14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

«Pederlerimiziň Gahrymançylygy-Ýaşlary Watançylyk Ruhynda Terbiýelemegiň Nusgasydyr»

1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde maslahat geçirildi. Maslahat «Pederlerimiziň gahrymançylygy — ýaşlary watançylyk ruhynda terbiýelemegiň nusgasydyr» ady bilen guraldy.

Professor-mugallymlaryň, talyplaryň gatnaşan bu dabarasyna hormatly myhman bolup uruş weteranlary gatnaşdylar. Olar ýaşlara şol ýyllaryň başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de, olar häzirki wagtyň hözürini görüp Watana wepaly bolup ýetişmelidigimiz barada sargyt etdiler.

Dabara gatnaşyjylar maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň asuda-parahat ýurdumyz hakynda edýän atalyk aladalary üçin özleriniň alkyşlaryny aýtdylar.

Jeýhun GELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanda gämiçilik pudagy giňeýär.

syrach

Her Derde Melhem

syrach

Çagalar barada alada.

syrach