Dünýäniň iň abraýly ylym-bilim guramalarynyň kesgitlemegine görä, her ýyl iň gowy ýokary okuw jaýlarynyň sanawy düzülýär. Şol sanawyň birinjiligini indi 2015-nji ýyldan bäri Massaçusets tehnologiýa instituty (Massachusetts Institute of Technology) saklap gelýär. Adyndan belli bolşy ýaly, MIT esasan, tehnologiýa bilen bagly okuw meýilnamasyny alyp barýar. Bu okuwa girmek, gireniňden soň hem okamak ýeňil-ýelpaý iş däl. Okuwyň ýyllyk ortaça 50-60 müň amerikan dollar tölegi bar. Her ýylda dünýäniň 120-den gowrak döwletinden 5 müň töweregi dalaşgärlerinden 150-si talyplyga kabul edýär. Bu okuwy tamamlanyňdan soň, «Google», «Oracle», «Apple», «Boeing», «Microsoft» ýaly iri kompaniýalardan iş teklibi gelýär. Olar täze işgärlerine başlangyç şertnamany 100-120 müň amerikan dollar möçberinde hödürleýärler.
MIT-iň uçurymlarynyň şu güne çenli diňe Nobel baýragyny alanlarynyň sany 87-ä ýetýär. Munuň nädip şeýle bolýandygyny institutyň laboratoriýasynda häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň mysalynda görkezmäge çalyşaýyn.
Biziň «çip» diýip atlandyrýan adaty ykjam ulgamymyz institutyň laboratoriýasynda ýukajyk we süýnýän materiallara ornaşdyrylyp, bedene ýelmeşýän päsgelsiz jisim döredilýär.
– Bilege daňylýan daňy. Bu daňy, esasanam, ýaş çagalar üçin niýetlenen. Onuň kömegi bilen çaganyň temperaturasynyň, gan basyşynyň, ýürek urşunyň, dem alşynyň, islendik bir keseliň ýüze çykmak ähtimallygynyň görkezijileri kompýutere ýüklenilýär.
– Derman bölejigi. Ony içmek bilen, organizmde bar bolan bakteriýalaryň haýsy keseli ýüze çykarmaga ýakyndygy barada maglumat kompýuter arkaly size ýetirilýär. Şeýlelikde, heniz ýüze çykmanka keseliň öňi alynýar. Derman 3 günden soň organizmde eräp, zyýansyz ýagdaýda ýaýrap gidýär.
Ine, adamzat bähbitli şeýle işleri şu bilim ojagyň talyplarydyr uçurymlary alyp barýar.
Indi, asyl mowzuga dolanmakçy. Ol hem şu adybelli ýokary okuw mekdebini ýylyna 50-60 müň amerikan dollaryny töläp däl-de, gaýtam institutyň hödürleýän talyp hakyndan, maddy goldawlaryndan peýdalanyp üstünlikli tamamlan türkmen uçurymy barada bolar. Muny onuň nädip başarandygy size gyzykly bolsa gerek?!
GADAM MYRATGELDIÝEW. 1996-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda doglan. Aşgabat şäherindäki 86-njy Ýöriteleşdirilen mekdebiň uçurymy. Gadam kiçiliginden takyk ugurlar bilen gyzygyp ugraýar. Ol ilki matematika, soňra bolsa Ýöriteleşdirilen mekdepde aýratynlykda himiýa dersine gönükdirilýär.
Ýaş zehin 9-njy synpda umumymilli olimpiýadasynda himiýa dersi boýunça döwlet tapgyrynda, Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň çäklerinde geçirilýän Mendeleýew halkara himiýa olimpiadasynda (altyn medal, Astana, 2012), dünýä döwletleriniň arasynda geçirilýän Halkara himiýa olimpiadasynda (altyn medal, Waşington, 2012) ýeňiji bolýar. Şunlukda, Halkara olimpiadalardan himiýa dersi boýunça Türkmenistanyň ilkinji altyn medalyny hem Gadam gazandyrýar.
10-njy synpda ýagdaýlar birneme üýtgeýär. Ýagny, Gadam bu gezegem iki halkara ýaryşyna-da gatnaşyp, Mendeleýew halkara himiýa olimpiadasyndan kümüş (Daşkent, 2013), Halkara himiýa olimpiadasyndan bolsa ýene-de altyn medal (Moskwa, 2013) bilen Watanymyza dolanýar.
Waşington. Gadamyň 9-njy synpda gatnaşan Halkara himiýa olimpiadasyna gidenlerinde, bularyň toparyna şol döwür ABŞ-da okap ýören türkmen ýigidi gid-terjimeçi bellenilýär. Netijede, altyn medal gazanylýar we Halkara olimpiadalarda gazanylan medallaryň üsti bilen iň gowy ýokary okuw mekdeplerine girmek mümkinçiliginiň bardygyny şol gid-terjimeçi oglan maslahat berýär.
10-njy synp tamamlanyp barýarka, geljekki himik Massaçusets tehnologiýa institutyna resminamalaryny tabşyrmak üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasyna baryp, maksadyny aýdýar. Ilçihananyň hünärmeni geňgalyjylyk bilen ýylgyryp, «Belki başga ýokary okuw jaýyny saýlarsyňyz?!» diýýär. Ýaş zehin şol bir äheňinde, eýýäm belli karara gelendigini we maksadyny üýtgetmejekdigini aýdýar. Mahlasy, şu başlangyç bilen ady agzalan okuwa resminamalar tabşyrylýar.
Paşmadyk synanyşyk.
Institutyň kabul ediş topary tarapyndan seljerilen resminamalara jogap hökmünde, resminamada görkezilen elektron salga gürrüňdeşlik geçirmek üçin teklip ugradylýar. Ýöne Gadam bu ýagdaýlardan habarsyz galýar. Ondan habar tapanda welin, eýýäm giçdi. Şeýdip, bu gezek «bosagasyna çenli gelen» mümkinçilik sypdyrylýar.
…Bu wakalardan soňra, ykbal Gadamy Türkiýe Respublikasynyň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Bilkent uniwersitetine getirýär. Bilkent hem köpleriň ýetip bilmän ýören ýokary okuw jaýy bolsa-da, barybir Gadamy paşmadyk arzuwlary gününe goýmaýar. Ýaş zehin bu ýerde tejribe toplap, ýene-de MIT-ä synanşyp görmegi ýüregine düwýär…
Bu gezek hem institutyň kabul ediş topary tarapyndan gürrüňdeşlik teklip edilýär. Gadam gürrüňdeşlikden üstünlikli geçip, Massaçusets tehnologiýa institutynyň talyplygyna kabul edilýär we medallarynyň hasabyna hem-ä okuw töleginden boşadylýar, hemem institutyň maddy goldawyndan peýdalanmaga mümkinçilik gazanýar.
Dünýäniň iň abraýly bilim ojagynyň türkmen talyby okan döwründe adamzat bähbitli birnäçe tejribelikleri geçirip görýär. Olaryň içinde şowly tamamlananlary hem bar:
Proteinleriň üstünde işlemek. Proteinleriň gurluşyny içgin öwrenmek. Sintezlemek.
Towuk wirusyna garşy dermanyň üstünde işlemek. Maksat – şol wirusyň zyýanly bakteriýalaryny täsirsiz ýagdaýa getirmek. Bu wirus esasan çagalara çalt geçip, olarda dürli kynçylyklary döredip bilýär.
Gadam Myratgeldiýew Massaçusets tehnologiýa institutyny 2018-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Onuň baş maksady – öz ugrundan aspiranturany, doktoranturany okap, professor derejesine ýetmek. Häzirki wagtda ol bu aýgytly ýola düşmezden ozal, öz tejribesini kämilleşdirýär. Ýagny, dünýäniň iň iri nebit-gaz kompaniýasy bolan «SAUDI ARAMCO»-nyň ABŞ-daky laboratoriýasynda tejribe toplaýar. Bu bolsa nebite, gaza baý bolan ýurdumyz üçinem gelejekde ullakan tejribe bolar.
Belli arap kompaniýasy barada gysgaça durup geçsek, 2019-njy ýylyň görkezijilerine görä, dünýäniň nebit-gaz kompaniýalarynyň arasynda «SAUDI ARAMCO» 2-nji oruny eýeleýär.
Geljekki maksatlar.
Gadamyň ýokarda agzalan maksatlaryna ýeteninden soňraky durmuş meýilnamasy barada gyzyklandyk. Onuň bize beren jogabyny bolsa, öz sözleri bilen siziň dykgatyňyza ýetirmek isleýärin:
«Soraglaryňyzyň ählisiniň diýen ýaly başyny “Näme üçin” diýen jümle bilen başladyňyz. Meniň her gezekde şu jogaby beresim geldi: “Watan üçin!” Ine, şu wagt şol jogabymyň tüýs ýeri geldi. Öwrenýän her bir zadym geljekde Watanymyzyň mundan beýlägem ösmegine goşant bolar. Çünki gaýry ýurtda gezseň, Watanyň gadyry hasam başgaça bilinýär, Watan başgaça küýselýär. Nesip bolsa, bu ýerde ýeterlik tejribe toplap, Watanymyza dolanyp, himiýa ugrundan uly-uly teklipleriň üstünde işlemegi, bilýänjelerimi bizden soňky ýaşlara öwretmegi maksat edinýärin. Maksat tutsaň, yhlas etseň, oňa ýetip bolýandygyna bolsa men öz durmuş tejribäm arkaly eýýäm göz ýetirdim…».
Ozalam arzuwly ýollary külterlemek üçin özüne ýetesi kynçylyklary gören, ylymdan-bilimden ýüki ýetik Gadama indi uly-uly maksatlaryň başyny tutaýmak galýar. Çünki bu ýollar oňa del däl.
Üstünligiň syry.
Biz «Üstünligiň syry nämede?» diýen ýaly soraglara kän gabat gelýäris. Onuň jogabyny esasy üstünlige ýeten we öňünde-de birnäçe üstünlige ýetilmeli ýollar garaşýan ildeşimizden eşitsek nähili bolar?
«Meniň pikirimçe, üstünlige ýetmekde syr ýok. Hemme zat açyk-äşgär. Deň-duşlaryma diýjek zadym, bir maksat tutsaňyz, hiç wagtam ondan el çekmäň. Soňuna çenli göreşiň. Özüňize ynamyňyz bolsun. Elbetde, sizi maksadyňyzdan sowjak böwetlerem tapylar. Ine, şu ýerde sizden öňki üstünliklere ýetenleriň hem ýeňil ýollary geçmändigini ýatlaň.
Özüňiz üçin gün tertibini düzüň we şoňa görä hereket ediň. Şeýtseňiz, wagtyňyzy bisarpa ulanmarsyňyz. Men haçan-da gün tertibime görä hereket etmedik günüm, okuwda diňe gowşak bahalar alýardym. Şol gün meniň üçin bişow bolýardy.
Niýetiň näme bolsa, myradyň şonda diýilýär. Ýetip bolmajak sepgit ýokdur. Ykbalyň iň ýatdagalyjy pursatlary hem üstünlige barýan ýoldadyr. Ähli deň-duşlaryma bu ýolda şowlulyklary arzuw edýärin!».
Baky AMANÝAZOW
Çeşme: Atavatan Türkmenistan