Türkmenbaşyda her biri 320 orunlyk iki sany 3 gatly çagalar bagynyň we 160 orunlyk bir sany çagalar bagynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Häzirki zaman mekdep ýaşyna çenli çaglar edaralary gojaman Bahry Hazaryň kenarynda şäheriň 69-njy we 73-nji kwartallarynda gurulýar. Bu desgalaryň gurluşyk işlerini Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy esasynda Türkmennebitgaz Döwlet konserniniň Türkmengündogarnebitgurluşyk, Daşoguznebitgazgurluşyk edaralarynyň gurluşyk-gurnama müdirlikleri we beýleki önümçilik birleşikleri alyp barýarlar.
Gurluşygyň alnyp barylýan ýerlerinde tekizleme, ýer we beton işleri alnyp barylýar, armirlenen binýatlarynyň we direg sütünleriniň düýbüni tutmak üçin gurulýan galyplaryň hatary barha artýar. Rekreasion zolaklary üpjün etmek we abadanlaşdyrmak gurluşlarynyň desgalarynyň gurluşygyna taýýarlyk işleri görülýär. Uly göwrümli suw gaplary, bug gazanlary, suw sorujylar, transformator beketleri, saýalay telärler, çagalar oýun we sport meýdançalary üçin ýerler bölünýär.
TNGIZT mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň döredilmegi, durmuş gurluşynyň beýleki desgalary ýaly, kärhananyň işgärlerine aňrybaş oňaýylyklary döretmek üçin gönükdirilendir. Adamlara bolan şeýle gatnaşyklar olaryň saglyklaryna we ýagdaýlaryna oňaýly täsir edýär, zähmetiň hilini we öndürijiligini ýokarlandyrýar.
TNGIZT müdirligi we kärdeşler arkalaşugy işiň bu ugruna uly üns berýärler. Häzirki wagtda Türkmenbaşy şäheriniň çäklerinde bu kärhananyň ygtyýarynda bakja bag toparlaryny we dört sany çagalar bagyny goşmak bilen, dürli ýaşdaky çagalar üçin kombinatlaryň üçüsi işleýär. Olaryň biri – häzirki zaman 160 orunlyk 4-nji çagalar bagy iki ýyl mundan ozal ulanylmaga berlendir. Onda çagalaryň dynç almaklary we ösmekleri üçin ähli şertler döredilendir, gowy hilli üpjün edilen oýun we sport zallary, ýüzülýän basseýnler, ähli amatlyklary bolan ýatylýan otaglar, oňaýly naharhana, kompýuter otaglary, saz, surat çekmek, tans, modelirowaniýe bilen meşgullanmaga jaýlar bardyr. Häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan TNGIZT çagalar baglarynda çagalary doly göwrümde terbiýelemegi we dynç almaklary üçin has uly mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr.
Kärhananyň öňki gurulan çagalar baglaryny döwrebaplaşdyrmak işleri bir wagtyň özünde utgaşykly alnyp barylýar. Olarda degişli binalar, tehniki gurluşlar, mebeller, enjamlar, audio-wideo enjamlar düýpli täzelenilýär. Bu babatda 2-nji we 3-nji mekdebe ýenli ýaşly çagalar edaralarynyň durky doly derejede täzelendi hem-de nusgalyk derejesine ýetirildi.
TNGIZT Türkmenbaşy şäherinde 320 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygyny ýerine ýetirmek boýunça goşmaça taslama tassyklandy. Häzirki wagtda işgärleriň täze gurluşygyň golaýynda ýaşamaklaryny nazara almak bilen, onuň gurluşygy üçin ýer bölüp bermek ara alnyp maslahatlaşylýar.