Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitleriň, amala aşyrylan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriň netijesinde, ýurdumyz ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. ªonuň aýdyň netijelerinde hem sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän halkymyz parahat, bagtyýar Watanyň goýnunda ýaşaýar. Mähriban
Arkadagymyzyň «Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011 — 2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» hem-de «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda ýörelgelerden ugur alyp, köpugurly sport dünýäsinde ýurdumyzyň at-abraýyny artdyrmak, bedenterbiýe, sagaldyş hereketini wagyz etmek, şeýle-de köp sanly ýaşlary sport bilen meşgullanmaga işjeň çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzyň ähli künjekleri boýunça bäsleşikleri yglan edýär.
Bu bäsleşikleriň esasy maksady ata-babalarymyzdan galan milli sport oýunlarymyzyň at-abraýyny has-da artdyrmak, ony mundan beýläk hem zähmetkeşleriň arasynda giňden ýaýratmak we olaryň arasyndan zehinli, başarjaň türgenleri saýlap alyp, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da arşa galdyrmakdan ybarat bolup durýar. Sagdyn jemgyýetimizi berkitmek, zyýanly endiklere garşy göreş çäreleriniň geçirilip durulmagy sagdyn we berk bedenli ýaşlaryň kemala gelmegine uly ýardam berýär. Bedenterbiýe we köpçülikleýin oýunlar babatda özara tejribe alşyp durulmagy we olara täzeçe öwüşgin berilmegi ýurdumyzda sportuň has-da ösmegine ýardam edýär.
Golaýda Aşgabat şäheriniň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň «Gökje» sport toplumynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň XXI Milli sport oýunlarynyň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Milli sport oýunlary sportuň milli göreş, düzzüm, küşt we ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça geçirildi. Türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşyň dowamynda oňa gatnaşan türgenler hersi özleriniň saýlap alan ugurlary boýunça öz başarnyklary arkaly, bu möhüm sport çäresine özleriniň taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler.
Milli göreş boýunça bäsleşikde 48 kilogram agramda 1-nji orny Merdan Saryýew eýeledi. 52 kilogram agramda 1-nji orna Mätreýim Babaýew mynasyp boldy. 57 kilogram agram derejede 1-nji orun Nurmuhammet Aşyrgylyjowyň paýyna düşdi. 62 kilogram agram derejede 1-nji orna Halmyrat Gurbanow mynasyp boldy. 68 kilogram agram derejede 1-nji orun Döwran Hudaýgulyýewiňki boldy. 75 kilogram agram derejede 1-nji orna Agaýusup Garaýew mynasyp boldy. 82 kilogram agram derejede 1-nji orny Pälwan Gurbangeldiýew eýeledi. 90 kilogram agram derejede 1-nji orna Ýazmämmet Ataýew mynasyp boldy. 100 kilogram agram derejede 1-nji orna Hanmuhammet Patdyýew we 100 kilogram agram derejede 1-nji orna Annamyrat Myradow mynasyp boldy we pälwanlaryň pälwany diýen ada Arslan Ybraýymgulyýew mynasyp boldy.
Düzzüm boýunça zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda 1-nji orna Olesýa Rýasnowa, 2-nji orna Akbike Orazowa, 3-nji orna Güljan Eýýupowa dagy mynasyp bolup, öz ezberliklerini görkezmegi başardylar. Erkekleriň arasynda geçen ýaryşda 1-nji orny Meýlismyrat Durdyýew, 2-nji orny Saparmyrat Hümmedow, 3-nji orny Pena Ezizgylyjow eýeledi. ªeýle-de zenanlaryň arasynda küşt boýunça geçirilen ýaryşda 1-nji orna Gözel Mättaganowa, 2-nji orna Annajeren Gurbanowa, 3-nji orny Mähri Myradowa dagy mynasyp boldy. Erkekleriň arasynda 1-nji orny Saparmyrat Atabaýew, 2-nji orny Artyk Öwezow, 3-nji orny Mergen Kakabaýew eýeledi. Mundan başga-da türkmen milli oýunlarynyň ýaglyga towusmak görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda 1-nji orna Allamyrat Çaryýew, 2-nji orna Çarymyrat Kiçiýew, 3-nji orna Mithun Gulyýew dagy mynasyp boldy.
Çeşme: http://metbugat.gov.tm/