9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmenistan Şöhratly Ahalteke Bedewleriniň Baýramyna Taýýarlanýar

Türkmen bedewiniň milli baýramy barha ýakynlaşýar. Ýurdumyzda sergileri, maslahatlary, bäsleşikleri we at çapyşyklaryny öz içine alýan behişdi bedewlere bagyşlanan köpugurly çärelere badalga berildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 25-nji aprelde Aşgabatda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigini, şeýle hem behişdi bedewleriň keşbini sungat eserlerinde ýokary derejede beýan etmek boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryny geçirmek hakyndaky resminamalara gol çekdi.

At çapyşyklary milli däpleriň gözelligini we özboluşlylygyny öz içine alýan ýokary döwlet derejesinde guralýan dabaralaryň esasylarynyň biri bolup durýar. Gadymy döwürlerden bäri at çapyşyklary türkmen toýlarynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. At çapyşyklarynyň belent ruhy we onuň özüne çekijiligi bu çärä has-da dabara berýär. Häzirki döwürde asyrlar aşyp gelýän dessurlar diňe bir dowam etmek bilen çäklenmän, eýsem, ahalteke bedewleriniň gözelligini we çeýeligini alamatlandyrýan täze öwüşgine eýe boldy.

Atçylyk sporty bäsleşikleriniň we at çapyşyklarynyň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz her ýylda bolşy ýaly, Buýruga gol çekdi. Oňa laýyklykda, bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamagyň şerti we baýraklary kesgitlendi.

Munuň özi ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegini höweslendirýän çäredir. Şunlukda, ýyndam atlary ýetişdirmek, ýokary hünärli çapyksuwarlary taýýarlamak meselelerine hormatly Prezidentimiz, Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm üns berýär. Munuň özi häzirki döwürde işjeň ösdürilýän milli mirasyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Türkmenistan bu ulgamda dünýäniň ykrar edilen merkezi bolup durýar. Türkmen bedewleri we çapyksuwarlary iri gözden geçirişleriň, abraýly atçylyk sporty bäsleşikleriniň we dürli ýurtlarda geçirilýän at çapyşyklarynyň ýeňijileridir. Şeýle hem türkmen atlylary sirk sungatynda hem öňdebaryjylardyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäniň sirk sungaty festiwallarynda gazanýan üstünlikleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

At çapyşyklary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Behişdi bedewleriň ýyndamlygy, olaryň çapyksuwarlar bilen sazlaşykly hereketi asyrlaryň dowamynda özüne çekiji tomaşa öwrülipdir.

At çapyşyklary bedewleriň ýeňşe bolan joşgunyny, olaryň şöhratyny äleme äşgär edýär. Mähriban topragynyň erkinligini goraýan batyrlaryň hemrasyna öwrülen bedewler halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň kemala gelmeginde möhüm orun eýeläpdir.

Häzirki döwürde bedew bady ýurdumyzyň uly üstünliklere we ösüşe bolan hereketiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Halkyň bedewlere bolan söýgüsini duýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke bedewleriniň abraýyny we şöhratyny artdyrmak, pederlerimiziň döreden atçylyk sungatyny ösdürmek we ony dünýäde giňden wagyz etmek baradaky aladany döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwürdi. Hormatly Prezidentimiz bu asylly işe öz zehinini bagyşlady. Milli Liderimiziň döreden birnäçe edebi eserleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Asyrlaryň dowamynda türkmen atşynaslarynyň döreden ýörelgeleri, seýisçilik boýunça milli mekdebi dünýäniň dürli ýurtlarynyň atçylyk bilen meşgullanýan hünärmenlerini özüne çekýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hünärmenleriniň tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy esasda häzirki zaman usullary we bu ugurda toplanan tejribe arkaly giňeltmegine ýardam berýär.

Şeýle hem däp bolan çapyşyklardan başga-da, ahalteke bedewleri marafon ýaryşlarynda hem özüni görkezýär. Uzak aralyga guralan atly ýörişler behişdi bedewleriň has-da çydamlydygyny we islendik kynçylyklary ýeňip geçmäge ukyplydygyny görkezdi.

«Aşgabat — Moskwa atly ýörişinde (1935 ý.) çapyksuwarlaryň otuzysy 84 günde 4300 kilometr aralygy geçdi, şunda gündelik geçilýän aralyk 120 kilometre çenli ýetdi, bu aňryçäk aralykdyr. Oňat ahalteke aty bir minutda bir kilometri geçýär, bu hem deňi-taýy bolmadyk netijedir!» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt dilleriniň köpüsine terjime edilip, dünýä ýüzüne ýaýran «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly meşhur kitabynda ýazýar.

Şu günlerde hem türkmen atlary uzak aralyga guralýan çapyşyklarda ýokary tizlik we çydamlylyk görkezip, il guwanjyna mynasyp bolýarlar. Şeýle hem ýaş çapyksuwarlaryň arasynda sportuň olimpiýa görnüşi bolan konkur barha meşhurlyga eýe bolýar. Bu başlangyç hormatly Prezidentimize degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda birnäçe ýyl mundan ozal konkuryň milli mekdebi döredi we häzirki wagtda ol üstünlikli ösdürilýär.

Türkmen çapyksuwarlarynyň öňünde halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Olar bu ugurda dünýäniň atçylyk sporty boýunça öňdebaryjylary bilen mynasyp bäsdeşlik ederler.

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän baýramçylyga bagyşlanan döredijilik we sport çäreleri türkmen halkynyň taryhynda möhüm orny eýeleýän we häzirki döwürde özüniň ýyndamlygy, gözelligi we wepadarlygy bilen adamlaryň buýsanjyna mynasyp bolmak ýaly asylly ýörelgäni dowam edýän behişdi bedewlere bagyşlanan nobatdaky giň möçberli çärelerdir.

Şeýle wakalar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli atşynaslyk ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işler bilen, taryhda ajaýyp ahalteke bedewlerini dünýä beren we häzirki döwürde bu dünýä medeniýetini geljek nesiller üçin saklaýan ýurdumyzyň atşynaslygyň iri halkara merkezi hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyrýar. TDH

Degişli makalalar

Owganystana ynsanperwer ýük ugradyldy.

syrach

Aşgabat 2017-niň Gündelik Habarlar: 16-njy Sentýabr

Türkmenistanda Bütindünýä Saglyk Güni Bellenildi

turkmenhabargullugy