13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ

Türkmenistanyň Dermanlyk Ösümlikleri we Milli Mirasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýeti uly rowaçlyklara beslenýär. Adamzat nesliniň taryhy, medeniýeti bilen bagly gymmatlyklarymyzy dikeltmekde, dünýä halklarynyň dostlukly gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmakda, ynsanperwerligi, parahatçylygy wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ýurdumyzyň muzeýleriniň bahasyna ýetip bolmajak orny bardyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi hem bu işe öz mynasyp goşandyny goşýar we «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan göçme sergileri yzygiderli gurnaýar.
Şeýle göçme sergi 2020-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem gurnaldy. Bu mekdepde ýurdymyzda aprel aýynda bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli çäre geçirildi. Şol çäräniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölümi tarapyndan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri we milli mirasy» atly sergi gurnaldy.

Bu sergide biziň ýurdumyzda bitýän dürli dermanlyk ösümlikleriň suratlary, gaplanan we guradylan görnüşleri görkezildi hem-de türkmen halkynyň lukmançylykda ulanylýan esbaplary sergilendi. Sergide Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaby hem ýerleşdirildi. Serginiň dowamynda Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan beýik işleri, lukmançylyk ylmyna bagyşlanan ajaýyp kitaplary barada talyp-ýaşlar bilen özara söhbetdeşlik guradylar we türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran orta asyr alymlary, olaryň gymmatly ylmy işleri barada gürrüň berdiler.

Çeşme: https://medeniyet.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

Üstünlik-Bu Özüňe Ynanmakdyr!