14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby kabulhanasynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we milli goşunyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, hususan-da, onuň ygtyýaryna gelip gowşan täze ýörite tehnikalar bilen tanyşdy.

Irden döwlet Baştutany awtomobilde bu ýere geldi, ol ýerde milletiň Liderini ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa goranmak ministri Ý.Berdiýew raport berdi.

Soňra döwlet Baştutanyna harby gullukçylaryň gulluk etmegi we ýaşaýyş-durmuşy üçin ähli şertler döredilen harby şäherçäniň taslamasy görkezildi. Harbylaryň ygtyýarynda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, abadanlaşdyrylan ýatakhanalar, myhmanhana, lukmançylyk nokady, türgenleşik zallary bolar. Şäherçäniň çäginde döredilen harby tehnikalaryň muzeýi hem onuň buýsanjy bolup durýar.

Taslama bilen tanyşdyrylyş tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň üýtgewsiz şerti bolup durýan howpsuzlygy, kanunçylygy we hukuk düzgün-tertibini mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň gün tertibine geçip, döwlet Baştutany onda diňe bir şu ýylyň birinji ýarymynda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan amala aşyrylan işleriň jemlerini jemlemek däl, eýsem olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça meseleleriň birnäçesine garalar diýip belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň elmydama nygtaýşy ýaly, dünýä bileleşigi tarapyndan hemişelik bitaraplyk derejesi berlen Türkmenistan şu ýyllaryň ählisinde parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýär hem-de sebitde ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny saklamagyň özboluşly kepili bolup çykyş edýär. Hut parahatçylyk söýüjilik we özara gyzyklanma bildirilýän halkara hyzmatdaşlygy diňe goranmak häsiýetine eýe bolan türkmen döwletiniň Harby doktrinasynyň binýadynda durýar, bu bolsa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleri şertlendirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şu doktrina laýyklykda ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň we hukuk goraýjy işgärleriniň mukaddes borjy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde ajaýyp üstünliklere eýe bolýan zähmetsöýer halkymyzyň parahat, asuda we abadan durmuşyny goramakdan ybaratdyr. Döwlet öz gezeginde Ýaragly Güýçleri ähli zerur serişdeler we enjamlar bilen üpjün edýär.

Ýurdumyzyň harby hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary we işgärleri hakynda yzygiderli alada etmek bilen biz täze harby şäherçeleri, serhet galalaryny, ýörite maksatly desgalary we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys. Goşunymyzyň maddy-tehniki üpjünçiliginiň hemişe döwrebap bolmagy üçin ähli zerur çäreleri amala aşyrýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Harby işgärleriň taýýarlyk derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy biziň harby gullukçylarymyz öz mukaddes borjuna, Watanymyza çäksiz wepaly bolup, Döwlet serhedimiziň eldegrilmesizligini üpjün edýärler, halkymyzyň gahrymançylyk babatdaky däp-dessurlaryny mynasyp dowam edip, başarjaňlygyň, gaýduwsyzlygyň we mertligiň nusgalaryny görkezýärler diýip belledi. Olar harby tertipnamalarynyň talaplaryna laýyklykda özleriniň gündelik wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirýärler we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň taýýarlygynyň hemişe ýokary derejede bolmagyny gazanýarlar.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hasabatlaryny diňledi, olar şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işler we döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler.

Ilki bilen goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi, ol türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan harby reformanyň ilerledilişiniň barşy hakynda hasabat berdi, onuň çäklerinde bolsa ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamak, harby gullukçylaryň gulluk etmegi we ýaşamagy, olaryň oňat dynç almagy üçin degerli şertleri döretmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Hasabaty kanagatlanmak bilen diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möhüm resminamalaryň birnäçesine, hususan-da, «Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylarynyň eginbaşlar bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak hakyndaky» Karara we Türkmenbaşy lukmançylyk orta okuw mekdebiniň binalaryny Goranmak minstrliginiň hasabyna we Balkanabat şäheriniň ikinji hünärment mekdebiniň binalaryny Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna tölegsiz bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Goranmak ministrine ýüzlenip, türkmen Lideri harby gullukçylaryň hemişe ýokary hilli eginbaşlar bilen talaba laýyk üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Harby-deňiz institutynyň kadaly işläp başlamagy üçin ähli zerur çäreler hem ýokary derejede guramaçylykly geçirilmelidir.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamowa söz berildi, ol özüne ynanylan işleriň ýagdaýy we Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki ýagdaý hakynda hasabat berdi.

Serhet gullugy tarapyndan amala aşyrylýan we Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramaga gönükdirilen işleriň gürrüňsiz, möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň türkmen böleginde deňiz serhetlerini mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň gämi gurýan we abatlaýan kärhanasyny gurmak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanow türkmen jemgyýetiniň parahat, döredijilikli durmuşynyň, ýurdumyzyň mundan beýläkki abadançylygynyň we rowaçlygynyň möhüm şerti hökmünde onuň binýatlaryny berkitmek maksady bilen, amala aşyrylýan anyk işler barada hasabat berdi.

Hasabaty diňläp döwlet Baştutany ýurdumyzyň howa, demir ýol hem-de deňiz menzillerinde howpsuzlyk çäreleriniň yzygiderli geçirilmelidigine ünsi çekip, bu ugurdan alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini ýerine ýetiriji A.Hallyýewiň hasabatynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygy berjaý etmek boýunça gözegçilik işleri bilen baglanyşykly meseleler beýan edildi.

Jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, jenaýatçylyklaryň we hukuk düzgün bozulmalarynyň derejesini peseltmek boýunça geçirilýän çäreler hakynda içeri işler ministri I.Mulikow hasabat berdi.

Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny täze döwrüň we umumy kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Ý.Ýazmyradow hasabat berdi.

Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew ministrligiň edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda, şol sanda türkmen Lideri tarapyndan başy-başlanan hukuk reformasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Berdiýew özüniň ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işi, hususan-da, ýurdumyzyň serhetlerinden geçýän, möçberleri yzygiderli artýan ýükleri gözden geçirmegi üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gulluk borçlaryna talaba laýyk çemeleşmeýän M.Berdiýewiň adyna nägilelik bildirip, işde ýüze çykarylan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy S.Ballyýew, öz nobatynda, özüniň ýolbaşçylyk edýän gullugy tarapyndan 2010-njy ýylyň 6 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew bu howply nogsanlyga-neşekeşlige garşy aýgytly göreşmäge gönükdirilen anyk ädimler, hususan-da, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça türkmen Lideriniň başyny başlan ýöriteleşdirilen çäreleriň «Göknar-2010» maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň möhüm ugurlaryny kesgitlän mejlisiň jemini jemläp, şahsy düzümiň arasynda terbiýeçilik işini güýçlendirmek, işgärleriň hünär derejesini, şeýle hem olaryň özlerine ynanylan ulgamlarda işleriň ýagdaýyna jogapkärçiligini ýokarlandyrmak ýaly meselelere mejlise gatnaşýan ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda, eşretli, abadan durmuşda, bagtyýar ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikler arzuw edip, Döwlet Hopsuzlyk geňeşiniň agzalaryny harby gullukçylarymyzyň milli goşunymyz üçin alnan häzirki zaman, döwrebap täze tehnikalara erk edişine syn etmäge çagyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýörite meýdançada häzir Ýaragly Güýçlerimiziň üpjünçiliginde duran häzirki zaman tehnikasynyň iň täze nusgalary görkezildi. Milletiň Lideri uçarmansyz uçýan enjamyň asmana galyşyny aýratyn gyzyklanma bilen syn etdi.

Soňra Döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnatmak üçin niýetlenen «AN-74» kysymly uçary gözden geçirdi. Çalt asmana galmak, çylşyrymly howa şertlerinde hem uçuşlary amala aşyrmak ukyby, mundan başga-da, çägeli ýerde we suwuň üstünde gonmak mümkinçiligi şu kysymly uçaryň esasy artykmaçlygydyr.

Türkmenistanyň Prezidentine şeýle hem ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin alnan dikuçarlar görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň üpjünçiliginde duran dikuçary synlap, onuň häsiýetnamalary we aýratynlyklary bilen gyzyklandy hem-de bu çylşyrymly tehnikanyň mähriban Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny goramak işinde ygtybarly gulluk etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň dikuçaryna tarap ugrady. Milletiň Lideri dikuçaryň kabinasyna girip we dolandyryş enjamlary bilen tanşyp, ony üns bilen gözden geçirdi. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnanan harby gullukçylara işlerinde üstünlikler arzuw edip, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň dikuçarynyň ýanyna bardy we onuň tehniki häsiýetnamalary hem-de aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň dikuçaryny synlady. Ýolagçylary we dürli ýükleri gatnatmaga ukyply bu dikuçaryň aýratynlyklary barada habar beren ofiser harby edaralaryň işgärleriniň ählisiniň adyndan harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak barada ýadawsyz alada edýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutany bu ýerde görkezilen dikuçarlary gözen geçirenden soň «An-74» uçarynyň asmana galyşyny, onuň uçuş hereketlerini synlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türgenleşik merkeziniň binasyna tarap ugrady. Şol ýerde hakyky ýagdaýa has golaýlaşdyrylan şertlerde teoriýada alnan bilimleri iş ýüzünde özleşdirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman trenażýorlary goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Su-25» uçarynyň şturwalynyň başyna geçdi we tizligi sagatda 700-800 kilometre ýetirip, 1500 metr belentlige galdy we soňra 900 metre çenli aşak düşüp, olaryň mümkinçiliklerini barlap gördi. Türkmen Lideri sesden çalt uçýan «Mig-29» uçarynyň trenażýorynda 3000 metr belentlikde tizligi sagatda 1800 kilometre ýetirdi. Binadan çykandan soň, döwlet Baştutanymyzy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şowhunly el çarpyşmalar arkaly şowly uçuşy bilen gutladylar.

Özboluşly türgenleşik uçuşlary tamamlanandan soň, milletiň Liderine özümizde öndürilýän çig maldan, hususan-da, pagtadan taýýarlanan matalardan tikilen meýdan lybaslarynyň nusgalary görkezildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, görkezilen lybaslary makullap, harbylary gyşky we tomusky lybaslar bilen doly hem-de öz wagtynda üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnuklylygyň yzygiderli üpjün edilmeginde harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýratyn hyzmatyny belledi we bu düzümleriň maddy-tehniki binýadynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda döwletiň alada etjekdigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby okuw merkezine baryp gördi.

Bu ýere gelende döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri Ç.Amanow raport berdi.

Döwlet Baştutanymyz raporty kabul edip, harby okuw mekdebiniň çägine bardy we onuň enjamlaşdyrylyşy hem-de okuwlar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şol okuwlaryň barşynda harby gullukçylar özleriniň hünär taýýarlygyny we häzirki zaman tehnikalaryna hem-de enjamlaryna erk etmegiň ussatlygyny kämilleşdirýärler.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow okuw merkeziniň gözegçilik nokadyna tarap ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň dykgatyna täze häzirki zaman harby tehnikasynyň nusgalary, şol sanda dikuçarlar, ýörite maşynlar, motosikller hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyza şol tehnikanyň mümkinçilikleri, şol sanda jenaýatçylykly toparyň zyýansyzlandyrylyşy şol tehnikanyň hereket etmeginiň mysalynda görkezildi. Mundan başga-da, bu tehnika jenaýatçylary serhetde we beýleki dürli ýagdaýlarda ele salmakda ulanylýar.

Ýurdumyzyň asudalygyny, abadançylygyny üpjün etmek ýaly mukaddes borja gulluk edýän harbylar okuw-türgenleşik meýdanynda ele alan harby tälimlerini iş ýüzünde görkezdiler. Harby okuw-türgenleşigine gatnaşan esgerler häzirki zaman tehnikalaryna we ýaraglaryna ussatlyk bilen erk etmegi başarýarlar. Olar harby-türgenleşik görkezme okuwynyň barşynda jenaýatçylary ele salmak, olary ýaragsyzlandyrmak, raýatlaryň parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça operasiýalary ýokary derejede ýerine ýetirdiler.

Döwlet Baştutany harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryna ýokary baha berip, olaryň gulluk we durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlandyryljakdygyna, harby düzümleriň iň häzirki zaman tehnikalary bilen yzygiderli üpjün ediljekdigine ünsi çekdi.

Milletiň Lideri Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz ýörite harby maşynlaryň birini dürli tizliklerde synap gördi we onda oturdylan ot açýan ýaragdan nyşana ok atdy.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şondan soň, gulluk atlarynyň saklanyş şertlerine üns berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gadymdan bäri at türkmenleriň wepaly dosty hem-de ýoldaşy bolupdy we häzir bu asylly däpler mynasyp dowam etdirilýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti beýleki harby bölümlerde we serhet galalarynda hem şeýle athanalaryň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Iň täze ýöriteleşdirilen tehnikalaryň bardygyna garamazdan, atlar, öňküsi ýaly, türkmen esgerleriniň, şol sanda serhetçileriň, aýratyn hem, çylşyrymly tebigy relefli ýerlerde iň ýakyn kömekçileri bolup durýar.

Harby okuw merkeziniň öz aýlawy hem bar. Döwlet Baştutanymyz şol ýere baryp gördi. Şol ýerde esgerler hem döwlet Baştutanymyza öz başarjaňlygyny görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz gulluk atlarynyň iş ýüzünde ulanylyşy bilen tanyşdyryldy. Çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentine Esger diýen ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Mälim bolşy ýaly, şöhratly ahalteke bedewiniň muşdagy bolan milletiň Lideri bedewiň häsiýetli aýratynlyklary, onuň eýer-esbabynyň taýýarlanyşy bilen tanyşdy. Soňra döwlet Baştutany bedewe atlanyp, at üstünde öz ussatlygyny görkezdi. Ahalteke bedewi ata ynamly erk edýän milletiň Liderine bedew buýsanjy hökmünde çarpaýa galdy.

Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerden serhet galasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow raport berdi. Raporty kabul edip, milletiň Lideri häzir ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň üpjünçiliginde duran iň täze ýaraglar bilen tanyşdy. Dürli maksatly ammar jaýlaryny gözden geçirdi.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan diňe goranyş, parahatçylyk söýüjilik häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyny durmuşa geçirip, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň asuda, parahatçylykly durmuşyny üpjün etmegi özüniň esasy wezipesi edip goýdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet mundan beýläk hem ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda ygtybarly duran serhet goşunlarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berer diýip nygtady.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzda öndürilýän pagtadan taýýarlanan matalardan tikilen täze harby lybaslaryň nusgalary görkezildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň şeýle lybaslar bilen doly üpjün edilmegini tabşyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň egnindäki harby lybas türkmen pagta süýüminiň esasynda taýýarlanan matadan tikilipdir.

Soňra milletiň Lideri ýarag ussahanasyna baryp gördi, şeýle hem gulluk itleriniň saklanýan ýerini gözden geçirdi we olaryň taýýarlanylyşynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Olaryň arasynda itlere tälim berijileriň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň serhet gulluklary üçin ýörite itleriň toparlaýyn ýaryşlarynyň ýeňijileriniň bolmagy bellärliklidir. Öňküsi ýaly, serhetde ýörite taýýarlanylan itlersiz oňup bolmaýar, olary hiç hili tehniki serişdeler we enjamlar bilen çalşyp bolmaýar. Şu ýerde itleri ýetişdirmegiň milli däp-dessurlary iş ýüzünde ulanylyp bilner. Türkmenistanda şol däpler öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Häzir bu baý tejribe gulluk itleri, hususan-da, türkmen serhetçileriniň ýakyn kömekçileri bilen işleýän häzirki itlere tälim berijiler üçin zerurdyr.

Şeýlelikde, serhet galasy we onuň enjamlaşdyrylyşy we onuň üpjünçiligi bilen tanyşlyk biziň Watanymyzyň Döwlet serhediniň islendik howpdan ygtybarly goralýandygyny, guramaçylykly jenaýatçylar toparlarynyň hem, neşe söwdasyny edýänleriň hem ondan geçip bilmeýändigini görkezdi. Çünki, örän gysga wagtyň içinde biziň gaýduwsyz serhetçilerimiz iň häzirki zaman enjamlaryny we tehnikalaryny, şol sanda dikuçarlary, uçarmansyz uçýan enjamlary, iň täze ýörite ulgamlary we döwrebaplaşdyrylan tehniki enjamlary aldylar. Munuň özi biziň garaşsyz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylyk derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Döwlet Baştutanymyz serhet galasyndan çykyp, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goraýjylara gullukda üstünlikler arzuw edip, olaryň özleriniň harby we watançylyk borjuny birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Milletiň Lideri harby okuw merkezine gaýdyp gelip, şol ýerdäki naharhana bardy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aşhanada işleýän aşpezler we harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolup, olar bilen bilelikde naharlandy. Nahar başyndaky söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz esgerleriň gullugy bilen gyzyklanyp, her bir türkmen esgeriniň borjy Watanymyza wepaly gulluk etmekden, mukaddes garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, türkmen halkynyň parahatçylykly durmuşynyň we döredijilikli zähmetiniň goragynda hüşgär durmakdan ybaratdyr diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýaş esgerlere ýüzlenip, milli däp-dessurlara, öz ata-enelerine çuňňur hormat-sarpa goýmak, üstünlikler gazanmakda yhlaslylyk görkezmek, tutanýerli zähmet, ýokary watançylyk we öz Watanyňy hem-de halkyňy söýmek ýaşlaryň mukaddes borjudyr diýip, aýratyn nygtady. Bularyň ählisini bize edermen ata-babalarymyz miras goýupdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşan mahaly ýörite tehnikalary hem-de harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny görkezmegiň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Watan goragçylaryna jogapkärli we asylly işinde üstünlikler arzuw edip, harby-okuw merkezine ýangyn söndüriji ulagy sowgat berdi. Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýän Ýaragly Güýçlerimiziň we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, olar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak barada döwletiň mundan beýläk-de alada etjekdigini nygtady.

 referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Serhet Galasynyň Täze Binalar Toplumynyň Açylyş Dabarasy Boldy

syrach

Microsoft Kompaniýasy – Ýokary Tehnologiýalar Bazaryny Ösdürmekde Türkmenistanyň Hyzmatdaşy

26 Haziran 2020 Tarihinde Türkmenabat’tan İstanbul’a Düzenlenecek Özel Uçak Seferine Ilişkin Duyuru