Türkmenistan garaşsyzlyk ýoluna düşen gününden bäri geçen gysga taryhy döwürde ýer ýüzüniň ösüp barýan ýurtlarynyň hatarynda mynasyp orny eýeledi. Ýurdumyz jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy hem sosial ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere eýe boldy, halkara derejesinde işjeň ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, bu işde ol özüniň halkara abraýyny we dünýäniň syýasy arenasyndaky täsirini artdyrdy hem-de Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Häzirki zaman syýasy we ykdysady ösüşiniň tejribesi ýurdy ösdürmegiň täze, has jogapkärli sepgitlerine ýetirmek zerurlygyny ýüze çykardy. Täze galkynyş we beýik özgertmeler döwründe geçirilýän ägirt uly syýasy, sosial-ykdysady reformalar Türkmenistanyň hukuk ulgamynda, döwlet häkimiýetiniň edaralarynyň işiniň ähli ugurlarynda çuňňur syýasy-hukuk pikirlenişi we zerur üýtgetmeleri girizmegi talap etdi, munuň özi bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamak we tassyklamak wezipesini ilkinji nobatdaky mesele hökmünde öňe çykardy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň milli hukuk ulgamyndaky, jemgyýetdäki ornuny we ähmiýetini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmek, häkimiýet edaralarynyň ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda umumylaşdyrylyp taýýarlanan we Türkmenistanyň Kontitusion toparynda ara alnyp maslahatlaşylyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenen teklipleri nazara alyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 48-nji maddasyna laýyklykda:
1-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky teklibini makullamaly.
2-nji madda. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizip, ony şu rejelenen görnüşde tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. Türkmenistanyň Halk Maslahaty şu Konstitusion kanunyň güýje giren gününden öz işini bes edýär.
4-nji madda. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary we çözgütleri Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
5-nji madda. Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen namalary üýtgetmäge we ýatyrmaga bolan hukugy degişlilikde Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň ygtyýaryna degişli etmeli.
6-njy madda. Şulary güýjüni ýitiren hasap etmeli:
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny;
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny;
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» 2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny;
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 2007-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusion kanunyny.
7-nji madda. Halk wekilleriniň ygtyýarlyklaryny möhletinden öň ýatyrmaly.
8-nji madda. Şu Konstitusion kanun kabul edilen pursadyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy,
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat ş.
2008-nji ýylyň 26-njy sentýabry
№ TKK-13