15.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Tükenmez Hazyna

Tükenmez Hazyna ýa-da türkmenleriň duz ýygnamak möwsümi barada söhbet
Pederlerimiz tebigatyň genji-hazynasyny peýdalanmagy, daşky gurşawa edýän täsiri bilen hem täsin kespleri döredipdir. Ýurdumyzyň Balkan welaýatynyň çäginde nahar duzy alynýan känler, köller köp bolupdyr. Günorta Türkmenistanda hem Bathyz baýyrlyklarynyň jümmüşinde duz ýygnalýan ýer bolupdyr. Duz käni Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň Çemenabat daýhan birleşiginden 80-90 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Bu tebigy duz käniniň iri duzy bolupdyr. Ol duz käni häzirem bar. Uzaklardan görünýän ak şor meýdan ak deňzi ýada salýar. Ol gözel tebigatymyzyň täsin künjekleriniň biri bolup durýar. Ata-babalarymyz gadymy döwürlerden bäri duzy şu ýerden alyp gidipdirler. “Duz möwsümi” ýa-da “Duzuň aýy” diýen döwür güýzüň ortalarynda, ýagyş ýagandan soň başlanypdyr.
Ýolöteniň, Pendiniň, Sarahsyň her bir ýaşaýjysy öz öýüni duz bilen üpjün etmek isläpdir. Ýöne käbir adamlarda ýükçi mallarynyň bolmazlygy olaryň bu isleglerini kanagatlandyryp bilmändir. Şonuň üçin olar köpçülik bolup duza gidipdirler. Her bir obanyň kethudasy duz möwsüminde ony ýola goýmagy parz hasaplapdyr. Ýolötende ýaşan Gurt Jumanazarow duza giden ýyllaryny ýatlap, diňe kerwenbaşynyň görkezmesi boýunça hereket edendiklerini aýdyp beripdir. Gurply adamlar birnäçe düýe ugradypdyr, käbirleri bolsa birki sany düýe bilen ýola düşüpdir. Ýükçi maly bolmadyklary hem kerwenden galdyrmandyrlar, onuň duz gazyp almakdaky zähmetini göz öňünde tutup, alyp gidipdirler. Duzuny bolsa azrak ýükli düýelere ýükläpdirler.
Duz alýan adam pili uran wagtynda “Göç, Kän baba!” diýip ýüzlener eken. Şonda duz jaýryk atyp bölünipdir. Ownuklaryny halta salyp alyp gaýdypdyrlar. Iri duzlary hem deňagramlylykda ýükläp, alyp gaýdypdyrlar. Oba getirip ownuklap ulanypdyrlar. Duz käni köpüň zady hasaplanyp, bu ýere dürli sebitlerden, Pendiden, Ýolötenden, Sarahsdan, seýrek ýagdaýda Marydan, Tejenden duz almak üçin gelipdirler. Duz 1 metr we ondan gowrak çuňlukdan gazylyp alynýar eken.
Duz käniniň töweregi toý üýşen ýaly bolýan eken. Her kerwen 40-50 düýeden ybarat bolup, onlarça adam bu ýere barypdyr. Kän baba arassa, päkize adamlara duz berýär diýip ynanypdyrlar. Ogry-jümri, niýeti päli düzüw bolmadyk adam pili uraýsa onda duz jaýrylmandyr. Şonuň garasy ýitenden soň, duz jaýrylýar diýen ynanç bolupdyr. Inniki ýyl ýene-de nesibämiz bolsun diýip ýagşy yrym edilipdir. Taýakdyr, döwlen gurallaryň sapyny bellik hökmünde goýup gaýdypdyrlar. Şu ýerde duzy endigan almak, geçen ýylky goýan ýeriňden dowam etmek tertibi hem bar. Ýöne şol agaç bölegi geljek ýyl baryp görseler, duza öwrülip ýetişipdir. Duz käni mukaddes hasaplanypdyr. “Guýynyň suwuny içdigiňçe süýjeýär” diýlişi ýaly, duzuň tükenmez hasynasyndan näçe seresaply bolup alsaň, şonça köpelýär diýip ynanypdyrlar.
Duzy Mary bazaryna alyp gaýdyp agramyna agram ölçeginde bugdaýa çalşypdyrlar. Mary sebitlerinde duz söwdasy iýmitlik üçin alnyp barlypdyr, ony üstaşyr satmak meýli bolmandyr. Emma Ýolöten şäheri pendilileriň duzuny Mara geçirmekde ähmiýetli orny eýeläpdir. Şol sanda pendili söwdagärler jemşitlere we Meýmene şäherine çenli duz satyp gaydypdyr. Umuman alnanda, XIX asyrda – XX asyryň başlarynda Ýolöten we Pendi sebitlerinde duz satmak içerki we daşarky söwdada mynasyp orun eýeläpdir. Öz döwrüniň hasabatlaryna görä, 1910-njy ýylda Ýeroýlanduzdan Pendi sebitleriniň Tagtabazar, Gulja, Horasanly, Çemçe, Erden, Dädeguly, Morgala ýaly obalarynyň duz kireýkeşleri 8310 put duzy alyp gaýdypdyrlar. Bu ýylyň dowamynda diňe Erden obasynyň adamlary 3000 put duzy almagy başarypdyr. Her düýäniň ýük göterip bilijilik ukybyna görä, 160-200 kg duz ýüklenýär eken. Duza giden kerwendäki adamlaryň özboluşly dessurlary bolupdyr. Adat boýunça ýükli yzyna gelýärkäler, dynç alýan birnäçe ýerlerinde duz goýup gaýdypdyrlar. Duzuň ýolundan ýöreýän ýolagçylaryň islendik bir düşelgeden duz almagy, duzsuz kösenmezligi üçin bu dessur berjaý edilipdir. Bu dessur duza bolan ynançlardan gelip çykýar.

çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

“Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagy Türkmen Işewürleriniň Güýçleri Bilen Ösdüriler

turkmenhabargullugy

Aziýa Oýunlary Mynasybetli Geçirilýän Atly Ýöriş Lebap Welaýatyna Bardy

Türkmen Ýaşlarynyň Wekilleri Iňlis Dili Boýunça Bäsleşdiler