16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Parahatçylygyň we Azatlygyň Goragçylaryny Sarpalamak-Türkmen Halkynyň Asylly Däbi

Türkmen halkynyň beýleki doganlyk halklar bilen faşizme garşy uruşda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk senesini bellejek wagty daş däl. Bu senäniň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe resminamalara, şol sanda uruş weteranlaryny, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlaryny hem-de tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Ýeňiş baýramy adamzadyň parahatçylyga, dostluga, doganlyga we döredijilikli zähmete bolan islegini alamatlandyrýan uly ähmiýetli wakadyr. Her ýyl 9-njy maýda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ХХ asyryň iň gazaply we gandöküşikli urşunda gahrymanlyk we edermenlik görkezip, öz mukaddes borçlaryny mynasyp berjaý edip ata Watana gaýdyp gelenleri, tylda zähmet çekenleri, weteranlaryň ýanýoldaşlaryny sarpalaýarlar.

Ýurdumyzda şeýle hem häzirki we geljekki nesilleriň röwşen durmuşy üçin janyny pida eden gahrymanlara çuňňur hormat goýulýar. Türkmenistanlylaryň uruş we zähmet gahrymançylyklary häzirki döwürde biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda parahat we abadan ýaşamagymyzyň kepiline öwrüldi.

Türkmen halky Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Urşuň başlanandygy barada habar gelenden soňra, watandaşlarymyzyň müňlerçesi urşa gitdi. Olar beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, azatlyk ugrunda söweşdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar, onuň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanly esgerleriň köpüsi urşuň gazaply synaglardan doly ýollaryny geçip, görkezen edermenlikleri üçin söweşjeň ordenlere we medallara mynasyp boldular, olaryň ýüzden gowragy bolsa Gahryman diýen belent ada eýe boldular. Milli gahrymanlaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» ýadygärlik kitaplarynda ebedileşdirildi.

Ýyllaryň geçmegi bilen Ýeňiş baýramy has çuňňur mana eýe bolýar, nesilleriň arasyndaky üznüksiz baglanyşygy alamatlandyrýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky öz gahrymanlaryny sarpalaýar.

Biziň ýurdumyzda uruş weteranlary hem-de kyrkynjy ýyllaryň agyr synaglaryndan geçenleriň hemmesi aýratyn alada bilen gurşalandyr. Uly ýaşly nesil hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz ýaşulularymyzyň we kümüş saçly enelerimiziň durmuş tejribesine ägirt uly hormat bilen garaýarys, olaryň pähim-paýhasy jemgyýetiň ahlak daýanjy bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere hem-de uruş weteranlarynyň ýanýoldaşlaryna berilýän düýpli ýeňillikler netijesinde olaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredilendir.

Öz nobatynda, uruş we zähmet weteranlary Watana gulluk etmegiň göreldesini görkezip, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň pugtalandyrylmagyna, ýaş nesliň Watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ynsanperwerlik hem-de ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine uly goşant goşýarlar.

Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň ýurdumyz üçin ýene bir ajaýyp senä — hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy bellenilýän ýyla gabat gelmegi bellenilmeli ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan döwletimize berlen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasat ugry sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar hem-de dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe bolýar.

Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz sebit we ählumumy derejede ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi, munuň özi türkmen halkynyň iň gowy däpleriniň dowamatlylygynyň alamaty hem-de ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluna goýulýan hormat-sarpanyň nyşanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli öňe sürýän oňyn başlangyçlary ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine, durnukly ösüş we abadançylyk maksatlaryna ýetmek ugrunda dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Täze taryhy eýýamda biziň gözbaşlarymyz hem-de şöhratly mirasymyz, ata-babalarymyzyň mähriban ýurdumyzda parahatçylygy we abadançylygy gözüň göreji ýaly gorap saklamak barada parasatly wesýetleri ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär, onuň esasynda ýurdumyz özüniň bagtly durmuşyny we röwşen geljegini gurýar.

Milli gahrymanlarymyza belent sarpa goýmak we olary hemişe ýatlamak, türkmen jemgyýetiniň üýtgewsiz ýörelgeleriniň biridir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medallary, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar uruş weteranlaryna, olaryň ýanýoldaşlaryna hem-de tylda zähmet çeken weteranlara dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Sylaglara mynasyp bolanlaryň sanawy aýratyn kitap görnüşinde neşir ediler. TDH

Degişli makalalar

В Туркменистане открылся новый международный аэропорт – в городе Керки

turkmenhabargullugy

Daýahatyn Kerwensaraýy Taryhy Ýadygärligiň Rejeleýiş we Dikeldiş Işleriniň Ilkinji Tapgyry Tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti we Italiýanyň Premýer-Ministriniň Matteo Bilelikdäki Beýannamasy

syrach