17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen duşuşyk.

 Türkmenistanyň Mejlisinde Russiýa Fedarasiýasynyň Swerdlowsk oblastynyň senagat, innowasion syýasaty we maýa goýum boýunça kanunçylyk ýygnagynyň komitetiniň başlygy Albert Abzalow we Ural Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Aleksandr Makarow bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda kuwwatly köpasyrlyk dostluk binýadyna we iki ýurduň halklarynyň özara peýdaly gatnaşyklaryna daýanýan hem-de sazlaşykly ösýän türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň jähedinde Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen göni aragatnaşygy ýola goýmagyň geljegi hakynda pikir alyşmalar boldy.

Russiýaly hyzmatdaşlaryň Aşgabatda geçirilýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2013” halkara sergisine işjeň gatnaşmagy özara peýdaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine ägirt uly gyzyklanma bildirilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Sergide Russiýanyň iri nebitgaz we hyzmat ediş kompaniýalarynyň, şeýle hem aýry-aýry oblastlarynyň bölemleri ýaýbaňlandyryldy.

Russiýanyň birnäçe sebitleriniň, iri senagat we medeni merkezleriniň özara peýdaly hyzmatdaşlygy yzygiderli artdyrmaga hemmetaraplaýyn taýýardygyny bellemek bilen, myhmanlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasaty we milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine, öňdebaryjy innowasion çözütleri we dünýäniň iň gowy tejribelerini ulanmak arkaly täze düşewüntli pudaklaryň we döwrebap önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berýändigingi nygtadylar.

Degişli makalalar

Türkmenistan-Malaýziýa: Nebitgaz Pudagynda Hyzmatdaşlyk

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri