14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Fransuz Ylmy-Populýar Žurnaly-Türkmenistanda Geçirilýän Gazuw-Agtaryş Işleri Hakda

«Archéologia» ylmy-populýar žurnalynyň iýun aýynda çykan sanynda tanymal arheolog-bioantropolog, Fransiýanyň Ylmy barlaglar milli merkeziniň (CNRS) işgäri we fransuz-türkmen arheologiýa toparynyň fransuz tarapyndan direktory doktor Hulio Bendezu-Sarmýentonyň Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş işlerine bagyşlanan täze makalasy çap edildi.

Awtor Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesiniň golaýyndaky iri arheologiýa ýadygärlikleriniň biri bolan Ulugdepe barada gürrüň edýär. Fransuz alymlary ol ýerde 20 ýyla golaý wagt bäri işläp gelýärler, şu ýyllarda olar türkmen kärdeşleri bilen bilelikde ummasyz barlaglar geçirdiler. Olar jahanyň bu künjeginde 6 müň ýyl mundan ozal, bürünç eýýamynda döräp, irki demir asyryna çenli ýaşan gadymy medeniýetiň syýasy we ykdysady ähmiýetini görkezdiler.

Köpetdag bilen Garagum çölüniň arasynda köp sanly dag çeşmelerinden suwlylandyrylan jülgeleriň birnäçesi bolupdyr. Ulugdepe olaryň arasynda meýdany – ol günortadan demirgazyga 25 kilometre uzap gidýär – we uzak ýaşanlygy bilen tapawutlanýar. Goňşy jülgeler dürli sebäplere görä taşlansa-da, Ulugdepäniň ilaty ekin ekip, mal bakypdyr. Olar häzirki wagtda Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň muzeýlerine bezeg berýän ajaýyp daş hem-de keramiki önümler hökmünde nesillere müdimi ýadygärlik galdyrypdyrlar.

Makalada golaýda aradan çykan ajaýyp fransuz alymy, professor Oliwýe Lekontyň döreden MAFTUR fransuz-türkmen toparynyň özboluşly we täsirli tapyndylary, aýawly dikeldilen artefaktlary hem-de ylym-bilim işleri barada gürrüň berilýär.

Indi 58 ýyl bäri fransuz dilinde neşir edilip gelýän «Archéologia» – aýda bir gezek çykýan žurnaldyr. Onda Fransiýadaky we bütin dünýädäki açyşlardyr gazuw-agtaryş işleri, şeýle hem golaýda geçirilen işleriň, sergileriň ýa-da ylmy maslahatlaryň predmeti bolan siwilizasiýalar, taryhy ýerler we ýadygärlikler barada maglumatlar hem-de hasabatlar çap edilýär. Häzirki wagtda dünýä hünärmenleriniň ünsüni eýelän arheologiýa hiç haçan häzirkisi ýaly şeýle möhüm ähmiýete eýe bolmandy. Şonuň üçinem şu kysmy žurnallar tutuş dünýäde alymlar we höwesjeň adamlar üçin çelgi bolup hyzmat edýärler.

Ruslan MYRADOW
Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistan Şöhratly Ahalteke Bedewleriniň Baýramyna Taýýarlanýar

Dalaşgärleri Bellige Almak we Saýlawçylar Bilen Duşuşyklar Dowam Edýär

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri