19.9 C
Aşkabat
25.11.2024
YKDYSADYÝET

Gresiýa 5-nji gezek ÝB-nin döwürleýin ýolbaşçysy.

Geçirilen maslahatdan soň Gresiýanyň Premýer ministri Antonis Samaras we Ýewropa komissiýasynyň ýolbaşçysy Hoze Manuel Barrozu bilen beýleki myhmanlar Zappion köşkünde ýadygärlik surat aldyrdylar.

Gresiýanyň ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny kabul almagyndan soň ilkinji resmi maslahat Zappion köşkünde geçirildi.

Premýer ministr Samaras duşuşyklardan soň geçiren metbugat ýygnagynda Gresiýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda ileri tutulýan ugurlaryň işsizlige garşy göreş, ykdysadyýet, galkynyş, Ýewropanyň içeri we daşary howpsyzlygyny kepillendirmek, sosial hukuklara hemaýat etmeklik, ýewropanyň kepillendirilmegi üçin maliýe we ykdysady bileleşigiň güýçlendirilmegi bolandygyny nygtady.

Hoze Manuel Barrozu hem Gresiýanyň geçen döwürleýin ýolbaşçylyklaryna ünsi çekip “Gresiýa tejribeli uçarman ýaly we üstünlikli bolmakda erjel” diýdi.

Gersiýanyň döwürleýin ýolbaşçylygynyň dowamynda Afynyda 14 gezek ministrler derejesinde, 35 sany ýokary derejeli ýolbaşçylar maslahaty, 57 iş topary maslahaty we 33 konferensiýa ýa-da seminar geçiriler.

Afyny döwürleýin ýolbaşçylygy 50 million ýewro býujet bilen ýerine ýetirer. Şol çäkde 150 adamdan ybarat işgärler topary edaranyň işlerini alyp barar.

Gresiýa ÝB-niň döwürleýin ýolbaşçylygyny 2014-nji ýylyň 1-nji iýulynda İtaliýa tabşyrar. 

Degişli makalalar

“Türkmennebitönümleri” Ulgamynda-Mary Welaýatynda Täze Desga Ulanyşa Girizildi

turkmenhabargullugy

Maliýe Ykdysady Ulgam

Hazaryň Kenarýakasynda VII Halkara Gaz Kongresi Öz Işine Başlady

syrach