13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Beýik Ýeňşiň Dabaraly Harby Ýörişinde Milli Goşunymyzyň Kuwwaty

Merdana pederlerimiziň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gazananyna 75 ýyl geçdi. Häzir biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýarys. Her bir günde biz hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň şaýady bolýarys.

Parahatçylygy we azatlygy miras hökmünde kabul edip, biz olary saklamak we pugtalandyrmak üçin zerur bolan ähli çäreleri görmeli. Munuň üçin Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny işläp taýýarlady. Bu doktrina esaslanyp, ýurdumyz harby gullukçylarymyzyň taýýarlygyny yzygiderli kämilleşdirýär hem-de milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrýar.

Ýeňiş ýörişinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançadan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň dürli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary – motoatyjylar, asmana atyjylar, harby deňizçiler, topçular hem-de «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparynyň harby gullukçylary buýsançly gadam urup geçdiler. Olaryň jebis hatarlary edermen halkymyzyň agzybirliginiň we milli goşunymyzyň söweşe ukyplylygynyň ýokary derejesiniň nyşanyna öwrüldi.

Çeşme: https://milligosun.gov.tm/

Degişli makalalar

Tebigy Gazyň, Elektrik Energiýasynyň, Ýaşaýyş Jaý-Jemagat, Awtoulag we Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Täze Bahalary Bellenildi

Häzirki Zaman Modasynyň Milli Öwüşginleri

syrach

Ynsanperwer Ulgamda Hyzmatdaşlyk

syrach