2020-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň Milli meýilnamasyny düzmek babatda iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça öňüni alyş çäreleri, maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy babatda pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maslahatlaryna laýyklykda we Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň nazarda tutulmagynda, ýurtda howply ýokanç keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça zerur bolan çäreleriň ählisiniň durmuşa geçirilýändigi barada bellenip geçildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň orny barada hem aýdyldy.
Çeşme: mfa.gov.tm