16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Harby Wekilliklerde Gyzgalaňly Möwsüm

Hormatly Prezidentimiziň 14-nji martda gol çeken «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Permanyna laýyklykda ýerli harby wekilliklerde çagyryş möwsüminde alnyp barylýan jogapkärçilikli işlere badalga berildi. Çagyryş döwri harby gulluga ýaramly raýatlara çagyryş hatynyň gelip gowuşmagy bilen başlanýar. Şonuň esasynda ýigitlerimiziň saglygy häzirki zaman sanly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, halkara ölçeglere laýyk gelýän saglyk merkezlerinde tejribeli lukmanlar tarapyndan barlanylýar. Soňra olar aýratynlykda harby wekillikleriň lukmançylyk topary tarapyndan seljerilýär we harby gulluga ýaramlylygy barada netije çykarylýar. Harby gulluga ýaramlylygy tassyklanan raýatlaryň hünärleri, ukyp-başarnyklary öwrenilip, olaryň çagyryş boýunça harby gullugyny haýsy ugur boýunça geçmelidigi kesgitlenilýär.

çeşme: http://metbugat.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň Arasyndaky Gepleşikler

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

Türkmen-Koreý Diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Iki Ýurduň Sungat Ussatlarynyň Konserti Boldy