10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Türkmen Medeniýeti we Syýahatçylyk

Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Alym Arkadagymyz türkmen topragynyň gadymy medeni ojak, medeni mirasyň naýbaşy gymmatlyklarynyň dörän merkezi bolandygyny nygtap, «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly kitabynda: «Türkmen halky adamzadyň gadymy döwürlerinden bäri dünýäniň medeni-ruhy, ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkdyr» diýip belleýär.

Gadymyýetde Jeýtun, Änew, Göksüýri, Kelteminar ýaly gadymy medeniýetleri, Altyndepe, Namazgadepe ýaly şäher-döwletleri, Marguş, Parfiýa ýaly hanadanlyklary döredip, eýýäm gadymyýetde maddy we ruhy gymmatlyklaryň hamyrmaýasyny kemala getiren pederlerimiziň çawy orta asyrlarda dünýäniň ähli künjeklerine ýaýrapdyr. Halkyň medeniýeti bir ýa-da iki ýylda kemala gelmän, ol müňýyllyklaryň önümidir. Onda pederlerimiziň döreden maddy we ruhy mirasy jemlenendir.

Dürli döwürlerde türkmen topragynda bolan syýahatçylar, alymlar, sungaty öwrenijiler öz ýatlamalarynda pederlerimiziň mirasyna, milli gymmatlyklaryna aýratyn baha beripdirler. Olaryň biri türkmeniň sazyna, aýdymyna, tansyna, nusgawy edebiýatymyzyň dürdänelerine maýyl bolsa, beýlekisini owadan halydyr-palaslarymyz, keçedir şaý-seplerimiz, boýdan-başa keşdelere bezelen geýim-gejimlerimiz haýran galdyrypdyr.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hem Türkmenistan diýarymyza gelýän syýahatçylar ilki bilen halkymyzyň gadymy we müdimi mirasy we baý medeniýeti bilen gyzyklanýarlar. Gelin-gyzlarymyzyň taýýarlan haly, keçe we kilim önümleri olaryň arzyly harydy bolup, her bir daşary ýurtly olary edinmegiň arzuwynda. Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek we dünýä ülňülerine laýyk hyzmatlary üpjün etmek üçin ähli tagallalar edilýär. Watanymyzyň tebigy gözellikleri, dynç alyş merkezleri bilen birlikde jahankeşdeleriň Diýarymyza gelmek isleglerini artdyrýan ugurlaryň biri türkmen medeniýetiniň ajaýyp gymmatlyklarydyr.

XXI asyr halklaryň we medeniýetleriň birleşýän asyrydyr. Halkara gatnaşyklarynyň taryhy soňky ýyllarda döwletleriň syýasy – ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşine medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklaryň täsiriniň uludygyny subut etdi. Daşary ýurtlar bilen halkara medeni hyzmatdaşlyk Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli dostlukly gatnaşyklarynyň barha ösmegine, onuň dünýäde giňden tanalmagyna, meşhurlygynyň artmagyna özboluşly täsirini ýetirýär. Bu bolsa birek-birege ynanyşmak we özara düşünişmek, siwilizasiýalaryň we medeniýetleriň gatnaşyklaryny ösdürmek, dünýä möçberindäki umumy meseleleri çözmek üçin tagallalary birleşdirmek babatda örän zerurdyr. Şunuň netijesinde-de, häzirki zaman dünýäsinde sebitiň we dürli yklymlaryň döwletleri bilen has ýygy hem-de ykjam medeni aragatnaşyklar ýola goýulýar.

Çeşme: https://medeniyet.gov.tm/

Degişli makalalar

«Günorta Gaz Geçelgesi» Türkmenistandan we Gazagystandan Hem Gaz Iberip Biler

Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Gününiň Hormatyna Dabaralar

syrach

Taryhy ýadygärliklerimiz.

syrach