22.5 C
Aşkabat
21.09.2024
SPORT

Türkmen küştçüsi dünýä çempionatynyň bürünç baýragynyň eýesi boldy.

Türkmen küştçüsi, sport ussady Saparmyrat Atabaýewiň Al-Ain şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) ýetginjekleriň arasynda dünýä boýunça küşt çempionatyndaky çykyşy bürünç baýrakly üstünlige beslendi. Onuň gatnaşan ýaş toparyndakylaryň sany hasaba alynsa, biziň türgenimiziň netijesi örän uly täsir galdyrýar. Ol 120-den gowrak ýurtdan 193 küştçiniň arasynda 14 ýaşa çenli bolan ýetginjekleriň ýaryşynda çykyş etdi. 

Ýaryşlar 11 tapgyrda şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Onuň barşynda türkmenistanly ýetginjek 7 döwi öz peýdasyna tamamlap we 4 oýny deňme-deň geçirip, hiç hili utulyşa sezewar bolmady. Şeýlelikde Saparmyrat 9 utuk toplap, ýeňijiden – hytaýly küştçi Di Liden bary-ýogy 0,5 utuk yza galyp, kümüş baýraga eýe bolan Serbiýadan Milan Zajiç bilen deňleşdi. Türkmen küştçüsi diňe koeffisient gatnaşygy boýunça üçünji orna düşdi. Burünç baýrak biziň türgenimiziň reýtingini 42 basgançak ýokary galdyryp, Saparmyradyň toplan umumy utugyny 2245-e ýetirdi. Indi ýaş türkmen küştçüsi “FIDE-niň ussady” derejesinden bary-ýogy 55 basgançak yzda. 



S.Atabaýewiň halkara derejeli sport ýaryşlarynda gazanan medallary onlarçadan geçýär. Olaryň hatarynda geçen ýyl Türkiede 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda gazanan altyn baýragyny belläp geçmek gerek. 

Saparmyrat şeýle hem milli derejedäki sport ýaryşlaryndaky ýeňişleriniň möçberi boýunça hem öňde barýar.Häzirki güne çenli ol eýýäm dürli ýaş toparlarynda Türkmenistanyň 16 gezek çempionydyr (häzire çenli ýetginjekleriň arasynda ýeke-täk rekord). Munuň üstüne S.Atabaýewiň Aziýanyň häzirki çempionydygyny goşmak gerek. Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri Aýdogdy Atabaýewiň hem-de Orazly Annageldiewiň (halkara grossmeýster) şägirdi “rapid” görnüşdäki (25 minutlyk döwler) oýunlarda iň oňat diýlip yglan edildi. 

Al-Aýinde geçirilen dünýä çempionatynda Saparmyrat “blis-ýaryşlarynda” hem oňat netijeleri gazandy, bu ýaryşda her döwe her göçümden soň 2 sekund goşmak bilen 3 minut berilýär. Şunda ol mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplap, 2-6 orunlary bäleşdi. Bu gezek hem ol öz garşydaşlaryndan diňe koeffisient gatnaşyklary boýunça yza galdy. 

S.Atabaýew şäher sport komitetiniň Aşgabat küşt sport mekdebinde türgenleşýär. Häzirki wagtda ol milli ýaryşlara taýýarlanýar. Bu ýaryşlar 2014-nji ýylda geçiriljek küşt boýunça esasy waka – sportuň bu görnüşi boýunça Bütindünýä olimpiada taýýarlyklaryň tapgyrlarynyň biri bolar. Awgustyň ýigrimilerinde Norwegiýanyň Tromso şäherine Ýer ýüzüniň iň oňat küştçüleri ýygnanarlar. Sentýabrda bolsa Türkmenstanyň milli ýygyndysy Inçhonda (Koreýa Respublikasy) Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda göreşer.Türkmen küştçüsi, sport ussady Saparmyrat Atabaýewiň Al-Ain şäherinde (Birleşen Arap Emirlikleri) ýetginjekleriň arasynda dünýä boýunça küşt çempionatyndaky çykyşy bürünç baýrakly üstünlige beslendi. Onuň gatnaşan ýaş toparyndakylaryň sany hasaba alynsa, biziň türgenimiziň netijesi örän uly täsir galdyrýar. Ol 120-den gowrak ýurtdan 193 küştçiniň arasynda 14 ýaşa çenli bolan ýetginjekleriň ýaryşynda çykyş etdi. 

Ýaryşlar 11 tapgyrda şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Onuň barşynda türkmenistanly ýetginjek 7 döwi öz peýdasyna tamamlap we 4 oýny deňme-deň geçirip, hiç hili utulyşa sezewar bolmady. Şeýlelikde Saparmyrat 9 utuk toplap, ýeňijiden – hytaýly küştçi Di Liden bary-ýogy 0,5 utuk yza galyp, kümüş baýraga eýe bolan Serbiýadan Milan Zajiç bilen deňleşdi. Türkmen küştçüsi diňe koeffisient gatnaşygy boýunça üçünji orna düşdi. Burünç baýrak biziň türgenimiziň reýtingini 42 basgançak ýokary galdyryp, Saparmyradyň toplan umumy utugyny 2245-e ýetirdi. Indi ýaş türkmen küştçüsi “FIDE-niň ussady” derejesinden bary-ýogy 55 basgançak yzda. 



S.Atabaýewiň halkara derejeli sport ýaryşlarynda gazanan medallary onlarçadan geçýär. Olaryň hatarynda geçen ýyl Türkiede 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Bütindünýä küşt olimpiadasynda gazanan altyn baýragyny belläp geçmek gerek. 

Saparmyrat şeýle hem milli derejedäki sport ýaryşlaryndaky ýeňişleriniň möçberi boýunça hem öňde barýar.Häzirki güne çenli ol eýýäm dürli ýaş toparlarynda Türkmenistanyň 16 gezek çempionydyr (häzire çenli ýetginjekleriň arasynda ýeke-täk rekord). Munuň üstüne S.Atabaýewiň Aziýanyň häzirki çempionydygyny goşmak gerek. Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijileri Aýdogdy Atabaýewiň hem-de Orazly Annageldiewiň (halkara grossmeýster) şägirdi “rapid” görnüşdäki (25 minutlyk döwler) oýunlarda iň oňat diýlip yglan edildi. 

Al-Aýinde geçirilen dünýä çempionatynda Saparmyrat “blis-ýaryşlarynda” hem oňat netijeleri gazandy, bu ýaryşda her döwe her göçümden soň 2 sekund goşmak bilen 3 minut berilýär. Şunda ol mümkin bolan 7 utukdan 6 utuk toplap, 2-6 orunlary bäleşdi. Bu gezek hem ol öz garşydaşlaryndan diňe koeffisient gatnaşyklary boýunça yza galdy. 

S.Atabaýew şäher sport komitetiniň Aşgabat küşt sport mekdebinde türgenleşýär. Häzirki wagtda ol milli ýaryşlara taýýarlanýar. Bu ýaryşlar 2014-nji ýylda geçiriljek küşt boýunça esasy waka – sportuň bu görnüşi boýunça Bütindünýä olimpiada taýýarlyklaryň tapgyrlarynyň biri bolar. Awgustyň ýigrimilerinde Norwegiýanyň Tromso şäherine Ýer ýüzüniň iň oňat küştçüleri ýygnanarlar. Sentýabrda bolsa Türkmenstanyň milli ýygyndysy Inçhonda (Koreýa Respublikasy) Aziýa oýunlarynyň medallary ugrunda göreşer.

Degişli makalalar

«Altyn Asyr» Bilen «Köpetdag» Utuk Paýlaşdy

Ýazky möwsümiň nobatdaky at çapyşyklary

syrach

Türkmenistanlylaryň Müňlerçesi Aşgabat 2017-niň Açylyş we Ýapylyş Dabaralaryna Gatnaşmak Üçin Synanyşyklara Gatnaşýarlar

turkmenhabargullugy