4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Galtaşyksyz Töleg Tehnologiýasy

Bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga hem-de halkyň talabyny kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly ykdysadyýeti tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi düýpli ösdürmek, ilata hödürlenýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, gerimini has-da giňeltmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, bank ulgamynda ýerine ýetirilmeli işleriň düzüminde bank kart ulgamynyň programma üpjünçiligini kämilleşdirmek, galtaşyksyz töleg tehnologiýasyny hem-de «QR kod» tehnologiýasyny işe girizmek üçin programma üpjünçilik enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak ugry hem kesgitlenen. Galtaşyksyz töleg ulgamy degişli bank kartlarynyň ýa-da ykjam telefonlaryň tölegi kabul ediji enjamyň (töleg terminalynyň, «QR kod» okaýjynyň) golaýyna tutulyp galtaşdyrylmazdan, bir basyş arkaly, PIN-kody girizmezden haryt we hyzmatlar üçin ýerine ýetirilýän tölegiň görnüşi hasaplanylýar. Häzirki wagtda galtaşyksyz tölegler «RFID» we «NFC» tehnologiýalary arkaly işleýär. RFID — iňlis dilindäki «Radio Frequency Identification» adalgasynyň gysga aýdylyşy bolup, enjamlaryň radio tolkunlaryň üsti bilen ýerine ýetirilmegine (işlemegine) düşünilýär. RFID tehnologiýasynda okaýjy we maglumat saklaýjy enjamlar (transponder, RFID bellik) ulanylýar.
NFC — iňlis dilindäki «Near field communication» adalgasynyň gysga aýdylyşy bolup, RFID tehnologiýasy esasynda döredilen, «ýakyn aralykdaky galtaşyksyz aragatnaşyk» diýlen manyny berýär. Bu tehnologiýa, esasan, döwrebap ykjam telefonlarda ulanylýar.
Galtaşyksyz tölegleri ýerine ýetirmek üçin galtaşyksyz işleýän ýörite töleg terminaly hem-de galtaşyksyz töleglere niýetlenen ýörite bank kartlary ýa-da NFC tehnologiýaly mobil programma üpjünçiligi bolan ykjam telefon zerur bolup durýar. Bank kartlarynda galtaşyksyz töleg tehnologiýasy üçin niýetlenen çip we töleg terminalynyň aragatnaşygyny üpjün etmek üçin kiçiräk «antenna» oturdylýar. Ykjam telefonlardan peýdalanylanda bolsa, bank kartynyň maglumatlary töleg programmalaryna («Internet-bank» programma üpjünçiligi, «Google Wallet», «Android Pay» we ş.m.) girizilýär we harytlar we hyzmatlar üçin tölegler ykjam telefonyň NFC ulgamynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär.
Galtaşyksyz kartlar we NFC tehnologiýaly ykjam telefonlar töleg terminaly bilen 0-10 sm aralykda işleýär. Şol bir wagtyň özünde, PIN-kody girizmek hem-de gol çekmek zerurlygy aradan aýrylýar. Bu görnüşli tölegleriň mukdarynyň çägi emitent-banklar tarapyndan kesgitlenýär. Daşary ýurt tejribesine görä, agzalan çäklendirmeler her ýurda görä üýtgeýär. Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän galtaşyksyz töleg mukdarlarynyň bellenen çägi bank kartynyň we bank kartyndaky pul serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kesgitlenýär.
Galtaşyksyz tölegler ilkinji gezek 1995-nji ýylda Günorta Koreýanyň Seul şäherinde ulanylyp başlanýar. Seulyň awtobus ulaglary birleşigi tarapyndan ýol hyzmatlarynyň hasaplaşygy üçin müşderilere «Upass» atly galtaşyksyz kartlar hödürlenýär hem-de 1996-njy ýylda doly işe girizilýär.
1997-nji ýylda «ExxonMobil» kompaniýasy müşderilerine galtaşyksyz tehnologiýa boýunça işleýän «Speedpass» atly kiçiräk açarjygy hödürleýär. Sürüjiler bank kartlarynyň maglumatlaryny degişli kompaniýa tarapyndan berilýän ýörite «Speedpass» atly kiçiräk açarjyga girizip, ýangyç beketlerinde tölegi ady agzalan açarjygy ýörite enjamyň golaýyna tutup ýerine ýetiripdirler. «ExxonMobil» ýaly birnäçe iri kompaniýalar häzirki günde hem şeýle hyzmatlaryny müşderilere hödürleýär.
Ykjam telefonlar arkaly galtaşyksyz tölegler ilkibaşda SMS habarlar arkaly ýerine ýetirilýär. Galtaşyksyz tölegleriň ýene bir görnüşi «QR kod» tehnologiýasy arkaly ýerine ýetirilýän töleglerdir. Bu tehnologiýanyň üsti bilen tölegler ýörite QR kody, ýagny «dessin tassyklanylýan kody» skanirlemek arkaly ýerine ýetirilýär. Tölegiň bu görnüşi üçin kameraly ykjam enjam we skanirlemek üçin programma üpjünçiligi zerur bolup durýar. Bank kartlarynyň maglumaty ykjam enjamdaky programma üpjünçiligine birikdirilýär.
Dünýä tejribesinde galtaşyksyz tölegler, esasan hem köp adamly ýerlerde we hyzmatyň tiz talap edilýän ýerlerinde, ýagny ulaglarda, dükandyr bazarlarda, naharhanalarda, ýangyç guýujy beketlerde we ş.m. ulanylýar. Bank kartlarynyň beýleki görnüşleri arkaly ýerine ýetirilýän töleglere görä, galtaşyksyz töleg tehnologiýasy ilatyň wagtyny tygşytlaýar, nobatlaryň döremeginiň öňüni alýar we nagt däl hasaplaşyklary netijeli ulanmaga ýeňillik döredýär.
Galtaşyksyz tölegleriň amatly taraplaryna hasaplaşyklaryň çalt ýerine ýetirilmegi hem-de wagtyň tygşytlanmagy, bank kartyny ulanmak we ýanyňda saklamak zerurlygynyň aradan aýrylmagy (NFC ulgamyndan peýdalanylanda) ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuz bolmagy, bank kartynyň bankomatda galmak töwekgelçiliginiň aradan aýrylmagy we beýlekileri görkezmek bolar.
Ýokarda agzalan ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, kartyň emitent-banky tarapyndan galtaşyksyz tölegler üçin gündelik çäklendirmeler goýulýar. Mysal üçin, belli mukdara çenli PIN-kody girizmezden we karty (ykjam enjamy) töleg kabul ediji enjamyň golaýyna tutup tölegi ýerine ýetirip bolýar. Haçan-da töleg mukdary goýlan çäklendirmeden geçse, PIN-koduň girizilmegi talap edilýär.
Häzirki wagtda galtaşyksyz bank kartlary ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hem dolanyşyga girizilýär. Mysal hökmünde, «Senagat» we «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banklarynyň kartlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň «Visa», «MasterCard» halkara bank kartlaryny görkezmek bolar. Bu bank kartlarynyň ählisiniň ýüzünde «galtaşyksyz şekiljik» ýerleşdirilen. Galtaşyksyz bank kartlaryny ulanyşa goýbermek ýurdumyzyň beýleki karz edaralary tarapyndan hem meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzyň bank ulgamyny has-da ösdürmäge, ilata amatly, ýokary hilli, has çalt hyzmaty ýola goýmaga şert döredýän häzirki zaman bank hyzmatlarynyň döwrebap usullaryny ulgama ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Çeşme: http://metbugat.gov.tm/

google de Türkmenistan, Türkmenistan habar, bank habar, ykdysady habar, tehnologiýa habar, in soňky habar

Degişli makalalar

Türkmen-Owgan Syýasy Geňeşmeleri

RLDP-niň Ýolbaşçysy W.Žirinowskiý Mähirli Garşylanandygy Üçin Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Hoşallyk Bildirdi

Türkmenistan Türki Medeniýetiniň Festiwalyna Gatnaşýar

turkmenhabargullugy