Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda metbugat maslahaty geçirildi. Onda Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyş deputatlarynyň saýlawlarynyň deslapky netijeleri beýan edildi.
Oňa daşary ýurtlaryň iri habar beriş agentlikleriniň, elektron, metbugat we beýleki habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzda işleýän habarçylary, halkara guramalaryndan synçylar, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we žurnalistleri gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna halkymyzyň wekilleriniň saýlawlarynyň deslapky netijelerini beýan etmezden öňürti bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresini taýýarlamak we guramaçylykly geçirmek boýunça amala aşyrylan işler, şeýle hem saýlaw işiniň tapgyrlary we saýlawlaryň geçişi barada gysgaça maglumat aýdyldy.
Milli parlamente deputatlaryň saýlawlarynyň deslapky netijelerine degip geçmek bilen, daşary ýurtlardaky saýlaw toparlaryndan gelip gowuşmagy dowam edýän käbir maglumatlary hasaba almazdan, ses bermäge saýlawçylaryň sanawyna girizilen raýatlaryň 91,30 göterimi gatnaşdy diýip bellenildi. Munuň özi ilatyň ýokary raýat işjeňligine, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň çäklerinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemme ugurlarynda ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanda bolup geçýän demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşmaga aň-düşünjeli ymtylyşyna şaýatlyk edýär.
Deslapky netijelere görä, 16-njy dekabrda sagat 10.00-a çenli saýlaw uçastoklarynyň 2446-syndan 1542-siniň saýlaw býulletenleri we teswirnamalary işlenildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanyndaky käbir saýlaw uçastoklarynyň maglumatlaryny, anyk aýdylanda, ýurtlaryň dürli wagt guşaklyklarynda ýerleşmegi bilen baglylykda, gijräk gelip gowuşýan teswirnamalary hasaba almak arkaly saýlawçylaryň seslerini gutarnykly sanamak alnyp barylýar. Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda jemlener we aýan ediler.
Sesleri sanamak amala aşyrylan saýlaw uçastoklarynyň we okruglarynyň birnäçesinde eýýäm netijeler aýan edildi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen halky milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine bedew bady bilen öňe barýan türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmek ýolunda möhüm ädim ädip, bozulmaz agzybirligini we jebisligini mälim etdi.
Metbugat maslahatynda bellenilişi ýaly, Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Munuň şeýle bolmagyna degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, partiýalaryň we birleşikleriň, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň, synçylar topary bolup durýan daşary ýurtly myhmanlaryň, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň saýlawyň öň ýanyndaky işleriň hemme tapgyrlaryny we gönüden-göni saýlawlaryň barşyny jikme-jik beýan edip, saýlawlary geçirmek boýunça köptaraplaýyn işlerine işjeň gatnaşandygy hem ýardam etdi.