Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda bedew batly, ösüş-özgerişler bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyz toý-baýramlara beslenýär. Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň umumyadamzat gymmatlyklarynyň biri-de owadanlykda, ýyndamlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleridir. Milli gymmatlyklarymyzyň arasynda behişdi bedewleriň aýratyn orny bar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uludan bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy ahalteke bedewleriniň ýyndamlygyny, görkanalygyny jahana ýaýýar. Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ahalteke bedewleriň taryhy kökleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi we «Behişdi bedewleriň waspу sungatda» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň durmuşynyň dürli döwürlerinde ajaýyp atlarymyz hemişe onuň şöhratly taryhynyň bezegi boldy. Dünýä atçylygynda saýlama tohum hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasy, onuň kalbynyň ganaty, milli mirasy hasaplanýar. Behişdi bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen jigitleriniň wepaly ýoldaşlary, kyn günlerinde bolsa ýürekdeşleri bolup geldi.
Maslahata gatnaşan myhmanlar ahalteke bedewlerini wasp edýän çykyşlary edip, öz gözelligi, duýgurlygy, häsiýetli aýratynlyklary netijesinde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe bolan bedewlerimizi wasp edýän şygyrlary hem okadylar.
Sergi Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen bedewi barada aýdan pähimli sözleri, ýazan kitaplary, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň arassa ahalteke tohumyndan bolan Akhanyň üstinde gezelenç eden pursatlaryndan fotosuratlar bilen açylýar. Serginiň dowamynda bedewleriň taryhyna, bezeg şaýlarydyr, at esbaplaryna we dokumental fotosuratlara orun berilýär.
Şeýle-de, sergide belli suratkeşleriň türkmen bedewleriniň keşbini janlandyran eserleri möhüm orny eýeleýär. Olardan I.Işangulyýewiň «Gaýduwsyz», «Türkmen bedewi», «Toýçy», Ö.Mämmetnurowyň «Ýanardag», P.Gapançaýewiň «Akhan», «Berkarar» ýaly eserlerini görkezmek bolar. Ondan başga-da sergide altyndan, kümüşden ýasalan ahalteke bedewiniň heýkelleriniň dürli görnüşdäki şekilleri görkezilýär. Sergä döredijilik adamlary, atşynaslar, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän adamlar, talyplar gatnaşdylar.
Çeşme: https://medeniyet.gov.tm/