14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny depginli ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, şolaryň esasynda hususy kärhanalary döretmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Şu maksat bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan gelip gowşan teklipleri seljerme berildi hem-de hususylaşdyrylmagyna degişli birnäçe desgalaryň sanawy taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet emlägini hususylaşdyrmagyň ykdysady bähbidine ünsi çekdi, munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda öňde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň doly
berjaý edilmeginiň möhümdigini belläp, wise-premýere meýilleşdirilen işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin bölümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýän we guýularyň netijeliligini artdyrmagyň hasabyna nebitiň gazylyp alnyşynyň mukdaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe maýa goýum taslamalarynyň öňe ilerledilişi barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz pudagynda öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, uzakmöhletleýinlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýulýan däbe öwrülen bu gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk esasynda ösdürilýändigini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, uglewodorod çig malynyň gazylyp alnyşynyň mukdaryny ýokarlandyrmaga kömek edýän döwrebap tehnologiýalary, iň täze ylmy inžener-tehniki işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak ulgamynda netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar.

Milli Liderimiz wise-premýere nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, bu babatda öňdebaryjy energetika kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky düzümleriň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin düýpli nägilelik bildirip, pudagyň düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we ozal berlen tabşyryklaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça degişli guramaçylyk çärelerini görmegi berk talap etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginde ýerli çig mallaryň esasynda metallurgiýa kremnisiniň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bu ministrlik baý minerallaryň we çig malyň esasynda senagat pudagyny ösdürmek boýunça birbada birnäçe taslamanyň üstünde işleýär.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasynda Diýarymyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklar üçin degişli önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Kärhanada öndürilýän demriň düzüminiň hilini hem-de berkligini üpjün etmek maksady bilen, zerur himiki goşundylary goşulýar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde Ahal welaýatynyň Köpetdag sebitinde ýerleşýän «Mäne» ýatagyndan alynýan kwars çäge daşyny we demir gyryndylaryny hem-de nebit koksuny ulanmak arkaly himiki goşundyny öndürmek boýunça tejribe-synag işlerini geçirdi we oňyn netijeleri aldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň agyr senagatyny ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň örän wajypdygyny aýtdy hem-de ýerli çig malyň esasynda uly isleg bildirilýän gurluşyk önümlerini öndürmegi mundan beýläk-de içgin öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz türkmen topragynyň baý peýdaly gazylyp alynýan baýlyklarynyň köpsanly ýataklaryny öwrenmegiň we barlamagyň möhümdigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Geljekde ýerli serişdeleriň senagat taýdan işjeň özleşdirilmegi hem-de
täze önümçilikleriň ýola goýulmagy Diýarymyzda alnyp barylýan dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary hilli önümleriň daşary ýurtlara iberilmegini ýola goýmaga hem kömek eder. Munuň özi gurluşyk pudagynyň okgunly ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine hem-de milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.

Bu babatda aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze önümleriň «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň ýörite barlaghanasynda degişli synagdan geçirilmelidigini hem-de bildirilýän talaplara we hil ölçeglerine doly laýyk gelmelidigini belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Şu günler Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen bugdaý hasylynyň oragy alnyp barylýar, şu gün — 12-nji iýunda bolsa Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary bugdaý oragyna girişdiler. Orak möwsüminde däne orujy kombaýnlaryň we awtoulaglaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek, dänäni kabul ediş bölümlerine öz wagtynda daşamak üçin hemme çäreler görüldi.

Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda gögeriş alnan ekinleriň hatarara bejergisi geçirilýär, ösüş suwy tutulýar hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ýazda ekilen ýeralma, beýleki miwe we bakja ekinlerine ideg edilýär, şeýle hem şonuň ýaly oba hojalyk ekinlerini ekmäge bölünip berlen meýdanlary giňeltmäge taýýarlyk görülýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde obasenagat toplumynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dowam edýän oragyň ýokary depginini üpjün etmek, döwrebap tehnikalaryň mümkinçiligini netijeli ulanyp, daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen ähli hasyly doly ýygnap almagyň zerurdygy nygtaldy.

Milli Liderimiz oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmäge we suw serişdeleriniň netijeli ulanylmagyna, obasenagat toplumyna suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň öňdebaryjy tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna uly üns bermek barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynda öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmagyň we görnüşlerini giňeltmegiň, gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamlaryny döretmegiň we işe girizmegiň meseleleri barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda orta möhletli geljege niýetlenen sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki wagtda döwrüň talaplaryndan ugur alyp, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, şol sanda bu ulgamda kadalaşdyryş-hukuk düzgünlerini üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler geçirilýär.

Şu ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karara gol çekdi. Onuň amala aşyrylmagynyň çäklerinde häzirki wagtda internet web-saýtlary hereket edýär, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerinde elektron resminama dolanyşygy ulgamy ýola goýuldy.

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk çäreler geçirilýär. Hyzmatlaryň ähli görnüşleri baradaky maglumatlar web-saýtlarda ýerleşdirilýär we olar yzygiderli täzelenilýär, elektron söwdasy işe girizildi.

Döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşine geçirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, gazet-žurnallaryň web-saýtlary döredilýär, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri tarapyndan şolarda synag işleri geçirilýär.

Wise-premýer Türkmenistanyň degişli Kanunlaryny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýat we şäher häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň döredilýändigini, bu işleri 2022-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek ýoly bilen mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksadynda 2019-njy ýyldan başlap, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň orta möhletli Konsepsiýasynyň amala aşyrylýandygyny nygtady. IT-hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligiň üpjün edilmegi bu Konsepsiýanyň esasy wezipeleriniň biridir.

Milli Liderimiz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanly ulgamy ösdürmek boýunça işleriň möhüm bölegini ýerine ýetirýändigini hem-de intellektual ulgamlaryň, şol sanda milli torly giňişligiň gerimini giňeltmek boýunça kanunçylyk goldawyny işläp taýýarlamakda, internet-hyzmatlar toplumyny hödürlemekde möhüm işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Öňdebaryjy tejribäni we oňyn başlangyçlary öwrenmek hem-de özleşdirmek zerurdyr, şunda, diňe bir importa taýýar çözgütlere we nou-haulara esaslanman, eýsem, özümiziň ylmy-tehnologiýa mümkinçiliklerimize daýanýan sanly modelimizi döretmegi ugur edinmelidiris.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň hem-de bu ugurda hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň, olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigine aýratyn ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, döwlet edaralarynyň we guramalarynyň saýtlaryny bir bitewi ulgama ýygnamak zerurdyr, olar her bir ministrlik we pudaklaýyn dolandyryş edarasynda sanly ulgama geçmegiň derejesiniň hakyky ýagdaýyny görkezer.

Awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmegine bu ugurda iş alyp barmaga hukugy bolan telekeçiler hem işjeň çekilmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işleriň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine hem-de iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine içgin üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda bellenilen meýilnamalary amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow içerki we daşarky bazarlarda dokma önümleriniň ýerlenilýän mukdaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa önümleri ýerli sarp edijilerde we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Dokma senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan milli nyşanlary döretmek boýunça işler amala aşyrylýar. Hususan-da, «Bedew» nyşanly jinsi önümleri, «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, «Gala» nyşanly tikin-örme önümleri, «Ýeňiş» nyşanly erkek köýnekleri giň meşhurlyga eýe boldy.

Şunuň bilen birlikde, «Goza» hem-de «Wada» nyşanly harytlaryň önümçiligini we ýerlenilişini artdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu bolsa önümiň görnüşleriniň mahabatlandyrylmagyna, giňeldilmegine hem-de ýurdumyzyň ýokary hilli önümleriniň eksportunyň artdyrylmagyna ýardam berýär.

Sarp edijileriň barha artýan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, çagalar we ulular üçin niýetlenen tomus-güýz möwsümi üçin egin-eşikleriň hem-de aýakgaplaryň täze nusgalarynyň işlenip taýýarlanylandygy habar berildi. Her bir ýokary okuw mekdebiň aýratynlygyny nazarda tutup we milli nagyşlaryň görnüşlerini ulanmak bilen, talyplar üçin sport lybaslarynyň täze nusgalary taýýarlanyldy. Bu önümleriň ýerlenilişini has-da giňeltmek üçin paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ýöriteleşdirilen birnäçe täze dükanlary açmak teklip edilýär.

Dokma kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak maksady bilen, birnäçe maýa goýum taslamalaryny, hususan-da, olary döwrebaplaşdyrmak hem-de öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmak teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda dokma senagatynyň okgunly ösdürilmeginiň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň oňat tejribesiniň peýdalanylmagynyň netijesinde, türkmen dokmasynyň diňe bir içerki däl, eýsem, halkara bazarlarynda hem bäsdeşlige ukyplylygyny yzygiderli ýokarlandyrýandygyny nygtady.

Dokma senagatynyň ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän ulgamynyň depginli ösdürilmeginiň nusgasy boldy. Döwlet Baştutanymyz pudagyň önümçilik binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, munuň bolsa öndürilýän dokma önümleriniň görnüşlerini yzygiderli giňeltmäge hem-de daşary ýurtly öndürijileriň önümlerinden pes bolmadyk taýýar önümleriň täze görnüşlerini çykarmagy özleşdirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.

Ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegine aýratyn üns berilmelidir. Türkmen bezegçileri içerki bazaryň isleglerini öwrenip, ilatyň möwsümleýin isleglerinden ugur alyp, egin-eşikleriň dünýä derejesindäki döwrebap biçüwli täze önümçiliklerini we beýleki harytlary çykarmagy ýola goýmalydyrlar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Dokma önümleriniň daşarky bazarlarda has işjeň öňe ilerledilmegi üçin degişli mahabat-maglumat goldawy hem zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem söwdany guramak hem-de alyjylaryň amatlylygy üçin şertleri döretmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 22 — 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi — 2020-ä görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2021-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Lebap welaýatynda guramak hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.

Wise-premýer döredijilik işgärleriniň Medeniýet hepdeligine hem-de beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabat gelýän hünär baýramçylygyna uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýändiklerini aýdyp, Daşoguz welaýatynda meýilleşdirilen dürli çäreler barada hasabat berdi.

Giň gerimli medeni çäräniň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň «Nejep oglan» operasynyň ilkinji görkezilişi-de bolar. Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň hem-de baýramçylyk çäreleriniň ähmiýetiniň möhümdigini nygtap, ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny kämilleşdirmekde, milli mirasymyzy giňden wagyz etmekde, türkmen ýaşlaryny döredijilik bilen işjeň meşgullanmaga höweslendirmekde munuň möhüm ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralmagy göz öňünde tutulan ähli çäreleriň halkymyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini beýan etmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň milli saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamlaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

12-nji iýunda Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginiň biziň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy bellenildi. Milli Liderimiziň uly üns bermegi netijesinde, hem-de öňe süren giň gerimli başlangyçlarynyň çäklerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda jemgyýetiň aň-paýhas, döredijilik kuwwaty yzygiderli artýar.

Dürli ulgamlarda ýaş alymlary we ýokary hünärmenleri taýýarlamakda uly üstünlikler gazanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň kesgitlän ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy- barlag işleri alnyp barylýar. Şol işler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň okgunly ösmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen hem-de Baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan bilime sanly ulgamy ornaşdyrmak baradaky Konsepsiýa laýyklykda, innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bilim edaralary öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlary, zerur elektron serişdeleri bilen üpjün edilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ylmy-barlag edaralarynyň kuwwatyndan peýdalanmagyň ugurlaryny giňeltmegiň, ýokary okuw mekdepleriniň tejribesini we bilimlerini ulanmagyň hem-de daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleri bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz ähli ylym we bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman IT-tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmak we döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak babatda mundan beýläk-de anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu babatda amala aşyrylýan hemme işleri berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin maksatnamanyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bu maksatnamany toplumlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen halkara maliýe guramalary we bank edaralary, şol sanda Bütindünýä banky we onuň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasy, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläkde pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, taslamalara, hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalar tarapyndan oba hojalyk hem-de azyk önümçiligi ulgamyndaky taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze derejä çykarmak üçin ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň gatnaşmagynda degişli strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol maksatnama bolsa gyzyklanma bildirýän daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan «Açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirip, dünýäniň köp döwletleri, daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalary, abraýly halkara maliýe we bank edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy diýip, milli Liderimiz kanagatlanma bilen belledi.

Senagatlaşdyrmak, senagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini hem-de dünýäniň bazarlaryna iberilýän mukdaryny artdyrmak babatda alnan ugur milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormaty Prezidentimiz hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemegiň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda onuň innowasion ulgamlarynda geljegi uly bilelikdäki taslamalara çykmagyň wajypdygyny nygtady. Şunda işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň üçin döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, uly we köp ugurly mümkinçilikler bar.

Milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine ýokarda agzalan Maksatnamany durmuşa geçirmek, ykdysady diplomatiýanyň ýörelgelerini amala aşyrmak, ýurdumyzyň maýa goýum babatda özüneçekijiligini ýokarlandyrmak, döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki ulgamynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça maksadalaýyk işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa döwlet Baştutanymyza ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlaryň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde, täze kanun taslamalary, şol sanda durmuş-zähmet gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, migrasiýa, weterinariýa, saglygy goraýyş ulgamlarynda kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär, üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegini talap edýän kanunçylyk namalaryna seljerme berilýär.

20-nji iýunda Mejlisiň 10-njy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär, şonda ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan täze kanunçylyk resminamalaryna garalar.

Döwlet Baştutanymyz kanunçykaryjylyk işiniň iri döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň esasy guralydygyny hem-de halkymyzyň durmuşyny ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratik gymmatlyklary berkarar etmäge ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtady.

Şunda milli Liderimiz hukuk ulgamyny özgertmekde we Türkmenistanyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmekde dünýäniň iň oňat tejribesinden, kabul edilen halkara ölçeglerinden ugur almalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň ýörelgelerine hem-de maksatlaryna ygrarlydygyny nygtady, bu doktrinada parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýän Watanymyzyň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň we onuň serhetleriniň mizemezliginiň strategiki esaslary kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. TDH

Degişli makalalar

Aziadanyň Nyşany we Watanymyzyň Tugy – Ýurduň Iň Ýokary Belentliklerinde Wideo

Senagat Ministrligi Kelete Sement Zawodynyň Kuwwatyny Artdyrmagy Göz Öňünde Tutýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň DIM-nde KHDR-ň Wekiliýeti Bilen Gepleşikler Geçirildi