12-nji dekabr Türkmenistan üçin hakykatda eýýam ähmiýetli wakany tassyklady – hut şol gün 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji sessiýasynda dünýäniň 185 döwletiniň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” taryhy Rezolýusiýa kabul edildi. Bu dereje häzirki döwürde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwletiň ösüşli içeri we daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.
Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär, hususan-da, güýç ulanmakdan hem-de harby toparlara we birleşiklere gatnaşmakdan ýüz öwürmek, umumy adamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, sebit we dünýä möçberinde dostluk, parahatçylyk we özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek borçlaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Şeýlelikde, hemişelik Bitarap döwletiň hukuk derejesi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň bähbitlerine gabat gelýän parahatçylyksöýüji daşary syýasat ýörelgelerini yzygiderli durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri berýär.
Bu ugra eýermek bilen Türkmenistan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam edip, döwrüň möhüm meselelrini çözmäge örän işjeň gatnaşýar. Bu babatda täsir etmegiň syýasy-diplomatik we ykdysady çäreleriniň ähli guralyny peýdalanyp, ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy berkitmekde möhüm orny eýeledi we bu işini dowam edýär, wajyp hem-de iri möçberli döwletara taslamalarynyň ençemesiniň başlangyjy bilen çykyş edip, sebitiň ykdysady taýdan durnukly ösmegine hakykat-da öz mynasyp goşandyny goşýar.
Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň iri sebitleýin düzüminiň – BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ştab kwartirasynyň açylmagy Türkmenistana bildirilýän ýokary ynamyň görkezijisi boldy. Munuň özi sebitiň parahat, durnukly ösüşiniň bähbidine gyzyklanma bildirilýän netijeli gepleşikler üçin açyk meýdança öwrüldi.
Döwletiň esasy baýramçylyklarynyň biriniň hormatyna ählihalk dabaralary ýurtda her ýylda barha uly gerim bilen geçirilýär. Däp boýunça şanly senä bagyşlanyp, halkara we milli derejelerdäki maslahatlar, sergiler, baýramçylyk konsertleri, sport ýaryşlary we beýleki medeni – köpçülikleýin çäreler geçirilýär.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurduň ylmy edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Bilim ministrligi tarapyndan guralýan ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi hem oňat däbe öwrüldi.
12-nji dekabrda, hut baýramçylyk gününde ir säher bilen däp boýunça Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy bolar.
Gündizine bolsa aşgabatlylara we paýtagtyň myhmanlaryna sportuň gyşky oýunlary toplumynda baýramçylyk konsertini berjek meşhur daşary ýurtly medeniýet we sungat ussatlary bilen ýatdan çykmajak duşuşyklar garaşýar.
Türkmenistanyň milli baýramçylygy – Bitaraplyk güni mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary, şol gün agşam paýtagtdaky “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde-de, şeýle hem ýurduň ähli welaýatlarynda geçiriler.