15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Häzirki zaman sport mekdebi gurulýar.

Mary şäheriniň Güljemal han köçesinde haýatyň aňyrsyndan nobatdaky gurluşygy mälim edýän, binanyň sudury, olaryň üstünde bolsa kranyň işleýändigi görünýär. 

Gurluşyk meýdançasyna girilýän ýeriň öňünde dikilen owadan pannodan biz bu ýerde Mary welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda “Bagtyýar nesil” hususy kärhanasy tarapyndan gurulýan 365 orunlyk sport mekdebiniň gurulýandygyny bilýäris. Sport mekdebiniň taslamasy “Binataslama” ýerli taslama hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. 

Gurluşyk meýdany 35 müň inedördül meýdana golaý ýeri eýeleýär. Sport mekdebiniň toplumy degişli desgalary we dürmuş üpjünçiligi – inženerçilik ulgamyny, suw we ýangyna garşy uly suw gaplaryny, kömekçi transformator bekedini, şeýle hem, gül we bag ekilýän zolaklary we ýanýodasyny öz içine alýar. 



Sport mekdebinbiň binýadyny eýýäm demir gurluşlardan ybarat bolan doly ýygnalan karkas düzýär. Ýakyn günlerde diwar panellerini goýmak we jaýyň bloklaryny ýygnama işlerine başlanar. Gurluşyk meýdançasynda her günde ortaça 60-70 adam – gurnamaçylar, jaý salyjylar, kebşirleýjiler zähmet çekýär. 

Gurluşyk işleri tamamlanandan soňra gündizki adaty yşyk westibýule geçiriler. Bu ýerde uly köpçülikleýin çäreler geçiriler, ikinji gat derejeden hem syn etmäge mümkinçilik döredilipdir. Uly sport zalynyň boýy 15 metr bolup, bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşikleri we iri bäsleşikleri geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilipdir. Birinji gatyň sag we çep ganatlarynda sport zallary, türgenleşik otaglary, tälimçileriň otaglary, adminstratiw jaýy, lukmanyň otagy, suw akydynylýan ýer, kömekçi jaýlar ýerleşer. Ikinji gatda bolsa türgenleşik we fintes zallary ýerleşer. 

Mekdebiň ýakyn ýerleşýän meýdanlaryny abadanlaşdyrmak üçin baglaryň we ösümleriň bu ýeriniň howasyna we topragyna uýgunlaşan görnüşlerini ekemk göz öňünde tutulýar. 

Mekdebiň çäklerinde açyk asmanyň astynda ýerleşýän kömekçi desgalaryň ählisi we sport oýunlaryny we bäsleşiklerini geçirmek üçin niýetlenen birnäçe sport meýdançalary eýýäm dolylygyna taýýar edildi. Ýonýodalaryň ugruny eýýäm baglaryň onlarçasy, şol sanda sosna we arçalar bezeýär. Suw üpjünçilik meselesi çözüldi. Mekdebiň binasynyň içindäki howany sazlamak üçin häzirki zaman ýyladyş we sowadyş ulgamy we howa çalyşýan ulgam, ýangyna garşy göreş ulgamy göz öňünde tutulandyr. 

Mekdebiň gurluşygynyň tamalanmagy bilen, ýylsaýyn güýçli depginlerde ösýän şäheriň sport binýadynyň üstüni ýetirer. Häzirki wagtda ol Güneş kiçi etrapçasyndaky, Seýdi köçesinde we Türkmenbaşy şäherçesindäki täze sport mekdeplerinden ybaratdyr. Golaý wagtda Togrul beg köçesindäki spoprt mekdebi hem öňki işleýän sport mekdepleriniň hataryna goşular. Şäherde ýapyk ýüzülýän suw basseýni, sportuň suw görnüşleri mekdebi, “Merw” stadiony hereket edýär. 

Atabaýew köçesiniň ugrunda ýerleşýän 10 müň orunlyk stadion şäheriň we welaýatyň sport durmuşynyň merkezi bolup durýar. Onda uly sport bäsleşikleri we iri göwrümli medeni çäreler geçirilýär. Bir söz bilen aýdanyňda, mundan bäş ýyl ozal esaslandyrylan “Bagtyýar nesil” hususy kärhanasy Murgap sebtiniň gurluşyk bazarynda çalt depginler bilen ösýär. Dürli ähmiýetli desgalaryň birnäçesi bu kärhana tarapyndan guruldy. Bu kärhana Güljemal han köçesiniň ugrunda gurulýan sport mekdebi bilen birlikde Maryda Aga Hanjaýew köçesinde hem şunuň ýaly desganyň gurluşygyny alyp barýar.

Degişli makalalar

Kikboksçularyň Täze Medallary

syrach

Stol üstünde oýnalýan tennisiň ussatlarynyň jemleýji ýaryşlary.

syrach

Aziýanyň Çempionlarynyň Hatarlary Dolýar