13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Konserwatoriýanyň Uly Zalynda Uruş Ýyllarynyň Aýdymlary Ýaňlandy

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda baýramçylyk konserti boldy. Onda aýdymlar, şeýle hem Türkmensitanyň at gazanan artisti Muhammetçary Annamyradowyň ýolbaşçylygyndaky üflenip çalynýan sazly gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde instrumental eserler ýaňlandy.

Agşam üflenip çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti Berdinyýaz Rejepmedowyň aranžirlemeginde «Baharyň baýramçylyk owazlary» atly türkmen milli sazy bilen açyldy. Onuň özboluşly beýan edilmegi diňleýjilere saz gurallarynyň her toparynyň owazynyň özboluşlylygyna baha bermäge mümkinçilik berdi: fleýtanyň şahyrana solosyndan soň urulyp çalynýan saz gurallarynyň joşgunly sesi, soňra waltornanyň kontrast melodiki frazalary we fagotyň göwrümli goýras sesi ýaňlandy. Tutuş orkestr eseriň durmuşa höwesli we metaforik obrazly finalyny jemledi.

Ýeňijileriň gahrymançylygyny, edermenligini we gaýduwsyzlygyny wasp edýän uruş ýyllarynyň aýdymlary – öz döwrüniň aýratyn, şahyrana sene ýazgysy. Olar häzirem, onlarça ýyl geçendigine garamazdan, durmuş senasy, uruş we tyl gahrymanlarynyň waspy bolup ýaňlanýar. Olaryň birini — Mark Fradkiniň Ýewgeniý Dolmatowskiniň sözlerine döreden «Tötänleýin wals» aýdymyny döredijilik işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragyna mynasyp bolan Aman Amanow ýerine ýetirdi.

Şeýle hem Weniamin Basneriň «Atsyz belentlikde», Mikael Tariwerdiýewiň «Pursatlar», Mark Fradkiniň «Dunaý walsy» we beýelki aýdymlar ýerine ýetirildi.

Konserwatoriýanyň talyby Esmira Fatullaýewa üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde fortepianoda Arno Babajanýanyň duýgylary çeper beýan edýän, melodiki poetika ýugrulan «Noktýurnyny» çaldy.

Konserwatoriýanyň ikinji ýyl talyby Sapa Sapaýewiň ýolbaşçylygynda üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetiren Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň tanymal «Neapolitan tansy» diňleýjilerde röwşen duýgylary oýardy. Aýratynam ikinji ýyl talyby Atajan Aşyrowyň trubada solo sazy tomaşaçylara güýçli täsir etdi.

Baýramçylyga bagyşlanan konsert Türkmenistanyň at gazanan artisti Ysmaýyl Jumaýewiň ýerine ýetirmeginde Dawid Tuhmanowyň Wladimir Haritonowyň sözlerine «Ýeňiş güni» aýdymy bilen jemlendi. Ýürekden aýdylan aýdyma tolgunan diňleýjileriň ör turup aýdymçynyň sesine ses goşmagy, aýdymyň: bu gözlere ýaş inderen baýram diýen sözlerini tassyklaýardy…

Irina SOBOLEWA
Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara Ylmy Maslahat Geçirildi Fotosuratlary

turkmenhabargullugy

Türkmen Wekilýeti CADAP Maksatnamasynyň Sebit Okuwyna Gatnaşdy

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar Fotosuratlary