16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

OPEC+ Boýunça Oňaýly Yşaratlara Garaşmanyň Netijesinde Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

Nebiti öndüriji döwletleriň Russiýa we Saud Arabystany bilen bilelikde nebitiň çykarylyşyny çäklendirmekligiň häzirki derejesini 1-nji sentýabra çenli uzaldyp bilmek mümkinçiligi baradaky habarlaryň çäginde nebitiň bahalary ýokarlanýar, diýip Interfaks belleýär.

OPEC+ ministrleriniň duşuşygy 4-nji iýundan 9-njy iýuna süýşürildi, diýip The Wall Street Journal neşiri çeşmelere salgylanyp habar berdi.

«Brent» söwda belgili nebitiň awgust boýunça fýuçersleriniň bahasy sişenbe güni 38,64 dollara deň boldy. Bu görkeziji deslapky söwda sessiýasyndakydan 0,84 göterim ýokarydyr. Duşenbe güni şertnamanyň bahalary 1,3 göterim gymmatlap, 38,32 dollara deň boldy.

«WTI» nebitiniň fýuçersleriniň bahalary 0,51 göterim ýokarlanyp, 35,62 dollara ýetdi. Duşenbe güni şertnamalaryň bahasy 0,1 göterim aşaklap, 35,44 dollara deň boldy.

Aprel aýynda OPEC+ ýurtlary koronawirus pandemiýasy şertlerinde ählumumy islegiň düýpli pese düşmegi netijesinde iki ýyl möhlet bilen nebitiň çykarylyşyny nobatdaky gezek çäklendirmek hakynda ylalaşdylar.

Ylalaşyga laýyklykda, 2018-nji ýylyň oktýabryndaky dereje bilen deňeşdirilende (Russiýa we Saud Arabystany üçin aýratyn hasap binýatlary bellenildi – 11 mln b/g) OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebitiň çykarylyşy maý-iýun aýlarynda 9,7 mln b/g (23 göterim) çäklendiriler, ondan soň bolsa, çäklendirme depgini haýalladylar. Netijede, iýun aýyndan 2020-nji ýylyň ahyryna çenli çäklendirme 7,7 mln b/g (18 göterim), soňra 2022-nji ýylyň maýyna çenli – 5,7 mln b/g (14 göterim) bolar.

WSJ-niň maglumatlaryna görä, Saud Arabystany nebitiň çykarylyşyny çäklendirmegiň häzirki depginini (9,7 mln b/g) şu ýylyň ahyryna çenli saklap galmak isleýär. Şol bir wagtda Russiýa çäklendirmäniň depginini 1-nji iýuldan gowşatmak isleýär.

Taraplar nebit çykarylyşynyň çäklendirilmeginiň häzirki depginini 1-nji sentýabra çenli saklap galmak boýunça aralyk ylalaşyp boljak mümkinçiligi gözleýärler, diýip çeşme belleýär.

«OPEC+ nebit çykarylyşynyň bilelikde çäklendirilmegine ymtylmasyny dowam edýän wagtyna çenli bahalar has ýokary diapazonlarda saklanar» – AxiCorp-yň bilermenleri belleýär.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Er-Riýadda Türkmen-Saud Hökümetara Toparynyň Nobatdaky Mejlisi Boldy

2017-nji Ýylyň Ýanwary: Daşary Syýasy Wakalary

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi