Türkmenistanyň Prezidentiniň 09.07.2008-nji ýyldaky 9895-nji Kararyna laýyklykda:
Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin biometrik maglumatly pasportyny 2008-nji ýylyň 10-njy iýulyndan ulanyşa girizildi.
Türkmenistanyň raýatlarynyň häzirki wagtda ulanylýan pasportlary 2013-nji ýylyň 10-njy iýulyna çenli Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin öz güýjüni saklaýar.
1. Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasporty Türkmenistanyň raýatyna Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin hukuk berýän hem-de daşary ýurtlarda bolanda onuň şahsyýetine güwä geçýän resmi nama bolup durýar.
2. Pasport Türkmenistanyň eýeçiligi bolup durýar hem-de dünýäniň ähli döwletlerine gitmek üçin hakykydyr. Pasport türkmen we iňlis dillerinde ýasalýar.
3. Türkmenistanyň raýaty pasportyny ýitiren halatynda Türkmenistana gaýdyp gelmek üçin şahsyýetini tassyklaýan resmi namasy Türkmenistana gelmäge hukuk berýän resmi nama bolup durýar, ony Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçilikleri ýa-da konsullyk edaralary berýär.
4. Pasport Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan resmileşdirilýär.
Pasport Türkmenistanyň her bir raýatyna, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalara resmileşdirilýär.
5. Pasport raýatyň şahsy arzasy boýunça berilýär. Ýaşy 18-e çenli bolan çagalara we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara pasport olaryň ata-enelerinden ýa-da kanuny wekillerinden biriniň kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen towakganamasy esasynda resmileşdirilýär. Pasport kämillik ýaşyna ýetmedik çaga resmileşdirilende onuň bolmagy hökmandyr.
6. Pasport 10(on) ýyla çenli, 16 ýaşa ýetmedik çagalara 5(bäş) ýyla çenli möhletde berilýär.
Pasport eýesiniň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline arza berijiniň şahsyýetine güwä geçýän resmi namalary görkezmegi boýunça gol çekdirilip berilýär.
7. Eger Türkmenistandan gitmek şol gidýän raýatyň saglygynyň gyssagly bejerilmegi ýa bolsa Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan ýakyn garyndaşynyň agyr kesellemegi ýa-da aradan çykmagy, ýa beýleki gaýragoýulmasyz ýagdaýlar bilen baglanyşykly bolsa, pasporty resmileşdirmek baradaky arza üç iş gününden giç bolmadyk möhletde garalýar.
8. Zerur halatlarda pasportlar raýatlaryň arzasy boýunça çalşylyp bilner.
Pasportlar şu halatlarda çalşylýar:
hereket edýän möhleti tamamlananda;
familiýasy, ady we atasynyň ady üýtgände;
ýazgylarda nätakyklyk ýüze çykarylanda;
ulanmaga ýaramsyz bolanda;
ygtyýarnamalar we bellikler üçin göz öňünde tutulan sahypalar gutaranda.
Pasportlar olary resmileşdirmek üçin bellenilen tertipde çalşylýar.
9. Pasportyň eýesi:
pasporty aýawly saklamaga;
ygtyýarly wezipeli adamlaryň talaby boýunça ony görkezmäge;
onuň ýitirilmegi ýa-da tapylmagy barada migrasiýa gullugynyň edaralaryna wagtynda habar bermäge;
täze pasport alanda könesini tabşyrmaga;
pasport ulgamynyň kadalaryny berjaý etmäge borçludyr.
Tapylan pasportlar migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrylmaga degişlidir.
çeşme: TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MIGRASIÝA GULLUGY.