şu işleriň hiliniň ýokary derejesini we olaryň bildirilýän talaplara laýyk gelmegini üpjün etmegi tabşyryp, ulanylýan serişdeleriň berkligi hem-de uzak möhletleýinligi bilen tapawutlanmalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz şeýle hem bina edilýän toplumyň paýtagtymyzyň ajaýyp derejede özgerýän binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşyp, özünde ajaýyp milli öwüşgini jemlemelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binalar toplumyna tarap ugrady. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilen bezeg ulgamyna degişli taslamalaryň we çyzgylaryň her biri bilen giňişleýin tanşyp, potratça gurluşygyň iň ýokary ölçeglerini we hemme işleriň hilini, toplumyň desgalarynyň öz wagtynda ulanmaga berilmegini, olaryň reňk öwüşginleriniň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Maslahatlar merkeziniň iri göwrümli binasy 47 müň 464 inedördül metr meýdany tutýar. Onuň beýikligi 38,65 metre, ini 190 metre deňdir. Bina 93,7 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Toplumyň düzümine girýän üç desganyň ählisi umumy binagärlik çözgüdine eýe bolup, ýeke-täk toplumy kemala getirýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözden geçirmegini dowam edip, soňky ýyllarda Aşgabadyň sebit we dünýä derejeli iri maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülendigini, şoňa görä-de, bu ýerde gurulýan desgalaryň ýokary halkara ölçeglerine kybap gelmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda dürli derejeli çäreleri, halkara maslahatlary geçirmek üçin hemme şertler göz öňünde tutulmalydyr. Toplumyň bezelişine we enjamlaşdyrylyşyna onuň köpugurlylygyny nazara alyp, üns bermek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, desgalar gurlanda, binagärlik ulgamynda dünýäniň iň oňat tejribesiniň we gazananlarynyň, häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň ulanylmagy gözellik we ekologiýa nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedir.

Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalaryna girişilende, taýýarlamakdan başlap, durmuşa geçirmäge çenli olaryň amala aşyrylyşynyň hemme tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklamalydygyny, işleriň ýokary hilini, desgalaryň gerekli derejede enjamlaşdyrylyşyny hem-de olaryň bellenilen möhletinde ulanylmaga berilmegini, öňde goýlan wezipeleri çözmäge innowasion, toplumlaýyn we oýlanyşykly çemeleşilmegini üpjün etmelidigini nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň düzümine girýän Kabul ediş merkeziniň gurluşygynda ýerine ýetirilýän işler bilen hem tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde hem ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil aýratynlygyna hem-de milli bezeg öwüşginleriniň peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidigini belläp, bu babatda birnäçe tekliplerini aýtdy. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiz toplumyň çäklerindäki ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek boýunça tabşyryklary berdi.

Amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy, Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy ýaly, umuman, innowasion we öňdengörüjilikli çemeleşmeleriň esasynda goýlan wezipeleri çözmäge, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we işläp taýýarlamalaryň, iň oňat dünýä tejribesiniň peýdalanylmagyna gönükdirilendir. Bular barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz gurluşyklaryň gerimini nazara alyp, desgalaryň hiliniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine hem-de milli binagärligiň özboluşlylygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Täze binalar gurlanda, olaryň maksatlaýyn we oýlanyşykly ulanylyşyny, toplumlaýyn ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-kommunikasiýa düzümleriniň döredilmegini göz öňünde tutmak gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş saparyny dowam edip, Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda bina edilýän «Arkadag» diýen kaşaň myhmanhana bardy. Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna myhmanhana toplumynyň bezeg aýratynlyklaryny hem-de onuň yşyklandyrylyşynyň ýagdaýlaryny beýan edýän taslamalar we çyzgylar görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, myhmanhananyň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, onda häzirki zamanyň ösen tejribeleri bilen milli binagärlik ýörelgeleriniň sazlaşmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Munuň özi ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegi we pudaklaýyn ylmyň gazananlaryndan ugur alynmagy bilen birlikde, ýurdumyzda ähli binalaryň we desgalaryň gurluşygyna bildirilýän esasy talapdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. Desganyň ähmiýetini nazara alyp, ol enjamlaşdyrylyşyna hem-de bezeg işlerine çenli ähli görkezijiler babatda halkara ülňülere doly laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyz myhmanhananyň desgalarynyň, onuň otaglarynyň içki bezeg işlerine ünsi çekip, bu ýerde milli bezeg usullarynyň we beýleki özboluşly serişdeleriň ulanylmalydygyny aýtdy. Şunlukda, myhmanhana toplumynda üpjün edilýän şertler şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara bolşy ýaly, türkmen halkynyň gadymy myhmansöýerlik ýörelgelerine doly laýyk gelmelidir.

Täze myhmanhananyň özüniň binagärlik aýratynlygy bilen myhmanlarda oňyn täsir galdyrmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow desgada alnyp barylýan gurluşyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze Hökümet münberiniň ýerleşen ýerine tarap ugrady.

Hormatly Prezidentimiz umumy meýdany 20 müň 450 inedördül metrden ybarat bolan täze desgany gözden geçirip, bu ýerde giň gerimli dabaralaryň geçiriljekdigini belledi. Bu bolsa baýramçylyk çärelerini iň ýokary derejede guramak üçin hemme şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny şertlendirýär. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerden paýtagtymyza giň gözýetim açylýar.

Döwlet Baştutanymyz münberiň bezelişine hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda gurulýan täze desgalar Aşgabadyň depginli täzelenýän binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyp, onuň ajaýyp gözelligine öwrülmek bilen birlikde, Watanymyzyň gülläp ösýändiginiň we rowaçlanýandygynyň aýdyň nyşany bolmagyna gönükdirilendir.

Bularyň ählisi gurluşygyň hili, bezegi we gözelligi babatda bolşy ýaly, ekologiýa babatda hem döwrebap ölçeglere kybap gelmelidir. Şoňa görä-de, taslamalar işlenilip düzülende tebigy gurşawyň gözelligi babatda öňdebaryjy tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary ulanmak bilen, ýaşyl seýilgäh zolaklarynyň döredilmegini göz öňünde tutmak gerek.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşmagyny dowam edip, şäheri bagy-bossanlyga büremek hem-de onuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça taslamalara garap, olar babatda birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi.

Aşgabatda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, şoňa görä-de, ekologiýa meselesine aýratyn üns berilýän taslamalara uly ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda görülýän çäreler ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologiýa gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz gurulýan desgalaryň Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmäge gönükdirilendigini nygtady. Milli Liderimiz şäheri abadanlaşdyrmaga we onuň arassalygyny saklamaga degişli anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap, öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etmek bilen bu ýerden ugrady. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Premýer Ministrine Gynanç Bildirdi

syrach

«Söýgi Hakda…»: Resul Gylyjow we Türkmen Sahnasynyň Ýyldyzlary Täze Konsert Berdiler

turkmenhabargullugy

Çagalary Goramagyň Halkara Güni Mynasybetli Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Sergi Guraldy