6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Ýeňiş Ýörişi-Geçmişe Syýahat

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gyzyl goşunyň esgerleriniň geýen harby lybaslarynda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança çykdylar. Olaryň sazlaşykly gadam uruşlarynyň howalasy ýürekleri tolgundyrýar. Täsirli duýgular kalbyňy eýeleýär, hyýalyňda bolsa, geçmişiň unudylmajak wakalary janlanýar.

Uruş ýyllarynda gönüden-göni hereket edýän goşuna ýurdumyzdan 200 müňden köp urşujy gitdi. Şolardan 90 müňe golaýy urşuň ähli frontlarynda Watanyň, halkyň azatlygy ugrundaky söweşlerde wepat boldy. Söweş meýdanynda görkezen edermenligi we mertligi üçin 70 müňden gowrak türkmenistanly esgerler dürli görnüşli söweşjeň sylaglara mynasyp boldular. Sowet Soýuzynyň Gahrymanlaryny ilat sany boýunça her 100 adamdan 1 adama paýlanyňda, Türkmenistan döwletimiz ozalky Sowet Soýuzynyň Respublikalarynyň arasynda 1-nji orny eýeleýär.

…Ýeňiş ýörişinde bu sanlar janlanyp, geçmişe gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Ýaşyl kaskalar, goňur ýapynjalar, serkerdeleriň pagonlaryndaky ýyldyzlar, uruş döwrüniň baýdaklary…, janly film ýaly, gözüň öňünden geçip gidýär.

Weteranlar üçin bu ýöriş geçmişini ýada salsa, ýaşlar üçin nägehan urşuň nähili bolandygyna, edermen pederlerimiziň nähili söweş ýoluny geçendigine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.

Çeşme: https://milligosun.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistan we Gazagystan Häzirki Döwrüň Möhüm Meseleleri Boýunça Birmeňzeş Garaýşa Eýedir

“Köpetdag” Myhmançylykda “Energetikden” Üstün Çykdy

Elektron Kitaplaryň Taryhy