Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin esasy platformlaryň birine öwrülip barýan “Makul Sözlügiň” ýene bir aýratynlygyny Size ýetirmek isleýäris. “Makul Sözlük” çagalar üçin täze bölümi-“Oýunly Sözlügi” taýýarlady.
Ýadyňyzda bolsa ýaňy-ýakynda “Suratly sözlük” bölümini Size ýetiripdik. Şonda 375 sany Türkmen we Iňlis dilindäki söz-Suratly we sesli görnüşde, şeýle hem ýazmaça görnüşde saýta ýerleşdirilipdi.
Mähriban Çagalar! Siz indi saýlanan 375 sözi has gyzykly öwrenip bilersiňiz!
Çeşme: Atavatan Türkmenistan