9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary Welaýatyna Iş Sapary

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, seýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sebitde, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba senagat toplumynyň düzüm bölümleriniň ösüşi bilen baglanyşykly uly özgertmeler bolup geçýär. Döwlet Baştutanymyzyň gallaçy-kärendeçileriň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselelerine berýän hemişelik ünsi bugdaýyň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyny hem-de daýhanlaryň gyzyklanmasynyň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

…Ir bilen hormatly Prezidentimiz Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Liderimiziň awtoulagy Amanberdi Pürsähedowyň kärende ýeriniň ýanynda saklandy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, häzirki döwürde ýurdumyzyň toplumlaýyn esasda senagatlaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysady ösüşiň gazanylýandygyny aýtdy. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ösdürilýär. Aýratyn-da, ýurdumyzyň dokma senagatynda ýakymly, ekologiýa taýdan amatly lybaslaryň köp görnüşleri öndürilýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Ýeňiş» tikin fabriginiň, aýakgap önümçiliginde iş alyp barýan hususyýetçileriň işjeňlik görkezýändiklerini aýtdy. Öndürilýän önümleriň ekologiýa taýdan arassadygyny belläp, şol önümleriň amatly bolmalydygyny aýdyp, milli Liderimiz bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz bereket öndürýän daýhanlaryň ýanyna gelip, olaryň armasyny ýetirmegiň döwletli işe goşant hökmünde görülýändigini aýdyp, kärendeçi daýhana asylly işiniň rysgally bolmagyny arzuw etdi.

A.Pürsähedow milli Liderimize hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň kärende ýerine gelip, alyp barýan işi bilen gyzyklanmagynyň özi hem-de tutuş maşgala agzalary üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyň ynsan üçin bagtdygyny belläp, daýhan yhlasy bilen ýurdumyzda bereket bolçulygynyň döreýändigine guwanýandygyny aýtdy.

Bu ýerde gallaçy daýhan 25 gektar ýeri kärendä alyp, oňa bugdaýyň «Goşant» atly görnüşini ekip, ösdürip ýetişdirendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiniň işi, oňa döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijeleri, daýhanyň alýan girdejisi, onuň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Kärendeçi ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini agrotehniki kadalara laýyklykda öndürmek we ýer eýeleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ýeňillikli şertleriň döredilendigine milli Liderimizi ynandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, A.Pürsähedow şu ýyl bugdaýyň her gektaryndan 40 sentnerden geçirip, hasyla garaşýandygyny aýdyp, Arkadag Prezidentimizden oraga ak pata bermegini haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birkemsiz hasyl toplan, bugdaýyň bir dessesini ordy. Soňra hemmeler Arkadag Prezidentimiziň göreldesine eýerip, ellerine orak alyp, bugdaý ordular. Şeýlelik bilen, ýyl boýy yhlas siňdirilip, ýetişdirilen we halkymyzyň rysgaly hasaplanylýan bugdaýyň oragyna girişildi.

Şu pursatda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kuwwatly «CLAAS» hem-de «John Deere» kysymly tehnikalaryny dolandyrýan mehanizatorlar bugdaýyň şu ýylky bereketli hasylynyň oragyna başladylar. Ýokary öndürijilikli kämil kombaýnlar sähel salymda uly meýdanyň hasylyny ýygnadylar.

Hormatly Prezidentimiz hasyly ýygnalan meýdanlary synlady. Dünýäniň öňdebaryjy bu tehnikalarynyň öndürijilik kuwwatynyň ýokary bolşy ýaly, olaryň hasyly ýitgisiz ýygnamakda tapawutlydygyny bellemeli. Aýratyn-da, «CLAAS» kysymly kombaýnlaryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde synagdan geçirilensoň, birnäçe artykmaçlyklara eýedigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi.

Döwlet Baştutanymyz kärendeçi daýhanyň ýerleri ekişe taýýarlamakdan hasyl ýygyşyna çenli ähli tapgyrlarda ýerine ýetiren işleri bilen gyzyklandy. Kärendeçi özüniň ata-babalarynyň hem daýhan bolandyklaryny, özüniň hem ýaşlygyndan ykbalyny topraga baglandygyny, halal zähmeti bilen bagt tapandygyny gürrüň berdi. Ol bugdaýyň ýetişdirilişi barada gürrüň berip, häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almakda, kärendeçileri ýeňillikli bahalardan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de ekiniň zyýankeşlerine garşy göreşmek üçin himiki serişdeler bilen üpjün etmekde, öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginde döwletiň berýän yzygiderli goldawyny belledi.

Ata-babalarymyzyň «Dökün bolmasa, ekin bolmaz» diýen jümläni döretmeginiň çuňňur manysynyň bardygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow topragyň ýokary hilli dökünler bilen gurplandyryp durmagyň bereketli hasyly almagyň zerur şerti bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz bugdaý «Bäş aýda bir garyş öserin, bir aýda bäş garyş öserin» diýermiş diýip aýtdy. Munuň özi bugdaýyň ösüşiniň her tapgyrynda zerur bolan ideg işleriniň öz wagtynda geçirilmegini aňladýandygyny aýdyp, möwsümleýin işleriň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine uly ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

Kärendeçi mellek ýerinde miweli bag ösdürip ýetişdirýändigini, hojalyk üçin zerur bolan mallarynyň bardygyny aýdyp, döredilýän mümkinçilikler üçin Arkadag Prezidentimize ähli kärendeçileriň adyndan alkyş sözlerini aýtdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz hemmelere öz asylly zähmetiniň miwesini görmegi arzuw etdi hem-de özüniň gymmat bahaly sowgadyny gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz şu ýylky bugdaý hasylynyň unundan taýýarlanan pişmedir çörek, dürli görnüşli türkmen tagamlaryny bişirýän gelin-gyzlar bilen söhbetdeş boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary şäherinde ýerleşýän Döwlet energetika institutynyň okuwdan boş wagtlary gallaçylara kömek berýän talyp gyzlarynyň we mugallymyň asylly işleri ýerine ýetirýändiklerini belledi. Munuň özi asylly işlerde halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň we däpleriniň, onuň agzybirliginiň, zähmetsöýerliginiň, ynsanperwerliginiň öz beýanyny tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de olara ýadygärlik sowgatlary gowşurdy.

Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň seçgiçi alymlary tarapyndan ylmy esasda taýýarlanan gowaça hem-de bugdaý tohumlarynyň dürli görnüşleriniň, çörek we çörek önümleriniň sergisi görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilýän tohumlyk serişdeleriň, şol sanda gallaçy-kärendeçi Amanberdi Pürsähedowyň eken «Goşant» atly bugdaý tohumynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Bugdaýyň bu görnüşi ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmek bilen, ol hasyllylygy, kesele durumlylygy hem-de däneleriniň doklugy bilen tapawutlanýar.

Şu pursatda, täze hasylyň unundan bişirilen pişme we çörek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hödürlenildi. Milli Liderimiz gyzgyn çörekden dadyp, hasylyň bereketli bolmagyny dileg etdi hem-de çöregi bu ýerde guralan çärä gatnaşyjylara paýlady.

Döwlet Baştutanymyz şöhratly pederlerimiziň döreden gymmatlyklarynyň halal zähmetiniň, daýhan yhlasynyň mynasyp derejede wasp edilmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işler, ýurdumyzyň ýeten derejesi giňden beýan edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Gallaçylaryň joşgunly zähmeti netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygy, türkmen topragynda öndürilýän bugdaýyň ajaýyp hilinden taýýarlanan önümiň eksport edilýän möçberleriniň artdyrylmagy üpjün edildi.

Milli Liderimiz kärendeçileriň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, bereketli hasyl almagy üçin mundan beýläk-de hemme şertleriň dörediljekdigini nygtap, gallaçylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, Oguzhan etrabyna tarap ugrady.

…Az salymdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alma bagyny ösdürip ýetişdirýän «Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň ekerançylyk meýdanyna geldi.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçileri halk hojalygynyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalyk önümçiliginde işjeňlik görkezýärler. Olara ýörite ýer bölekleri bölünip berlip, şolarda daýhanlar ekerançylyk bilen meşgullanýarlar, şol sanda topragyň işläp bejerýärler hem-de oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirýärler.

Döwlet Baştutanymyzy bu hususy kärhananyň ýolbaşçysy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Toýly Çaryýew mähirli garşylaýar. Milli Liderimiz hususy kärhananyň gawun, garpyz, miweli baglar ýetişdirilýän ekinlerini gözden geçirdi. Şol önümler azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam edýär.

T.Çaryýew öz kärhanasynyň işi barada gürrüň berip, 640 gektar ýeriň maldarçylyk üçin ulanylýandygyny habar berdi. Şonuň 630 gektarynda ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirilýär, 10 gektary bolsa maldarçylyk toplumy üçin niýetlenendir. Ol ýerde häzirki wagtda gurluşyk işleri dowam edýär. Çünki hususy kärhana Tatarystandan getirilen hem-de ýerli howa şertlerine uýgunlaşan ýokary öndürijilikli 300-e golaý iri şahly mallary saklaýar. Kärendeçi ýylyň ahyryna çenli mallaryň baş sanyny 750-ä çenli ýetirjekdigini hormatly Prezidentimizi ynandyrdy. Mundan başga-da, ýene 300 gektar meýdanda üzümçilik, miweli baglar ýaýylyp gidýär hem-de gök-bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şol önümler milli Liderimize görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow miweli baglary gözden geçirmeginiň barşynda telekeçi bu ýerde esasan bagçylyga, hususan-da, alma ýetişdirilmegine üns berilýändigini habar berdi, şu ýyl 3 ýyl mundan ozal ekilen bag nahallary häzirki döwürde hasyl berip başlady diýip, T.Çaryýew aýtdy.

Şeýle hem kärhananyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza bu ýerleriň şorlaşyp ýatan ýerlerdigini, ony doly özleşdirip, taba getirendiklerini habar berdi. 2017-nji ýylda bolsa bagçylygyň düýbüni tutandyklaryny, şol ýylyň güýzünde geçirilen Halk Maslahatynda özüne çykyş etmek bagtynyň miýesser edendigini guwanç bilen gürrüň berdi. Şol çykyşynda ol miweçiligiň düýbüni tutandygyny we miwäniň bol hasylyny ýetişdirmegi söz berendigini aýdyp, telekeçi şol aýdan sözüniň häzirki döwürde hasyl bolandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz ir-iýmişli baglary, aýratyn-da, almany ösdürip ýetişdirmegiň ynsan saglygy üçin bähbitlidigini belledi. Almanyň düzüminiň çagalaryň irki ösüşi, eneleriň saglyk ýagdaýynyň berkidilmegi üçin zerur bolan ýokumly serişdelere baýdygyny aýtdy.

Soňra milli Liderimiz alma ösdürip ýetişdirmek ugrunda peýdalanylýan syrlar we usullar bilen gyzyklandy. Işewür alma ekilen meýdanyň tutuş üstüniň ýerli polipropilenden edilen ýörite örtük bilen basyrylandygyny, onuň ýiti gün şöhlesiniň miwäni ýakmazlygy üçin bähbitlidigini gürrüň berdi. Bu ýerde suwaryşyň, topragy dökün bilen gurplandyrmagyň kämil usullary, şol sanda iň täze tehnologiýalar peýdalanylýar. Bu bolsa milli Liderimiziň durmuşyň ähli ugurlarynda häzirki zaman ylmynyň ýokary gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip, gadymy döwürlerde hem pederlerimiziň gök ekerançylygy, miweçiligi ösdürmegiň oňyn däplerini döredendigini, umuman, halal zähmetiň eşretli durmuşyň sakasy bolup durýandygyny belledi.

T.Çaryýew häzirki döwürde kärhanasynda 55 adamyň işleýändigini, geljekde önümçilik kuwwatlyklaryny artdyryp, işgärleriň sanyny 150-ä ýetirmegi maksat edinýändigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta işewürligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi barada döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýdyp, häzirki özgertmeleriň ählisiniň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň ýörelgesine laýyk gelýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, miweleriň beýleki görnüşlerini hem ösdürip ýetişdirmegi maslahat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýygnalyp alnan hasylyň gaýtadan işlenilişini guramagyň zerurdygyna ünsi çekip, hasylyň artyk galýan böleginden şerbetli içgiler, mürepbe taýýarlamak üçin peýdalanmagy teklip etdi. Bu bolsa hem ykdysady taýdan bähbitlidir, hem ynsan saglygy üçin zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzda ýetişdirilýän gök, bakja we miweli önümleriň häzirki zaman barlaghanalarynda, olaryň ýokumlylyk derejesini kesgitlemegiň zerurdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz kärendeçä kesbinden kemal tapmagyny arzuw etdi hem-de oňa gymmat bahaly sowgadyny gowşurdy.

Şeýle hem bu ýerde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergini synlady. Serginiň dowamynda rysgally toprakdan öndürilýän güneşli Diýarymyzyň çogly gününden mähir alyp, ýetişen dürli gök we miwe, bakja önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi.

Ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy saçaklarymyzyň ýylyň ähli paslynda bereketli bolmagyny şertlendirýär. Milli Liderimiziň Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleriň görülmelidigini degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Şunlukda, senagat düzüminiň, telekeçiligiň ösdürilmegine önüm öndürijilere zerur goldawlaryň berilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz iş saparynyň netijeleri jemläp, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň adamlaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmäge gönükdirilendigini, munuň bolsa, şolary amala aşyrmaga örän oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşilmegi talap edýändigini ýene bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak we azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu bolsa döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň esasy ugry bolup durýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere üstünlikleri arzuw edip, Mary şäheriniň Halkara howa menziline ugrady we şol ýerden paýtagtymyza tarap ugur aldy. TDH

Degişli makalalar

GTL-Zawodyň Önümleri Daşary Ýurt Bazarlarynda Orun Tutýar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Maksat: 1 Million Tonna Sement