Wirtual dünýäniň ähli güýmenjelerinden daşlaşyp, käte tebigata çykyp guşlaryň sesini, uzakdan eşidilýän owlak-guzularyň mäleýşini, çeşmeleriň şildiräp akyşyny eşidesiňiz gelýärmi? Bir pursatlyk elleriňizdäki mobil telefonlary taşlap, onuň deregine köpden bäri okamagy arzuw edip ýören kitabyňyzy alyp, gözleriňizi telewizoryň we kompýuteriň şöhlesinden aýryp, tebigatdaky ajaýyp reňkleriň sazlaşygyna bakasyňyz gelýärmi?
Hawa, tehnologiýanyň durmuşymyza bildirgisizden ornaşmagy bilen bir döwürler ynsan üçin adaty bolan kitap okamak, tebigatda gezim etmek, wagtyň köpüsini dostlaryň bilen geçirmek, çagalaryň gyzykly gürrüňlerine diň salmak, geçen günleriňi ýatlaşyp oturmak, çaý başynda günüň dowamynda edilen we ediljek işleri maslahatlaşmak… ýaly endiklerimiz indi biziň üçin wagtyň ýetmezçiligi bahana edilip kem-kemden daşlaşylyp barýan zatlara öwrüldi. Elbetde, tehnologiýa işimizi ýeňilleşdirýär, wagtymyzy tygşytlaýar — muňa söz ýok. Emma şol tygşytlanan wagty bolsa, ol ýene-de özünde, ýagny wirtual dünýäde sarp etdirýär. Aýratyn hem, kitap okamak häzirki wagtda köpler üçin mobil aragatnaşygyň ýok ýeriniň gürrüňi bolup barýar.
Aslynda, kitap okamak endiginiň ynsana bagyşlaýan ukyp-başarnyklaryny hiç bir tehnologik ösüş hem onuň aňyna ornaşdyryp bilmeýär. Wakalary seljermek, hyýal güýjümizi ösdürmek, söz baýlygymyzy artdyrmak, ýatkeşligimizi güýçlendirmek, duýgularymyza erk edip, anyk netijä gelmek, erkin pikirlenmek… ýaly ençeme gymmatly ruhy-ahlak üstünlikler diňe we diňe kitap okamak endiginiň ynsana peşgeş berip biljek başarnyklarydyr.
Gözler kalbyň aýnasydyr
Ynsan dünýäni gözi bilen görýär, akyly we kalby bilen seljerýär. Gözler beýnimiziň daşky dünýä bilen arasyndaky köpri bolup hyzmat edýär. Köpriniň bir tarapyndaky gözler maglumatlary we şekilleri beýnimize iberýär. Beýnimiz bolsa gelýän maglumatlary akyl eleginden geçirip, olary biziň şahsyýetimiziň binýat daşlaryna öwürýär. Şeýlelikde, şahsyýet kämilligi kemala gelýär.
Kitap okanymyzda beýnimizdäki neýronlaryň arasyndaky täsirleşme has artyp, biziň pikirleniş ukybymyzy artdyrýar we zehinimizi ýiteldýär. Kitap okamakdan başga hiç bir ýagdaýda netijeli ösüş gazanmaklyk mümkin däl. Eger-de höwes edip kitap okamaga başlanymyzda içimiz gysyp, ukymyz gelip, ondan lezzet almaýan bolsak, biliň, bu kitabyň gyzyksyzlygyndan däl, eýsem, beýnimiziň uzak wagt bäri türgenleşmän ýatanlygyndandyr. Günüň dowamyndaky edýän işlerimiz beýnimizi türgenleşdirmeýärmi näme?! Ýok, ol işler eýýäm biziň üçin endige öwrülen işler bolup durýar.
Bir iş-bir maksat
Paýtagtymyzdaky geçirilen kitap sergileriniň birinde daşary ýurtly audio kitap öndüriji kompaniýanyň wekili bilen söhbetdeş bolupdym. Şonda ol: «Tehnologiýa näçe ýönekeý boldugyça, ol şonça-da kämildir» diýipdi. Görşümiz ýaly, häzirki wagtda ösen tehnologiýalary ulanmak känbir ukyp talap edip baranok. Indi öňküler ýaly ençeme düwmeleriň ornuny «sensor» ulgamy eýeläp, tehnologiýada bitirýän işlerimiz hakykata has golaý görnüşde amal edilýär. Akylly mobil telefonlarda kitap okap bilmek mümkinçiligi köpimizde «Indi kitaplary telefonda hem okaryn» diýen düşünjäni aňymyzda janlandyrýar. Internetden elektron kitaplary telefonymyza ýükleýäris. Emma, näme üçindir, juda seýrek ýagdaýda bu kitaby tamamlap bilýäris. Munuň iň esasy sebäpleriniň biri telefonda biziň ünsümizi sowýan köp güýmenjeleriň bolmagydyr. Ýaňy bir kitap okap, gyzygyp ugransyň welin, gelen bir SMS habary, ýa bolmasa sosial aragatnaşyk saýtlarynda täze biriniň sizi öz kontaktyna goşandygy baradaky duýduryş signaly we ýene-ýeneler bizi kitap okamakdan sowaşdyryp, gymmatly wagtymyzy alýar.
Şeýlelikde, az salym geçmänkä, bir görsek, telefonymyzdaky wideolara tomaşa edip ýa-da aýdym diňläp oturan haldadyrys. Şonuň üçin bir işiň bir maksatly bolmagy kitap okanymyzda iň esasy zatdyr. Adaty kagyza çap edilen kitaplary okanyňda, ol bize has gowy lezzet berýär. Ünsümiziň bölünmezligi üçin hem ol kitaplar has oňaýlydyr. Olaryň «batareýasynyň» ýatjak gümany ýokdur. Telefonlarymyzy bir pursatlyk öçürip goýsak, kitap okamagymyza başga hiç zat päsgel bermez.
Kitap ynsany, ynsan bolsa dünýäni özgerdýär
Üstünlikden ýüz öwürýän ýok bolsa gerek. Durmuşyň islendik ugrunda belent maksatlara ýetmek, ösüş gazanmak ynsanyň bu dünýä gelmeginiň asyl manysyny açyp görkezýär. Suwuň gysymymyzdan syzylyp gidişi ýaly, wagt hem bizi «köneldip» barýar. Agaç çapmaga giden iki dostuň biriniň öndürijiligine beýlekisiniň gözi gidip, munuň sebäbini soranda, öz sowalynyň jogabyny «Paltaňy iň soňky gezek haçan ýitilediň?» diýen soragynda tapmagy biziň hem öz-özümize «Sen özüňi iň soňky gezek haçan ýitilediň?» diýen sowaly soramaga getirýär. Elbetde, özümizi çarha tutup, ýitiläp bolmaz, ýöne her bir okajak täze kitabymyzyň bizi çalgy daşy kimin ýiteltjekdigi welin ikuçsuzdyr. Ýitilenen iş guraly bilen iş öndürijiligimiziň artyşy ýaly, ýitilenen zehin, posy aýrylan täze dünýägaraýyş bilen ynsan dünýäde ajaýyp özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilik alýar.
Her kitap-bir ykbal
Näçe kitap bar bolsa, ol şonça dünýä diýmekdir. Näçe köp kitap okasak, şonça köp ynsanyň dünýäsine aralaşmak, şonça-da köp dürli durmuşyň içinde özümizi bir pursatlyk duýup görmeklikdir. Ynsany özgerdýän zatlaryň iň esasylary onuň durmuşyndaky wakalardan netije çykaryşydyr. Döwrümiziň ýa-da taryhyň iň akyldar adamlaryny, iň okumyş alymlaryny tapyp, olara duşup bolmaz, ýöne beýik şahsyýetleriň pikirleriniň gaýmagyny welin, olaryň ýazan kitaplaryndan almak bolar. Dünýäde ýazylanyna ýüzlerçe ýyl geçen bolsa-da, henizem öz gymmatyny saklap gelýän kitaplar az däl. Ol kitaplar eýýäm millionlarça ynsanyň akyl eleginden geçip, her kişiniň okamagy zerur hasaplanýan kitaplardyr. Ol kitaplary filme öwren režissýorlar abraýly baýraklara mynasyp boldular, sahna eserine öwren dramaturglar öz kärlerinde ussatlyk gazandylar. Emma her näme bolsa-da, ýazylan bir eseri kitap hökmünde okamak ony film ýa-da sahna eseri hökmünde tomaşa etmekden has gyzyklydyr. Filmler kitaplarda beýan edilýän her bir duýgyny ýa-da wakany şekillendirmekden ejiz bolup durýar. Sözüň güýjüni, ýazaryň pikir çugdamlygyny hakyky durmuşda ýaşalan ýaly tomaşaça ýetirmek filmlere başartmaýar. Şeýle-de filmler taýýar şekilleri hödürlänsoň, tomaşaçy hyýal güýjüne agram salman, oňa tomaşa edýär, emma kitapda okyjy her bir wakany, her bir gahrymany öz içki dünýäsinde janlandyryp, aňynda öz filmini özi düzýär.
Çeşme: metbugat.gov.tm