«Türkmengazüpjünçilik» müdirliginiň «S.Türkmenbaşyetrapgaz» hojalyk edarasynyň gazçylary diňe bir şäherleriň we şäher görnüşli şäherçeleriň däl, eýsem, ilkinji nobatda Daşoguz welaýatynyň günbataryndaky uzakda ýerleşen obalary hem «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek boýunça işleriň depginini ýokarlandyrýarlar. Häzirki wagtda tebigy gaz turba geçirijiler arkaly 21 müň 560-dan gowrak öý hojalyklaryna we edaralara berilýär.
Gazçylaryň zähmeti netijesinde «mawy ýangyç» welaýatyň iň çetki nokatlaryndaky ilatly ýerlere hem ýetirilýär. Netijede, «Anna oý» we N.Gylyjow geňeşlikleriniň obalarynda «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň ilatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-abatlaýyş müdirliginiň işgärleri şu ýylyň geçen bäş aýynda diametri 159 mm bolan orta basyşly we birnäçe müň metr uzynlykdaky gaz geçirijisiniň eltiji torlaryny oturtmak işini ýerine ýetirdiler. Häzirki wagtda «mawy ýangyç» 21 müň 280 sany ýaşaýyş jaýlaryna iberilýär. Şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrabyň 208 sany öý hojalyklary suwuklandyrylan gazdan peýdalanýarlar.
Şu ýylyň bäş aýynda Ýeňiş obasynda uzynlygy 1000 metr bolan 159 mm diametrli orta basyşly gaz geçirijisi dolulygyna abatlanyldy. Netijede onuň öndürijiligi ep-esli ýokarlandy.
Häzirki wagtda gazçylar tarapyndan etrabyň çäginde uzynlygy 2434 kilometr bolan dürli diametrli gaz geçirijilerine, şeýle hem 670-den gowrak gazsazlaýjy we gazpaýlaýjy desgalara ýokary hilli hyzmat edilýär. Işleri ýerine ýetirmekde gazçylar ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý edýärler.
Çeşme: oilgas.gov.tm