16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ YLYM

Asyra Ýaň Salan “Hepdäň Owazy”

1950 – nji ýyl Mundialda Braziliýanyň utulmagy, Urugwaýyň gazanan ýeňşinden köp dile alnypdy. Heniz henizlerem arhiwi dörsek sarylaryň utulyşy hakyndaky gürrüňleri kösenmezden tapmak mümkin. Bu mundial utuşy Urugwaýa berse-de ýeňijä berilýän “ýeňiji hormatyny” Peläniň watandaşlaryna peşgeş etdi.

1990 – njy ýyl finalda Germaniýa üstün geldi, emma ýeňijä goýulmaly hormata bolsa ýene-de başgalar eýe çykdy. Has dogrusy ýekeje adam. Emin tarapyndan ýol berlen ýekeje ýalňyşyň gurbany bolan, kümüş medaly boýnuna dakmaga-da namys edip, sojap-sojap aglaýan Maradonanyň keşbi dünýä mediýasy arkaly öýme-öý aýlanypdy.

1994 – nji ýylda Roberto Bajonyň nädürs penaltisiniň şemaly, brazilleriň şowhunly utuşyny göge sowrup taşlapdy. Häli häzirlerem internetden şol mundialy gözletsek, italiýaly uzyn saç tarapyndan amala aşyrylan penaltiniň suratlary hatar-hatar öňümizden çykar durar.

2006 – njy ýylda žurnalist Hajymyrat Söýünowyň dili bilen aýdanymyzda, Zidanly wakanyň kölegesinde galan mundial (öz düzgün bozmagyň bilen uly mundialy kölegelemek uly üstünlik dälmi eýsem). Hakykatdanam, bu ýaryş, Zidanyň baş goýan mundialy diýip hakydamyza siňipdir welin, oýnuň ahyryndaky penaltilerde kimleriň çykyş edenligini hem “google” girmezden ýatlap bilýänimiz az-azdyr. Diýmek, bu gezegem ýeňiji hormatyny gazanan utan tarapyň wekili däl.

Has gysga aýdanymyzda, kimiň üstünlige eýeligi, heniz şol ýaryşa barmanka belli. Utuşy hasaba görä, eminler kesgitläp goýberýär. Emma ýeňijini bolsa janköýerler, ýagny Halk kesgitleýär. Hut şonuň üçindir, milli ýygyndymyzyň goragçysy Zafar Babajanow öz interwýusynda “biziňki netije gazanmak,ýeňiş janköýerleriň paýy” – diýendir.

Aý garaz hepdäniň owazyndan başlan gürrüňimiz asyrlaryň gulagyny şyňlatdy. Adaty endigimden daş düşip, köprägem gepledim welin, sözümiň soňunda ýene bir zady belläýin. “nädip üstünlik gazanmaly” – diýen sorag barada. Bu hakynda Ýewropada we Amerikada köp ýazyldy. Hatda daşy owadanja kitap baryny çykaryp baýanlaram bar. Emma men olaryň birinden hem ugur almagy doly derejede dogry hasap etmedim. Asyl-ha men Ýer ýüzindäki ýedi milliard adam üstünlige ýetäýende-de ýedi milliard sany üstünlikli ýol bolar diýip hasap edýärin. Diýmek, öz ýoluňy tapmaly. Ol hem, jemgyýete peýdaly bir käri ele alyp, şol käre täzelik getirip, wepaly bolup galmak bilen gazanylýar. Çünki ýeňiş we üstünlik millionlary özüňde jemlemek bilen däl-de seniň käriňe janköýerlik edýänleriň alkyşy bilen kesgitlenilýär.

Merdan Baýat, sport synçysy.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Ýaşlaryň Innowasion Ylmy Taslamalarynyň Bäsleşiginiň Jemi Jemlenildi

Türkmenistanyň Prezidenti we Palestina Döwletiniň Prezidenti

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy