11.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Lebap Welaýaty: Haly Kärhanasynyň Gurluşygy we Türkmenabatda Ulanylmaga Berlen Täze Jaýlar

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda el halysyny çykarýan kärhananyň gurluşygyna girişildi. Ol ýurdumyzda iň iri Halajyň çeper halyçylyk fabriginiň şahamçasy bolar. Binanyň gurluşygy «Altyn gül» hususy kärhanasynyň gurluşykçylaryna tabşyryldy.

Döwrebap enjamlar we howa gözegçiligi ulgamy biдуn üpjün edilen täze halyçylyk kärhanasynda çeper elli zenanlaryň işlemegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutulan. Şahamçanyň açylmagy bilen iş orunlarynyň ýüzüsi dörediler.

Şu ýylyň birinji çärýeginde Halajyň çeper halyyçylyk fabriginde 2 müň 800 inedördül metr töweregi ýokary hilli halylar we haly önümleri çykaryldy, onuň 200 inedördül metri tabşyrykdan artyk öndürildi.

* * *
Lebap wealýatynyň dolandyryş merkezinde hersi 48 maşgala niýetlenen 4 gatly jaýlaryň ikisi ulanmaga berildi. Täze 3 we 4 otagly öýlerde ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Türkmenistanlylary amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek döwlet Baştutanynyň durmuş goraglylygyna gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Amyderýa jülgesinde hem ýaşaýyş jaýlarynyň, umuman durmuş we medeni-dynç alyş ulgamynyň binalarynyň gurluşygyna güýçli itergi berildi. Türkmenabadyň we ýurdumyzyň gündogar sebitiniň beýleki şäherleridir obalarynda maşgalalaryň müňlerçesi giň, ähli amatlyklary bolan öýlere göçüp bardylar.

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda döwrebap täze obalar, Türkmenabat şäherinde iri ýaşaýyş jaý toplumlary, şeýle hem mekdepler, çagalar baglary we durmuş ähmiýetli beýleki binalar gurulýar, döwrebap awtowokzal bina edilýär.

Berdimyrta JUMAÝEW

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Energetika Ministrini Kabul Etdi

syrach

Baýramçylyk desterhanyna sowgat,,,,,,,

syrach

Putin Özbegistanda saparda boldy.

syrach