13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Hytaý Energiýa Sarp Edilişiň Öňki Tertibine Tiz Dolanmaga Umyt Edýär…

Hytaý Energiýa Sarp Edilişiň Öňki Tertibine Tiz Dolanmaga Umyt Edýär, OPEC Bilen Hyzmatdaşlyk Etmek Isleýär

Hytaý COVID-19 koronawirusynyň ýaýramagyndan öňki ýagdaýdaky energiýa sarp edilişiniň tertibine gysga wagtda dolanmaga umyt bildirýär, şeýle hem dünýäniň nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin OPEC bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär. Bu barada OPEC-iň baş sekretary Mohammed Barkindo Hytaýyň Milli energetika edarasynyň ýolbaşçysy (National Energy Administration) Žan Žanhua bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça habar berildi, diýip Interfaks belleýär.

Žan Žanhuanyň belleýşi ýaly, dünýäde nebiti iň iri import ediji bolup durýan Hytaý koronawirus bilen bagly ýagdaýdan soň dikelmek ýoluna düşdi we ýakyn wagtda energiýa sarp edişiniň öňki tertibine dolanyp gelmäge umyt edýär. Bu bolsa nebit pudagyna ýardam eder.

Onuň nygtamagyna görä, Hytaý dünýäniň nebit senagatyny durnuklaşdyrmak, geljekki bütindünýä energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça OPEC bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek isleýär.

Žan Žahuanyň pikirine görä, dünýä ykdysadyýetini dikeltmäge üç element ýardam edip biler: nebit söwdasyny utgaşdyrmak we giňeltmek üçin söwda ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa bazarynyň durnuklylygyny goldamak üçin kommunikasiýany kämilleşdirmek we önümçilik zynjyryny giňeltmek üçin, şol sanda nebit önümlerini, olary saklamaklygy we ibermekligi giňeltmek üçin praktiki utgaşyklylygy berkitmek.

COVID-19 koronawirus pandemiýasy sebäpli karantinleriň girizilmegi dünýä boýunça nebite bolan islegiň 25 göterim pese düşmegine getirdi.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Satyn Almalar Barada Ýörite Habarnama

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy

ABŞ-da Buraw Desgalarynyň Sanynyň Artýandygy Baradaky Maglumatlaryň Netijesinde Nebitiň Bahasy Aşaklady