14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Eksport…

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Eksport Mükinçilikleri we Importa Bolan Islegleri Boýunça Duşuşyk Geçirildi

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport mükinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Bu duşuşyk gatnaşyjylara Türkmenistan bilen RF-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistandan harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyjylar türkmen önümleriniň – tekstil harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň RF-na iberilmegi bilen bagly meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Mejlisiň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly işiň gidişine hoşallygyny bildirdiler. DIM

Degişli makalalar

Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Halkara Uniwersiteti Kremsiň Amaly Ylymlar Uniwersiteti Bilen Hyzmatdaşlygy Ösdürýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Iň Beýik Nokady Bolan Aýrybaba Dag Depesine Alpinistler Aziada-2017-niň Nyşanyny Çykarar