Türkmen we Iňlis dillerinde “gepleýän” we “eşidýän” ilkinji Akylly sözlük bolan “Makul Sözlük” sowgatly krossword bäsleşiginiň yglan edýär — diýlip, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda aýdylýar. Krosswordyň soraglary 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda sagat 15:00-da www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda goýuldy. Sizden gelen jogaplary 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda jemlener. Şol wagta çenli ähli sowallara dogry jogap berip, jogaplaryny ilkinji bolup, “word” formatda atawatanhabar@gmail.com salgysyna iberen iki okyjy birinji orny eýelär.
Ýöne ilki bilen Size täze taslamasy, “Makul Sözlük” taslama ( www.makulsozluk.com ) barada maglumat paýlaşasymyz gelýär.
“AKYLLY SÖZLÜK” MYNASYBETLI BÄSLEŞIK
Bu gezekki bäsleşik özboluşlylygy bilen tapawutlanar. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp taýýarlanan akylly sözlük taslama esasynda geçirilýär. Sanly we Sesli sözlük taslamasy häzirki wagtda taslama görnüşinde bolup, www.makulsozluk.com saýtyndan elýeterlidir. “Sanly we Sesli sözlük – Makul Sözlük “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan taýýarlanyldy. Ýakyn wagtda sözlügiň Android ulgamynda işleýän Applikasiýasyny ulanyşa girizeris. Bellemeli zat, häzirki wagtda “Makul Sözlük” bazasynda türkmen we Iňlis dillerindäki ähli sözleri hasaba alanyňda jemi 40.000-den gowrak söz bar. Şol sebäpli sözlügimizde bolup biläýjek ýalňyşlyklary aradan aýyrmak üçin işler alnyp barylýar.
“Google” kompaniýasynyň terjime dilleriniň hataryna “Türkmen diliniň” hem goşulandygyny, az sanly bolsa hem, Türkmen-Iňlis dillerinde beýleki sanly sözlükleriň bardygyny belläp geçmek bolar! Ýöne taýýarlanan akylly sözlük taslamasy Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji sözlükdir. Siz Türkmen dilindäki we Iňlis dilindäki sözleriniň diňe ýazmaça görnüşini däl-de eýsem ol sözleri sesli hem diňläp bilersiňiz.
Türkmen we Iňlis dillerinde “gepleýän” we “eşidýän” ilkinji Akylly sözlük: Makul Sözlük
“Makul Sözlük” sanly we sesli sözlük taslamasy Türkmen we Iňlis dilindäki sözlük taslamasy bolup, 15 müňden gowrak esasy sözi özünde jemleýär. Makul Sözlükden sinonimleri hem hasaba alanyňda jemi 25 müňden gowrak Türkmen dilinden Iňlis diline, şeýle hem Iňlis dilinden Türkmen diline sözleri tapyp bilersiňiz. Sözlük bazasynda jemi 40.000-den gowrak söz bar.
Bellemeli zat, bu sanly we sesli sözlük taslamasy barada pikir ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäheriniň ýakynlarynda ýerleşýän sanly tehnologiýaly startuplaryň merkezi hasaplanýan Palo Altoda – Silikon jülgesinde jemlendi. Şonda şeýle taslamanyň hem özümiz üçin hem-de köp sanly Türkmenistanlylar üçin wajypdygyna göz ýetirdik. Türkmenistan bilen Türkmen dilimiz bilen iş salyşýan daşary ýurtlylaryň hem sözlügimizden peýdalanjakdygyna ynanýarys.
“Sesli gözleg” : Makul Gözleg
“Makul Sözlük” taslamasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, sözleri “sesli gözleg” bilen tapmak mümkinçiliginiň bermegidir. Ýagny, Siz isleýän we gözleýän sözleriňizi diňe ýazyp tapmak däl, eýsem, sözlükdäki ýörite programmanyň üsti bilen “sesli gözleg” edip tapyp bilersiňiz. Mysal üçin siz “lawyer” sözini eşitdiňiz we bu söziň manysy bilmek isleýän bolsaňyz, onda, “Makul Sözlüge” “lawyer” diýip, aýtmagyňyz ýeterlik, ol Size bu sözüň Türkmen dilindäki garşylygyny aýdar. Şonda “Makul Sözlük” Size şol sözüň Türkmen dilindäki garşylygyny “sesli” aýdar. Şonda, Makul Sözlük, mysaldaky “lawyer” sözüniň Iňlis dilindäki dogry aýdylyşyny ilki “sesli” aýdar. Ýagny, “Makul Sözlük” diňe “geplemeýär”, eýsem “eşidýän” we eşiden sözüni Size tapyp, aýdyp hem getirip berýän “akylly” Sözlükdir.
Täze sözleri Teklip Ediň!
“Makul sözlük” taslamasy yzygiderli kämilleşer we sözlükde bolup biläýjek säwlikler aradan aýrylar. Şol sebäpli, sözlügi ulanyjylaryň haýsy-da bolsa, bir bellikleri, tankytlary bar bolsa, bize turkmenlawyer@hotmail.com salgysyndan habar bermeklerini haýyş edýäris. Siz sahypaaky “Siziň Bellikleriňiz” bölümini ulanyp bilersiňiz we saýta baha berip, teswiriňizi we teklipleriňizi iberip bilersiňiz!
“Makul sözlük” taslamasynda “Teklip Ediň” sahypasy hereket edýär we Siz bu Sözlükde bolmaýan sözleri (Türkmen we Iňlis dillerinde) teklip edip bilersiňiz. Iň köp söz teklip eden 5 awtoryň ady esasy sahypada ýerleşdiriler. Awtor islese, özüniň fotosuraty, özi barada gysgajyk maglumaty hem “Teklip ediň” sahypasyna ýerleşdirip biler.
Sözlügiň beýleki aýratynlyklary
Sözlükde “Iň köp gözlenen sözler” we “Iň soňky gözlenen sözler” bölümi hereket edýär. Şeýle hem, täze sözler öwrenmek isleýänler üçin, her gün 5 sany söz, iň köp paýlaşylan söz ýaly bölümler öz ornuny tapýar. Biz gelejekde, sözler boýunça düşündirişleri, ýagny, düşündirişli sözlük bazamyzy hem dörederis. Makul Sözlük diňe bir Türkmen-Iňlis dillerinde bolman, eýsem, sözlügimiziň “dil baýlygy” hem öser, ýagny, beýleki dilleri, ilkinji nobatda Türk dilini we Rus dilini söz bazasyny hem goşmak maksat edinýär.
Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna ýerleşdirilen iň soňky habarlary hem sahypamyzdan okap bilersiňiz!
Sahypany ulanyjylar, eger gerek bolsa, Aşgabat şäherinde terjime hyzmatlaryny berýän “Makul Hyzmat’ terjime merkezine öz terjimelerini sanly ulgamyň üsti bilen iberip biler, amatly bahadan ýokary hilli terjime hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.
“Makul Sözlük” taslamamyzda Iňlis dilindäki sözlere Aýşirin Alyýewa, Türkmen dilindäki sözlere bolsa Miwe Jumadurdyýewa ses berdi.
“Akylly Sözlük-Makul Sözlük” taslamasy “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory, hukuk ylymlarynyň doktory Döwran Orazgylyjowyň umumy ýolbaşçylygynda taýýarlanyldy.
KROSSWORDYŇ GEÇIŞ TERTIBI BARADA…
Şu wagt krossword bäsleşik geçirýändigini barada maglumat berýäris. Onuň sowallaryny bolsa 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda sagat 15:00-da Siziň dykgatyňyza ýetireris. Sebäbi, häzir krosswordyň soraglaryny şol bir wagtda saýtymyza ýerleşdirsek, onda, diňe ilkinji bolup bu habary okanlar krosswordy çözer. Şol sebäpli krosswordyň soraglaryny haçan saýta ýerleşdirjekdigini şu wagtdan yglan edýäris. Siziň gelen jogaplary 2020-nji ýylyň 9-njy dekabrynda jemläris. Şol wagta çenli ähli sowallara dogry jogap berip, jogaplaryny ilkinji bolup, “word” formatda atawatanhabar@gmail.com salgysyna iberen okyjy birinji orny eýelär. Sizden elektron poçta arkaly gelen jogaplar atawatanhabar@gmail.com salgysyndaky wagta (sagat, minut, sekunt) görä deňeşdirilip, kesgitlener. Krosswordy ilkinji bolup dogry we doly çözen 20 gatnaşyjynyň ady we jogaplary hem www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtymyza ýerleşdiriler.
Krosswordy ilkinji bolup dogry çözen 2 okyjymyza “Makul Sözlük” tarapyndan “Light Wave” (Lw 540) markaly mikrofonly gulaklyk (nauşnik) sowgat berler.
Şeýle hem ýene-de 5 okyja höweslendiriji baýraklar (2021-nji ýylyň kalendary, ýandepderçe, bellik kagyzlar, bir gezek ulanylýan kagyzdan stakan, bokal, çygly süpürgiçler, matadan tikilen ýantorba ) garaşýar.
Çeşme: Türkmenistan Habar