14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Nebit-Gaz Pudagyny Döwrebaplaşdyrmagyň Çäklerinde Siemens Kompaniýasynyň Gaz Turbinalary Satyn Alnar

Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinden uglewodorod çig malyny çykarýan hem-de ony ugradýan «Lebapgazçykaryş» müdirligi Naýyp gaz ýatagynda hereket edýän nebit-gaz toplumyndan çig mal iberilişini gowulandyrmaga niýetlenen göçme kompressor enjamlary bilen üpjün ediler.

Kärhanany tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak üçin geçirilen halkara bäsleşigniň netijesi boýunça gar-turbina herekete getirijili enjam satyn alnar. Siemens kompaniýasynyň çykarýan SGT-300 we SGT-100 gaz turbinalary nebit-gaz pudagynda giňden ulanylýar. Olaryň bloklara bölünip ýasalmagy magistral gaz geçirijilerde ygtybarly we tygşytly göçme kompressor enjamlaryny, turba geçirijilerde gaz basyşyny ýokarlandyrmak hem-de iberilýän gazy senagat ulgamlarynda ýygnamak we gysmak üçin enjamlary oturtmaga mümkinçilik berýär.

2030-njy ýyla döwür üçin ýurduň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň çäklerinde we uglewodorod çig malyny çykarmagy artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň jähtinden kärhananyň maddy-tehniki binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Ýylyň başyndan bäri «Lebapgazçykaryş» kärhanasynyň Kükürtli, Malaý, Bagaja, Sakar, Çartak, Farap, Täjibaý känlerinde 3 milliard kub metre golaý tebigy gaz gaz çykarylyp, tabşyryk 136,1 göterim ýerine ýetirildi. Gaz kondensatynyň önümçiligi-de ep-esli artdy, 21 müň tonna golaý suwuk uglewodorodlar alyndy, ýagny tabşyryk 131,8 göterim amal edildi.

Wladimir KOMAROW
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Orta Asyr Arheologiýa Ýadygärlikleriniň Elektron Kartasy Döredildi

Türkmenistanyň Mejlisi Kanunçylyk Namalarynyň Birnäçesiniň Taslamalaryna Garady we Kabul Etdi

Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy Halkara Muzeý Güni Mynasybetli…