«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy kompaniýasy ilata edilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrýar. Aragatnaşyk bölüminiň üsti bilen Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň jerimeler baradaky kararyny raýatlaryň öýüne eltip bermek hyzmaty guraldy hem-de kompaniýanyň täzelenen www.turkmenpost.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde ýa-da aragatnaşyk bölümlerinde tölemäge mümkinçilik döredildi.
Habary getiren hat gatnadyjy hem POS-terminal arkaly tölegi nagt däl görnüşde kabul edip biler. Tölegiň edilendigi baradaky maglumat elektron görnüşde degişli edara iberiler.
«Türkmenpoçta» bilen Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň özara hereketiniň çäklerinde awtoulaglaryň eýeleri diňe bir jerimeleri däl, eýsem awtoulagy resmileşdirmek, sürüjileriň synag tabşyrmagy, tehniki gözegçilikden geçmegi we ş.m. babatda tölegleri hem töläp bilerler.
Kompaniýanyň täzelenen saýtynda ondan peýdalanyjylar «Şahsy kabinet» hyzmaty arkaly jerimeleri, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri we beýleki hyzmatlaryň onlaýn-töleglerini geçirip bilerler. Munuň üçin gerekli maglumatlary girizmek ýetikdir. SMS-habar tölegiň geçendigini tassyklar.
Demir ýol peteklerini satyn almak, Bütindünýä poçta birleşigine girýän dünýäniň islendik ýurduna çaltlaşdyrlan poçta ugratmalaryny ibermek hem hem kompaniýanyň hyzmatlarynyň sanawyna girýär. «Türkmenpoçtanyň» saýtynda nagt däl görnüşde töleg geçirmek we harytlary öýe getirtmek hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi hem bar.
Wladimir KOMAROW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm