Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri saz muşdaklaryna ýatdan çykmajak aýdym-saz agşamyny peşgeş etdi. Geçen dynç günleri «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaňlanan Golliwudyň meşhur filmlerine sazlar paýtagtly saz muşdaklaryna kino sungatynyň jadyly täsiri bilen geçen döwre syýahat etmäge we «Titanik» gämisinde bolmaga, Agent 007-niň syrlaryny bilmäge, Ikinji jahan urşunyň hasratyny duýmaga, «Ýyldyzlar urşunyň» şaýady bolmaga we Ýura döwrüniň seýilgähine baryp görmäge mümkinçilik berdi…
Naýbaşy sazlaryň her biri çalnanda görkezilen Golliwudyň iň gowy filmlerinden bölekler has täsirli boldy, agşamy alyp baryjy Selbi Ýomudowa bolsa olaryň döreýiş taryhyndan gyzykly wakalary gürrüň berdi.
Resul Gylyjowyň döreden sazlara baý kreatiw konserti kino eserleriniň ýordum ekspressiýasy bilen melodiki frazalaryň sazlaşygyny döretdi. Zehinli saz film bilen aýrylmaz baglanşykly bir bütewi eserdir. Bu babatda Nino Rota ajaýyp sazlaryň ussadydyr. Ol «Çokundyran ata» filmine hem degişlidir, onda Rotanyň sazy – beýan edilýän jenaýatçylykly we şahsy drama üçin epiki fon bolup hyzmat edýär.
Halkara bäsleşikleriniň baýraklarynyň eýesi Aýbölek Muhyýewa bäş gezek «Oskar» baýragyna mynasyp bolan Jon Uilýamsyň «Şindleriň sanawy» filmine sazyny skripkada ýekelikde ýerine ýetirdi. Aýbölek eseriň kino mahsus göwrümliligini ussatlarça berip bilendigi üçin tomaşaçylaryň şowhunly alkyşyna ws ussat dirižýor Gylyjowyň öwgüsine mynasyp boldy.
Stiwen Spilbergiň «Terminal» atly tragikomediýasyna Jon Uilýamsyň döreden sazy eseriň esasy ideýasyny: durmuşyň özüniň garaşmakdygyny, ýöne garaşaňda-da hereket etmelidigini ýatladýar. Klarnetde ýekelikde çykyş eden Ýusup Öwezow çykgynsyz ýagdaýdan çykalga gözleýän baş gahrymanyň ugurtapyjylygyny we ruhy gaýratyny, içki duýgylaryny çeper beýan etdi.
Türkmen sahnasynyň jaz ýyldyzy Maýsa Nyýazowa «Janpena» filminden Uitni Hýustonyň meşhur aýdymyny täsirli ýerine ýetirdi…
Konsertiň ahyrynda tomaşaçylaryň yzy üzülmeýän el çarpmalaryna tolgunan Resul Gylyjow: «Gadyrly dostlar! Belki, çykyşymyzdan soň biziň çalan sazlarymyz ýazylan filmleriň käbirine gaýtadan tomaşa edesiňiz geler. Eger şeýle bolsa, onda biziň maksadymyza ýetdigimiz bolardy»- diýdi.
Konsertden soň tomaşaçylar bilen geçiren gysgaça söhbetdeşligimiz Resul Gylyjowyň niýetiniň ýerine düşenligini görkezdi. Tomaşaçylaryň ýürek joşgunyny simfoniki orkestriň döredijiliginiň muşdaklarynyň biri Tatýana Golşteýniň aýdan sözleri bilen beýan etse bolar: «Resul Gylyjowyň konsertleri ylhamyňy oýarýar we göwnüňi galkyndyrýar, estetiki ölçegleri özgerdýär hem-de adaty zatda gözellik görmegi öwredýär».
Tamara GLAZUNOWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/