Daň ýaňy saz berip, Gün naýza boýy galypdy. Bu günem ertir namazyndan soň, ertirlik saçagynyň başyndan turan Muhammet şa endigine görä, öz galasynyň gündogar tarapyndaky belent diňe ýöneldi. Diňiň bosagasyndan ätläbem, basgançaklardan ýokarlygyna galyp ugrady. Daş-töweregi çarbaglyga bürenip oturan şa köşgüniň howlusynda şanyň ýörite buýrugy bilen Hindistandan getirilen tawusyň özboluşly sesi eşidilýärdi. Basgançaklaryň sekizinji öwrümine ýetende, hökümdar bişen kerpiçlerden haşamlanyp bejerilen penjiräniň gözeneklerinden galanyň daşynda ýaýylyp ýatan meýdana, syrgyn-syrgyn bolup oturan obalara, galanyň etegindäki kerwensaraýlaryň öňünde çöken, kerwen bilen getirilen ýükleri gapdalynda düşürilen nerlere birlaý göz aýlady. Soňky döwürde endamyna ýaýran agyrylykdanmy ýa-da aladalarynyň köplügindenmi, garaz, Muhammet şa bu gezek penjiräniň öňünde köp eglenmän yzyna dönmek isledi. Şol wagt onuň nazary günorta tarapdan görünýän çal tozanda eglendi. «Bä, Alla janlarym, bu nämäniň alamatyka?! Şu wagt Garagum tarapdan aldyrany bar ýaly tozanlap gelýän kimkä? Bü Mömin begiň çapary bolaýmasyn! Öz-ä, kimem bolsa, gala golaýlaşyp gelýär» diýip, içini gepledip durşuna, basgançaklardan howlukmaçlyk bilen aşak düşüp başlady.
Ol köşge girip, uzyn däliziň ugry bilen tagty eýwanyna tarap ugur aldy. Gapynyň agzynda duran serbazlardyr şanyň janpenalary oňa baş egdiler. Onýança daşardan «Berekella, begim saňa! Berekella, är ýigidiň işini bitiripsiň! Atyňa guwan, adyňa guwan!» diýen sesler eşidildi. Yzýanyndan bolsa bedew atyň kişňemesi galanyň içini ýaňlandyryp goýberdi. Muny eşiden Muhammet şa sakga durdy. «Nämäniň aty, nämäniň bedewi? Kim şu wagt galanyň derwezesini açyp, at kişňedip, dowul turuzýarka?» diýip, gözleriniň agyny köpeldip, köşgüň girelgesine gaňrylyp seretdi. Ol ýerden bolsa kenizlerini yzyna tirkäp, şanyň enesi Türkan hatyn gelýärdi. Ene ýüregi syzgyr diýleni! Ol oglunyň soragly nazaryny gören badyna, onuň näme hakda iňkise gidenini derrew duýdy. Muhammet şa heniz agzyny açyp, gürrüňe başlamanka, Türkan hatyn nägilelik bilen söze başlady:
— Wah, seniň käşgä köşgüň diňe daşyndaky zatlardan däl, içindäki bolup geçýän wakalardanam habaryň bolsady?!
— Hä, näme habar?
— Sen ýurduň beýik şasysyň. Seniň ygtyýaryň bolmazdan şu köşgüň içinde çöp başy gymyldamaly däl welin, ählisine Aýçiçek günäkär. Aýtsam aýdyp, ýansam ýanyp oturmaly. Men olaryň haýsyny bijebaşy etjegimi bilýän däldirin şa ogul! Han-ha, ulama Nejmeddin Kubradan sapak alyp, onuň öwgüsine mynasyp bolup ýören dogmaň ýene bir hokga çykarypdyr. Düýn ýarygijeden soň, daýylarynyň beren taýyna baş öwretjek diýip, Garaguma sary göteripdir ökjäni. Men diýýän-ä «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýip. Özem senden birugsat gidipdir. Iň ýaman ýeri hem şol…
Muhammet şanyň enesiniň sözlerini mundan artyk diňlemäge sabry ýetmedi. Ol dergazap bolup, hyzmatkärlere:
— Baryň, oglany ejesi bilen derhal gaşyma alyp geliň! — diýip, höküm etdi-de, ýoluny dowam etdi.
Birsalymdan soň, ak ýüzli, giň maňlaýly, gara gözlerinde dogumy syçrap duran, alnyna kümüş düwmejikli maňlaýlyk daňan, uzyn gyrmyzy köýneginiň üstünden geýen, bili ýüpek ýaglyk bilen guşalan, ýaşyl mahmal donunyň öňüne dakylan kümüş çapraz-çaňňalarynyň düwmelerini şaňňyrdadyp, Aýçiçek on iki — on üç ýaşly oglanjygyň elinden tutup, tagty eýwanyň bosagasyndan içerik ätledi.
Häliden bäri enesiniň aýdan sözlerine ýeňse damary kiriş kimin çekilip, gaharyna zordan bäs gelip oturan hem bolsa, maşgalasynda nazary eglenen badyna şanyň süňňi gowşap gitdi. Bugdaýreňkden garagözelek oglanjygyň bolsa ýüregi atygsaýan bolara çemeli. Atasynyň tagtynyň ýanyna gele-gelmäne, oňa başyny aşak egip, edep bilen salam berdi-de, gollaryny gowşuryp, bir gapdala çekildi. Şonda Muhammet şa Aýçiçegiň özüne edepli-ekramly mirasdüşer perzendi ýetişdirendigine öz ýanyndan begenmänem durmady. Ýöne muny içinde saklamaga çalyşdy. «Ähim-ühüm» etdi-de, söze başlady:
— Jelal! (Şa ogluny köplenç şeýle atlandyrýardy) Eşidenlerim hakykatmydyr? Şu gün irden gum tarapdan at säpjedip, gala bakan gelýän senmidiň?
— Hawa, atam — diýip, ýetginjek sözüni soňlap-soňlamanka, Türkan hatyn oglanjygyň sözlerini böldi:
— Nämäň atasy? Edepsiz diýsänim! Saňa näçe gezek öwredildi, şalar şasyna nähili ýüzlenilmelidigi! Gönüläp ýüzlenmegi sähraýy daýylaryňdan ýa-da ejeňden öwrendiňmi? — diýip, elindäki ýelpewajyny şazada Jelaleddiniň gözlerine dürtäýjek boldy. Oglan derrew özüni ele aldy:
— Siziň Alyhezretiňiz, bir katra ganymy geçiň! Men Arkaçda ady belli seýis daýymyň maňa sowgat beren birýaşar taýyna baş öwretmek üçin sähra gitmeli boldum. Ol ýerde diňe at çapmagy däl, eýsem, at üstündäki söweş sungatynam öwretdiler maňa. Diýseň gyzykly boldy. Özüm ýaly ýetginjek oglanlar bilen ýaryşdymam. Men basym gelerin öýdüpdim. Ýöne, atyň üstündekäm wagtyň nädip geçeninem unudypdyryn…
— Gördüňizmi, eýýämden at üstündäki söweşi öwrenip ýör. Ýeri onsoň, şa ogly, sen atyň üstünde söweşmegi, gylyçlaşmagy öwrendiňem-dä, soňra nirede, kim bilen darkaş gurmagy hyýal edýärsiň?! Ýok, ýok, men diýýän-ä gowy zat öwrenmez bu — diýip, Türkan hatyn, Aýçiçege seredip, sözüni dowam etdi:
— Hemmesine sen günäkär! Ýumruk ýaly oglany ýaýylyp ýatan düňle çölüň içine goýberýäň. Özem şadan bidin. Heý, akla sygdyryp boljak zatmy? Ýok, patyşahy älem! Bu gün bular şunuň ýaly oýun görkezse, ertir kim bilýär, näme etjeklerini?! — diýip, Muhammet şanyň ýüzüne seretdi. Şa agraslyk bilen dymyp, diň salyp oturşyna Aýçiçegiň bir zatlar diýerine garaşdy. Muny aňan şa aýaly:
— Oglan höwesiniň ganatlaryny gyrasym gelmedi. Onsoňam geçen hepdäniň penşenbe güni onuň Alyhezretine Jelaleddiniň at çapmaga meýillidigini ýaňzydypdym. Eger ýadyna düşýän bolsa, şonda şahymyz razylygyny beripdi — diýip, Muhammet şa gönügen gözleriniň gabaklaryny aşak goýberdi.
Türkan hatynyň bu gezek Aýçiçek bilen agtygy Jelaleddiniň şa gazabyna duçar bolup, jezalaryny aljakdyklaryna birjigem şübhesi ýokdy. Emma duýdansyz ýerden Muhammet şanyň loh-loh gülmegi, onuň bu pirimleriniň paşmandygyny asmanda Aý dogan ýaly mälim etdi. Türkan hatynyň göwnüne bolmasa, şa oglunyň gülküsi külli Köneürgenjiň belent başly, altynsow gümmezli minaralaryna ýaň salan ýaly bolup duýuldy. Şonuň üçin oňa sessiz-üýnsüz bir çete çekilip durmakdan başga alaç galmady. Oglunyň gürrüňlerine keýpi göterilen şa bolsa:
— Oglum, Garagum sährasyndan gelýärkäň, turuzýan çal tozanyň atyň bilen özüňden uly görünýärdi. Eger maňa diňden synlap duran ýerimde kimdir biri «Şu tüweleýläp gelýän siziň ogluňyz şazada Jelaleddin» diýen bolsa ynanmazdym. Berekella, oglum!
At — myratdyr, bedew at goç ýigidiň ganatydyr! Eger bar küýsegiň at çapmak, at üstündäki söweş sungatyny öwrenmek bolsa, men muňa çynlakaý serederin. Gerek bolsa, ýüzbaşylara, müňbaşylara saňa halypalyk etmegi hem tabşyraryn — diýip, tagtyndan turup, oglunyň ýanyna bardy-da, ony atalyk mähri bilen bagryna basdy. Bu wagt Türkan hatynyň burnuna salyp aýdýan hüňürdileri ataly-ogluň gulaklaryna ilmeýärdi.
Atasyndan şeýle mähribanlyga garaşmadyk Jelaleddiniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol:
— Ata, bilýärmisiňiz men atymy nähili atlandyranymy?
— Ýok, hany aýt bakaly!
— Men onuň adyna Şeýtan goýdum. Çünki ol edil adam ýaly duýgur, gözleri garaňkyda-da ýol saýgaryp bilýär. Hatda gaharlananyňy, begeneniňi hem syzýar, gerek bolsa çapyp barýan ýerinden sapalak atyp, yzdan gelýän atlydan ep-esli arany hem açyp bilýär…
— Jelal, seniň bedewiň ýönekeý bir alaşa ýa-da iş aty däl. Ol, hakykatdan hem, türkmen taýpalarynyň gözleriniň görejine deňän mert bedewleriniň neslidir. Özem ýyldyrym ýaly ýyndam. Özüň aýdýarsyň ahyry, «Çapanda edil peýkam ýaly öňe okdurylýar» diýip. Şonuň üçin, belki, sen gamyşgulak bedewiň adyna «Peýkam» ýa-da «Ýyldyrym» goýarsyň?
— Bolýa, men bu atlaryň haýsy hem bolsa birini — bedewime mynasybyny saýlaryn — diýen hem bolsa, Jelaleddin indi bir ýyldan bäri bedewini ilkinji tutan ady bilen çagyrýandygyny, şol at bilen oňa höwrügendigini atasyna aýtmakdan çekindi.
Şol gün şa köşgünde Jelaleddiniň beren gürrüňleri uzaga çekdi. Henize çenli Muhammet şa hem döwlet işiniň aladalaryndan ýaňa ogly bilen ikiçäk galyp, şeýle uzak söhbet etmändi. Şu wakadan soň, Muhammet şa Jelaleddine Garagum sährasyndaky daýylaryna gitmäge-de, taýyna baş öwretmäge-de rugsat berdi.
Jelaleddiniň aty hem hut onuň özi ýaly gaýduwsyzdy, wepalydy. At çapyşyklarynda bolsun ýa-da aw-şikarda bolsun, tapawudy ýok, onuň aýaklarynyň ýüwrükligine göz ilmeýärdi. Bu-da oňa hem-de onuň watanperwer eýesi Jelaleddine şöhrat getiripdi.
Il arasynda bolsa, Jelaleddiniň «Hem daýymlara barýan hem-de taýyma baş öwredýän» diýen sözleri dilden-dile geçip, aýtga öwrülipdi.
Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».