4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň Wekilleri Bilelikdäki Resminamanyň Taslamasyny Ara Alyp Maslahatlaşmak Üçin Duşuşyk Geçirdiler

2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň hem-de ÝUNISEF-iň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça maksatnamasynyň resminamasynyň taslamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy maksady bilen duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Maliýe we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri, şeýle-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň wekilleri bu resminamanyň esasy aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar we bilermenlik pikirlerini alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu resminamanyň Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasyndaky çagalaryň saglygynyň we bagtyýar durmuşynyň ilerlerilmegi boýunça hyzmatdaşlygynyň has hem giňeldilmegine ýardam eder we öz nobatynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ösdürilmeginiň prosesinde möhüm ädim bolar. DIM

Degişli makalalar

Ýokary Derejedäki Türkmen-Özbek Gepleşikleriniň Jemleri Boýunuça Ikitaraplaýyn Resminamalaryň Toplumyna Gol Çekildi

Türkmenistan we Azerbaýjan Ikitaraplaýyn Hyzmatdaşlygyň Strategiki Häsiýete Eýedigini Beýan Etdiler

turkmenhabargullugy

Dine Uýmak Erkinligi we Dini Guramalar Atly Tegelek Stol Çäresi Geçirildi