“Makul Sözlük” özüniň täze hyzmatyny, krosswordly sözlügini hödürleýär. Türkmen we Iňlis dillerinde jemi 15000 gowrak baş sözi özünde jemleýän “Makul Sözlük” (sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň) ulanyjylarynyň dil baýlygynyň ösmegine goşant goşmak maksady bilen täze hyzmaty-krosswordly sözlügi taýýarlady. “Makul Sözlügiň” ulanyjylary her gün irden täzelenýän we jemi 20 sany Türkmen dilindäki sözlerden ybarat krosswordda şol sözleriň Iňlis dilindäkisini dogry we dürs ýazsa, krosswordy çözüp biler. Bu bolsa, her gün 20 sözüň gyzykly görnüşde öwrenilmegine täsir eder. Eger, krosswordy çözýän, şol soralýan sözlerden haýsy-da bolsa biriniň Iňlis dilindäkisini bilmese ýa-da ýadyna düşmese, onda, şol sözüň üstüne basmagy ýeterlik, “Makul Sözlük” Size tapyp getirer.
Bellemeli zat, häzirki wagtda “Makul Sözlük” applikasiýasy (ýüklemek üçin şu ýere basyň) hereket edýär we applikasiýamyzy ulanyjylara her gün 5 sany Iňlis dilindäki söz Türkmen dilindäki terjimesi bilen surat görnüşinde gelýär. Ulanyjy islese şol sözleri “IMO”, “Instagram”, “Facebook” we beýleki jemgyýetçilik torlarynda paýlaşyp biler we öz dostlarynyň hem şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanmagyna goşant goşar. “Makul Sözlük” ýokaryda beýan edilenlerden daşary sesli gözleg, sesli sözlük ýaly hyzmatlaryny özünde jemlemek bilen, döredijilik toparymyz tarapyndan “Makul suratly sözlük” we “Makul oýunly sözlük” ýaly goşmaça hyzmatlar taýýarlanylýar we iň gysga wagtda ulanyjylarymyza ýetireris.
“Akylly sözlük-Makul Sözlükden” peýdalanmak üçin gönüden göni www.makulsozluk.com saýtyndan peýdalanyp biljegi ýaly, islese “Google Plaý” dükanyndan “makul sözlük” ýazyp gözleg edip applikasiýamyzy telefonlaryna ýükläp bilerler.
Bellemeli zat, döredijilik toparymyz “Google Chrome Browserde” ulanylmaga mümkinçilik berýän we kompýuterlerde haýsy-da bolsa internetdäki bir eseri we habary okap oturan wagtymyz bilmeýän Iňlis we Türkmen dilindäki sözümiziň terjimesini örän aňsat usul bilen tapmana kömek edýän “Makul Sözlük” kompýuter goşundysyny hem hyzmata girizdi.
Siz bu goşundyny kompýuteriňize şu ýere basyp ýükläp almak bilen, bilmeýän sözüňiziň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) sag tarapyna (gulagyna) iki gezek bassaňyz, “Makul Sözlük” kompýuter goşundysy şol sözüň terjimesini size aýdar.
“Makul Sözlük” taslamasy “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan durmuşa geçirildi we Siz saýtymyzyň habarlaryny gyzgyny bilen okamak isleseňiz “Atavatan Türkmenistan” Applikasiýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyp ýükläp alyň!
Çeşme: Atavatan Türkmenistan