4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

OPEC+ Karary Nebit Bazaryny Dikeltmekligi Tizleşdirip Biler

OPEC+ ministrleriniň kabul eden karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler, diýip duşenbe güni OPEC maslahatynyň prezidenti, Alžiriň energetika ministri Muhammed Arkab belledi, diýip TASS habar berýär.

«OPEC+ ministrleriniň nebit çykarylyşyny çäklendirmegiň häzirki hereket edýän ölçeglerini uzaltmak hakynda geden şenbe güni kabul eden çözgüdi nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip we nebit ammarlaryny dolmagyny haýalladyp biler. Bu bolsa bazaryň kadalaşmagyna ýardam eder» – diýip onuň aýdanlaryny Algerie Press Service habarlar agentligi getirýär.

Arkabyň nygtaýşy ýaly, şenbe günündäki duşuşykdaky kabul edilen çözgüt ählumumy bähbidiň hatyrasyna nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin görlüp-eşidilmedik ykdysady çökgünlik şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň we köpugurly özara gatnaşyklaryň wajyplygynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar. Ol şeýle hem «taraplaryň ählisiniň ylalaşykly çözgütleri tapmaga, aýratyn hem duşuşyklardan öň geçirilýän gepleşiklerde çözgütleri tapmaga bolan oňaýly ymtylyşyna we taýýarlygyna» ýokary baha berdi.

Arkabyň pikirine görä, 6-njy iýunda geçirilen OPEC we OPEC+ ministrleriniň duşuşygy «kabul edilen çözgütleriň häzirki adatdan daşary ýagdaýlarda nebit bazarynyň ýüzbe-ýüz bolan çagyryşlaryna barabardygyny nazara alsaň, iň netijeli duşuşyklaryň biri boldy».

OPEC maslahatynyň prezidentiniň şeýle hem belleýşi ýaly, «ýylyň ahyryna çenli her aýda geçirilip duruljak monitoring boýunça bilelikdäki ministrler geňeşiniň mejlisi bazary öwrenmäge we geljekki meýilnamalar baha bermäge mümkinçilik berýär. Şunuň netijesinde zerur bolan ýagdaýlarda goşmaça çäreler görler».

OPEC+ ýurtlary 12-nji aprelde adatdan daşary geçirilen wideomaslahatda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakynda ylalaşyk baglaşdylar. Ylalaşyga laýyklykda, nebitiň çykarylyşy maý-iýun aýlarynda 9,7 mln b/g, iýulda-dekabrda – 7,7 mln b/g, 2021-nji ýylyň ýanwaryndan – 2022-nji ýylyň apreli – 5,8 mln b,g azaldylmagy. 6-nji iýunda OPEC+ ministrleri nebit çykarylyşyny 9,7 mln b/g çäklendirmek hakynda hereket edýän ylalaşygyň ölçeglerini iýul aýyna çenli hem uzaltmagy ylalaşdylar.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Hytaý Energiýa Sarp Edilişiň Öňki Tertibine Tiz Dolanmaga Umyt Edýär…

Telekeçilik: Bazar Ykdysadyýetiniň Hereketlendiriji Güýji