Hawa, eger siz şeý diýýän bolsaňyz-ýagny men üstünligiň 10 sebäbinden käbirlerini oňaramok ýa-da üstünlige ýetmek üçin ir bilen 6-da turup bilemok diýýän bolsaňyz, onda siz käbir işiňizi şowly edýän ýa-da durmuşda şowlulyklary özüne çekýän zatlar barada bilmek size, belki üstünlik getirer. Biz bulary şowlulyk getirýär diýip pal atyp aýdamyzok, ýörite ylymlaryň esasynda subut edilen hakykaty ýetirýäris. Siz bu hakynda has giňişleýin maglumat gorlaryndan ýagny, internet torlaryndan ýa-da kitaplardan okap bilersiňiz. Käbirlerini sanajak:
Şowlulyk dileýän güller. Otag güllerini idedýänler, ýa-da güller bilen içgin gyzyklanýanlar, eýýäm haýsy gülleň eýesine şatlyk, baýlyk, bagtlylyk ýa perzent diläp berýänini bilýändirler. Bilmeýänler üçin baýlygyň generatory diýlip häsiýetlendirilýän paporotnigi, kaktusy, gerany, krasulany edinmeklerini ýa-da olara ynanmaklaryny maslahat berýäris. Güller janly tebigatyň önümi.
Girdejini özüne çekýän “magnit” daşlary. Daşlaryň syryny litomagiýa ylmy öwrenýär. Her bir daşyň özboluşly häsiýetleriniň, kesel bejerijilik täsiriniň bardygyny pöwrize, ýantar, daşlaryndan ýasalan şaý-sepleri dakynýan gelin-gyzlaryň-a aglabasy bilýändir. Gyzyl ýaşma, rubin we granat daşlary eýesine ynanylmaz derejede girdeji getirýär- diýip degişli bilermenler aýdýar.
Şowlulygy aňladýan sanlar. Numeralogiýa sanlary öwrenýän ylym. Sanlaryň üstünlige näme dahyly barka?! diýýänler üçin gysgaça, Gün “1”-ligi aňladýar, 2-ligi Aý dolandyrýar, 3-lük Ýupiter, 4-lük Mars, 5-lik Saturn, 6-lyk Wenera, 7-lik Merkuriý…planetalar dolandyrýar. Doglan günüňiziň senesi şol ýyldyzlaryň astynda doglandygyňyzy aňladyp, şol planetalaryň Ýer ýüzüne ýetirýän energiýa güýji olara täsir edýär. Numerologlaryň pikiriçe, sanlaryň içinde içinde 3-lük iň şowly san hasaplanýar. Her ýyldyzyň özüne degişli şowly sanlary bar. Aýdaly, hutlar (рыбы) üçin 1, 4, 10, 14, 19, 24, 28 sanlar işlerini şowly edýär.
Ruhubelentlik getirýän reňkler. Fen-şuýçular, esasan gyzyl reňkiň energiýa tolkunynyň şowlulyk döredýändigini belleýärler. Dünýä ýüzünde islendik ýaşaýyş jaýy, islendik desga açylanda kesilýän gyzyl lenta hem şol ýere üstünligi, şowlulygy ugrukdyrýarmyş. Ýaşyl reňk saglyga we girdejä oňyn täsir edýär. Astrologlaryň pikiriçe, dürli ýyldyzyň astynda doglan adamlaryň özlerine ruhubelentlik, ynam berýän ýörite täsir edýän reňkleri barmyş. Meselem, ekizekler ýyldyzynyň astynda doglanlara sary reňk pozitiw energiýa, güýç berýär.
Aladalaryňyzy unutdyrýan sazlar – eýýäm, haýsy saz diýip howlugýansyňyz. Saz sungaty adamyň ruhy dünýäsi bilen bagly. Rahatlandyryjy sazlar hökmünde meditasiýa sazlaryny diňlemek maslahat berilýär. Gözleseňiz, diňleýjileriň maslahat bermeginde üstünligi özüne çekýän aýdym-sazlar bar.
Ýeňşe ruhlandyrýan suratlar. Psihologlar el telefonlaryň ýüzünde, iş otaglaryndaky suratlara günüň dowamynda 150-200 gezek seredilende, adamyň aňynda üstünlige tarap ideýalaryň programmirlenýändigini belleýärler. Meselem, fen-şuý akyldarlary tylla balygyň suratynyň baýlyk getirýänini, täze işe başlaýanlara bürgüdiň ýiti nazarly, belentlikdäki suratynyň; tawus guşunyň suratlarynyň; gözellik, rahatlyk isleýänleriň kebelegiň; çagalaryňyzyň, ýa maşgala suratlarynyň goýulmagy maşgala agzybirligine ýetirýän täsiriniň uludygyny belleýärler.
Aslynda, bizden öňdäkileriň aýdyşy ýaly, üstünlig-ä özüňe ynanmakdan başlanýar. Emma eger bu sizde ýetmezçilik edýän bolsa, onda ýokarky aýdylanlaryň haýsyna mümkinçiligiňiz bolsa şony öwreniň, özüňize ediniň. Bu siziň hemişe şowly adamdygyňyza ynandyrar. IŇ ULY ÜSTÜNLIK özüňiziň islendik işde ŞOWLULYGY GAZANJAKDYGYŇYZA YNAMLY ÝAŞAMAGYŇYZDYR!
Şirin ŞIRLIÝEWA, “Türkmenistan SPORT”
Çeşme: Atavatan Türkmenistan